Milliarderleriň hataryna goşuldy

74

“Forbes” žurnaly meşhur aýdymçy Riannanyň milliarderleriň hataryna goşulandygyny mälim etdi. Neşir aýdymçynyň 1,7 milliard dollar baýlygynyň bardygyny mälim etdi. Hakyky ady Robin Rianna Fenti bolan Rianna 2017-nji ýylda “Fenty Beauty” atly kosmetika brendini çykarypdy. Şeýlelikde aýdym-saz dünýäsinden soňra söwda pudagyna hem gadam basypdy. 33 ýaşly ýyldyz diňe kosmetika däl, eýsem “Savage x Fenty” atly eşik brendini hem döretdi. Sosýal medýanyň hem ýyldyzy bolan aýdymçynyň “Instagram”-da 101 million, “Twitter”-de 102,5 million yzarlaýjysy bar. Ol mahal-mahal özüne degişli brendleriň reklamasynda çykyş edýär. Rianna aýdymçylygy bilen meşhurlyk gazanan hem bolsa, soňky wagtlarda işewürlik dünýäsine mäkäm aralaşdy. Meşhur ýyldyz iň soňky albomyny 2016-njy ýylda çykardy.