1-nji awgustda döwlet Baştutanymyz Ýaragly Güýçleriň ygtyýaryna täze gelip gowşan harby uçarlar, olaryň häsiýetli aýratynlyklary bilen tanyşdy we uçarlaryň birini synagdan geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ygtyýaryna täze gelip gowşan harby uçarlaryň

aýratynlyklary bilen tanyşdy we harby uçarlaryň we beýleki söweş tehnikalarynyň tehniki aýratynlyklary barada maglumat berýän çyzgylary, şekil taslamalaryny we degişli suratlary synlady.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby uçarmanyň ýörite lybasyny geýip, täze harby uçary synagdan geçirmek üçin onuň şturwalynyň başyna geçdi. Döwlet Baştutanymyz harby uçary herekete girizmezden ozal, kada boýunça degişli hereketleri berjaý etdi. Biraz wagtdan harby uçaryň reaktiw hereketlendirijileriniň sesi giňişligi gurşap aldy. Şondan köp wagt geçmänkä, harby uçar asmana göterildi. Sanlyja salymda döwlet Baştutanymyzyň erk edýän harby uçary zerur belentlige çykyp, asman giňişliginde birnäçe öwrüm etdi.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän we goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina ýurdumyzda parahat, asuda durmuşyň ygtybarly kepili bolup durýar. Ata Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň ýerüsti, deňiz we asman giňişligi boýunça ygtybarly goragyny üpjün edýän kämil tehnikalar, harby edaralaryň şahsy düzüminiň birkemsiz gulluk etmegi üçin döredilýän şertler halkymyzyň döredijilikli zähmet çekmeginiň, abadan durmuşynyň berkarar bolmagyna gönükdirilýär.

Ýaragly Güýçleriň ygtyýaryna gelip gowşan täze harby uçar asman giňişliginde uçuş ugruny dessin üýtgetmäge, görkezme-aňtaw uçuşlaryny amala aşyrmaga ukyplydyr. Harby-howa güýçleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek, Watanymyzyň howa giňişliginiň ygtybarly goragyny üpjün etmek, aňtaw işlerini geçirmek, gury ýer goşunlarynyň hereketlerini goldamak üçin täze harby uçarda zerur mümkinçilikleriň jemlenendigini bellemek gerek.

Hormatly Prezidentimiziň erk edýän harby uçary asmanda erkin peselmek, degişli belentlige çalt galmak ýaly tilsimleri ýerine ýetirýär. Turboreaktiw hereketlendirijiler bilen enjamlaşdyrylan bu uçar harby uçarmanlary taýýarlamak üçin hem ähmiýetlidir. Uçaryň uçuş uzaklygy 2 müň kilometre barabar bolup, onuň iň ýokary uçuş belentligi 13 müň 700 metre deňdir.

Döwlet Baştutanymyz kesgitlenen ugur boýunça ýerine ýetirilýän uçuşyň dowamynda birnäçe öwrümleri amala aşyrdy.

Täze harby uçarda synag uçuşyny amala aşyran milli Liderimiz söweşjeň tehnikany ussatlyk bilen gondurdy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy häzirki zaman talaplaryna kybap gelýän täze uçaryň tehniki taýdan ýokary görkezijilere eýedigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu harby uçar islendik howa şertlerinde, dürli belentlikde, islendik ýerde — daglyk, düzlük ýerlerde ýa-da deňziň üstünde erkin uçmaga ukyplydyr.

Hormatly Prezidentimiz goşunyň ähli kysymlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, täze döwrebap harby tehnikalarynyň satyn alynmagy üçin döwlet tarapyndan yzygiderli alada ediljekdigini aýdyp, bar bolan tehnikalary netijeli ulanmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanyljakdygyny nygtady.