Günorta polýusy emele getirýän, dünýäniň iň sowuk ýeri hasaplanýan Antarktida buz bilen örtülen gury ýerdir. 181 ýyl ozal açylan sebit häzirki wagtda ylmy taýdan öwrenilýär. Hemişelik ýaşaýjylary ýok hem bolsa, bu ýerde ýylyň islendik paslynda 100 töweregi alym, olaryň maşgalalary we jahankeşdeler ýaşaýar. Jahankeşdeleriň köpüsi Günorta Amerika tarap uzalyp gidýän Antarktika ýarym adasyna baryp görýärler. Ýeri gelende bellesek, bu ýer «Lemaire» we «Paradise Harbour» kanaly, ajaýyp aýsbergli geçelgeleri we iňlis gözleg merkeziniň öňki muzeýi Port Lokroý bilen tanalýar. Ýarym adanyň izolirlenen ýerinde köp sanly pingwinler ýaşaýar. Ýeriň (has dogrusy buzuň) ýüzünde ösümlik dünýäsi ýok hem bolsa, kontinentiň kenarlary, deňziň düýbi suwasty tebigata örän baýdyr. Antarktidanyň iň täsin taraplarynyň biri hem galyňlygy ýüzlerçe metre barabar bolan buz gatlagynyň aşagyndaky köllerdir. Bu ýerde ýüzlerçe köl bolup, olaryň iň ulusy Wostok hasaplanýar. Buz gatlagynyň 3 müň 488 metr aşagynda ýerleşýän kölüň uzynlygy 250 kilometre, ini 50 metre we çuňlugy 800 metre ýetýär. Eýsem, buz örtüginiň astyndaky köller nädip doňman saklanýarlar?