Ga­wun kä­di­ler maş­ga­la­sy­na de­giş­li bir­ýyl­lyk bak­ja eki­ni ha­sap­lan­ýar. Onuň he­niz do­ly biş­me­dik mi­we­si­ne ter­ne di­ýil­ýär. Ga­wun ke­si­lip, çi­gi­di aý­ry­lan­da, eti­niň ýü­zün­de sa­rym­tyl reňk­li süý­jü­je ýe­ri bol­ýar. Oňa gy­law di­ýil­ýär. Bu ekin ys­sy ho­wa­ny ha­la­ýar. Ga­wun sag­ly­ga diý­seň peý­da­ly­dyr. Halk ara­syn­da Luk­man He­kim ady bi­len bel­li bo­lan Ibn Si­na ga­wu­nyň dür­li ke­sel­le­re der­man­dy­gy­ny aý­dyp, ola­ry öz te­bip­çi­lik işin­de giň­den ula­nyp­dyr. Se­bä­bi ga­wun­yň dü­zü­min­de A, B we C wi­ta­min­le­ri, mar­ga­nes, de­mir, fos­for, ka­liý, gant, ka­ro­tin we baş­ga-da bir­nä­çe adam or­ga­niz­mi üçin gym­mat­ly mi­ne­ral­lar köp. Ga­wu­nyň pe­şew hal­ta, öt hal­ta, bag­ra, az-az­dan iýil­se aş­ga­za­na, içe­ge­le­re ne­pi deg­ýär. Ol nerw ra­hat­ly­gy­ny dö­re­dip, keý­pi­ňi çag ed­ýär. To­mus pas­ly­nyň iň ha­lan­ýan iý­mit­le­ri­niň bi­ri bo­lan ga­wun ba­ra­da bir­nä­çe gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry si­ze ýe­tir­ýä­ris:

Ga­wu­nyň biş­ýän wag­ty we gör­nüş­le­ri bi­ri-bi­rin­den ta­pa­wut­lan­ýar. Kyrk­gün­lük, zam­ça ýa­ly ir­bi­şer ga­wun­lar maý aýy­nyň ahyr­la­ryn­da ýe­tiş­ýär. Soň­ra wa­har­man, gy­zyl in­jir, ak­ma­ral, gür­bek ýa­ly ara­lyk ga­wun­lar ýe­tiş­ýär. Gar­ry­gyz, gü­la­by ýa­ly giç ýe­tiş­ýän, uzak wag­ta du­rum­ly ga­wun­lar bol­sa tä ba­har aý­la­ry­na çen­li za­ýa­lan­man sak­lan­ýar.
Ýur­du­myz­da ga­wu­nyň ajy­ga­byk, ak­ma­ňyz, ak­gür­bek, ak­na­bat, ak­nä­zik, ak­süýt, gar­ry­gyz, ga­ryp­gal­dy­ran, gök mür­li, gök tor­ly, gü­la­by, des­sem­ma­ýa, kyrk­gün­lük, hy­ta­ýy, ig­de­ýap­rak, pa­ýen­de­ki, tar­la­wuk, wa­har­man, zam­ça ýa­ly on­lar­ça gör­nüş­i ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär.
Ga­wun­la­ryň wa­ta­ny Af­ri­ka we Azi­ýa­nyň gü­nor­ta-gün­ba­tar se­bit­le­ri ha­sap­lan­ýar.
Ga­wun eki­len­den soň­ra, or­ta­ça, 100-130 gün­den ha­syl ber­ýär.
Bir­ýyl­lyk ösüm­lik bo­lup, çyr­ma­şyk şe­kil­de ös­ýär.
Dün­ýä­de ga­wu­nyň 25 gö­te­ri­mi Hy­taý­da sarp edil­ýär. Bu ýurtda ýyl­da 8 mil­li­on ton­na­dan gow­rak ga­wun ha­sy­ly alyn­ýar.
«Ýu­ba­ri King» at­ly ga­wun­lar dün­ýä­niň iň gym­mat ga­wu­ny ha­sap­lan­ýar. Ýa­po­ni­ýa­nyň ki­çi­jik se­bi­tin­de ös­ýän bu ösüm­li­giň mi­we­si­niň gym­mat bol­ma­gy­nyň se­bä­bi, ol dün­ýä­niň iň süý­ji ga­wu­ny ha­sap­lan­ýar.
Ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri ga­wu­nyň äh­li bö­lek­le­ri (mi­we­si, pa­ça­gy, ýap­ra­gy, çi­gi­di) halk luk­man­çy­ly­gyn­da giň­den ula­ny­lyp­dyr.
Ga­dy­my Mü­sür­de mi­la­dy­dan öň­ki 2 mü­ňün­ji ýyl­lar­da hem ga­wun ýe­tiş­di­ri­len­di­gi ba­ra­da mag­lu­mat­lar bar.

Şa­na­zar GADAMOW,
My­rat Gar­ry­ýew adyn­da­ky
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň uly mu­gal­ly­my.