Afrikaly türgenden dünýä rekordy

63
Gold medallist South Africa's Tatjana Schoenmaker reacts as she stands on podium before receiving her medal after the final of the women's 200m breaststroke swimming event during the Tokyo 2020 Olympic Games at the Tokyo Aquatics Centre in Tokyo on July 30, 2021. (Photo by Oli SCARFF / AFP) (Photo by OLI SCARFF/AFP via Getty Images)

Tokio 2020-de ýüzmek ýaryşlarynda şu gün ýene-de 4 medal gowşuryldy. Zenanlaryň arasynda 200 metr aralygy bras usuly ýüzmekde Günorta Afrikanyň ýüzüjisi Tatýana Şoenmaker ýeňiş bilen tamamlady. Onuň görkezen netijesi 2 minut 18,95 sekunda deň boldy. Bu görkeziji dünýä rekordy hökmünde hasaba alyndy. Ol bu ugurda amerikaly ýyldyz ýüzüji Lili Kingden hem-de Enni Lazordan öňe saýlandy. Tatýana Şoenmaker 100 metr bras ýaryşynda kümüş medaly eýeläpdi.