ABŞ-nyň «Square» atly kompaniýasy Awstraliýanyň «Afterpay» töleg ulgamyny dolulygyna satyn aldy. 29 milliard dollarlyk ylalaşyk Awstraliýada amala aşyrylan iň uly satuw boldy. «Square» kompaniýasyna «Twitter»-iň esaslandyryjysy Jek Dorsi ýolbaşçylyk edýär. Bu barada Dorsi habar berdi. «Afterpay» beýleki töleg ulgamlaryndan tapawutlylykda «Häzir al, soň töle!» hyzmatyny hödürleýär. 2015-nji ýylda esaslandyrylan bu ulgamdan 100 müň söwda nokady peýdalanýar. Platformanyň 16 million ulanyjysy bar. Jek Dorsi maliýe ulgamyny has adyl, elýeterli we ýaýbaň ýagdaýa getirmek üçin işleýändiklerini aýtdy. Dorsi «Afterpay» brendiniň bu ýörelgä eýerýändigini belledi.