Barbi gurjaklaryny öndürýän “Mattel” kompaniýasy mahal-mahal jemgyýetiň dürli gatlaklaryndaky, şol sanda dürli kärdäki zenanlaryň gurjagyny ýasaýar. Kompaniýa bu gezek “Oxford/AstraZenaca” waksinasyny işläp taýýarlan professor Sarah Gilbertiň gurjagyny ýasady. Sarah Gilbert bu habary eşidende, ilki haýran galandygyny, soňra gyz çagalarda höwes döretjekdigi üçin begenendigini belleýär. Professor Angliýanyň Oksford uniwersitetinden zähmet çekýär. Ol iki ýyldan bäri koronawirusa garşy sanjym taýýarlamak üçin has köp işlemeli boldy. Alym zenan geljekki nesilleriň STEM (ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika) karýerasyna ylham bermegi arzuw edýändigini aýdyp – “Meniň barbimi gören çagalaryň bilimdäki karýeralarynyň daş-töweregimizdäki dünýä kömek etmek üçin näderejede ähmiýetlidigine düşünjekdiklerine ynanýaryn” – diýdi.

“Mattel” bulardan başga-da ýene-de bäş zenanyň gurjagyny ýasady. Olaryň arasynda amerikaly saglygy goraýyş işgäri Emi O’Sulliwan we doktor Odri Kruz, kanadaly lukman, doktor Çika Steýsi Oriwa, braziliýaly biomedik, doktor Jaklin Goes de Jesus we saglyk işgärleri üçin egin-eşikleri taýýarlan awstraliýaly lukman, doktor Kirbi Waýt bar.

Oýunjak öndüriji kompaniýa ýyllaryň dowamynda Jonni Depp, Jennifer Lopez we Çer ýaly ýyldyzlaryň hem gurjagyny öndürdi. Geçen aý tennis ýyldyzy Naomi Osaka meňzedilip ýasalan gurjak satuwa çykarylandan birnäçe sagadyň dowamynda satylyp gutarylypdy.