6-njy awgustda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara çäreler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy giňden bellenilýän şu ýylyň aýratyn ähmiýetli taryhy wakalaryna öwrüler. Bu çäreler diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde Türkmenistanyň parahatçylygy pugtalandyrmakdaky, halklaryň arasyndaky ynanyşmak ýörelgesini dabaralandyrmakdaky alyp barýan umumadamzat bähbitli işlerini nobatdaky gezek açyp görkezer.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy şu günki günde dünýä ülňülerine gabat gelýän, ajaýyp, ähli amatlyklary bolan myhmanhanalar, dynç alyş-sagaldyş merkezleri we kottejler toplumy bilen halka hyzmat edýär.
Ýyl-ýyldan bu halkara derejeli döwrebap deňiz şypahanasynyň infrastrukturasyny täze-täze desgalar doldurýar. Ýokary derejeli myhmanhanalar, çagalar sagaldyş merkezleri, kottej şäherçeleri, sagaldyş we dynç alyş merkezleri myhmanlaryň hyzmatynda. Dynç alyş industriýasynyň üsti akwaparklar, ýaht we sport klublar, restoranlar, kempingler, dürli görnüşdäki attraksionlar we söwda merkezleri bilen ýetirilýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň durmuşa geçirilýändiginiň ýene-de bir nyşanyna öwrüldi.
Bu ýer ýokary derejeli duşuşyklaryň, halkara forumlaryň we döredijilik festiwallarynyň geçirilýän iri işewür, medeni we sport merkezidir.
«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda, milli Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň uludan tutulýan ýylynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda sebit ähmiýetli çäreleriň birbada altysy geçiriler.
Olar Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyndan, sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyndan, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumyndan, milli önümleriniň halkara sergisinden, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň festiwalyndan hem-de sebitiň ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konsertinden ybaratdyr.
Häzirki wagtda Merkezi Aziýada ykdysady we durmuş taýdan depginli ösüşi gazanmak, sebitiň döwletleri we goňşy ýurtlar bilen köptaraply ysnyşykly gatnaşyklary ösdürmek «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» esasy wezipeleriniň biridir. Degişli ugurda sebitiň döwletleri bilen hyzmatdaşlykda özara düşünişmek we ynanyşmak düşünjelerine uly orun berilýär. Şeýle hyzmatdaşlyk Merkezi Aziýada parahatçylygy hem-de howpsuzlygy gorap saklamagyň we pugtalandyrmagyň esasy şerti bolup durýar. Bu, bir tarapdan, ýurdumyzyň we sebitiň döwletleriniň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyna, maýa goýumlaryň giňden çekilmegine, beýleki tarapdan bolsa, sebitde abadançylygyň berkarar edilmegine mümkinçilik berýär.
Ýurdumyz Merkezi Aziýa sebitini ösdürmeklige köptaraplaýyn garaýyşlar arkaly çemeleşýär. Sebiti ykdysady taýdan ösdürmek, iri ulag-üstaşyr we energetika üpjünçiligi nukdaýnazardan energiýa elýeterliligi gazanylan merkeze öwürmek, parahat hem-de howpsuz çäk hökmünde ykrar etdirmek onuň özenini düzýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň sebit babatda öňe sürýän halkara başlangyçlary hakykat ýüzünde subut edýär.
Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy döwletara gepleşikleriň netijeli formatlarynyň biri bolup, olaryň ilkinjisi 2018-nji ýylyň martynda Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultan şäherinde geçirildi. Sebit ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň degişli formatdaky ikinji sammiti 2019-njy ýylyň 29-njy noýabrynda Daşkentde geçirildi, onuň netijeleri boýunça Bilelikdäki beýannama kabul edildi, şeýle-de konsultatiw duşuşyklaryny guramak we geçirmek boýunça işleriň Reglamenti kabul edildi.
Merkezi Aziýa – Aziýanyň merkezi sebiti. Ol günbatarda Hazar deňzinden gündogarda günbatar Hytaýyň serhetlerine çenli uzaýar. Ol demirgazykda Russiýa bilen we günortada Eýran, Owganystan we Hytaý bilen serhetleşýär. Sebit demirgazykdan günorta 4,2 müň km-e, günbatardan gündogara çenli bolsa 5,6 müň km-e ýaýylyp gidýär.
Merkezi Aziýa taryhy taýdan Ýüpek ýoly bilen baglanyşdyrylýardy. Ol Ýewropanyň, Günbatar Aziýanyň, Günorta Aziýanyň we Gündogar Aziýanyň arasynda adamlary, harytlary we pikirleri ýöredýän çatryk hökmünde gulluk edip geldi. Ýüpek ýoly Ýewropaly, Günorta Aziýaly we Gündogar Aziýaly adamlary birleşdirdi. Merkezi Aziýanyň (2019) 72 million töweregi ilaty bar.