Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly başlangyçlary netijesinde ýurdumyz hakykatdan hem halkara ulag ulgamynyň “altyn halkasyna” öwrülýär. Muňa milli Liderimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş Sekretarynyň ýakyndan goldaw bermeginde paýtagtymyz Aşgabatda geçirilýän Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahat hem aýdyň mysal bolup durýar.
Bu maslahat taryhy ähmiýete eýe bolup, ilkinji gezek ählumumy derejede dünýäniň ulag ulgamynyň meselelerine seredilmegine hem-de ýaňy-ýakynda kabul edilen BMG-niň ählumumy durnukly ösüşi boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň çäginde ulag ulgamynyň ösüşiniň gelejegini kesgitlemäge ýardam berer.
Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyň we 2016-njy ýylyň 27-nji noýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilen Ulag ulgamy boýunça Işewürlik Forumyň çäklerinde awiasiýa, awtomobil, demir ýol we deňiz ulaglarynyň häzirki ýagdaýy we ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar. Işewürlik forumynda esasy we kömekçi ulag üpjünçilik ulgamyna maýa goýumlary çekmek, ulag ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, daşky gurşawy goramak we howpsuzlyk bilen bagly meseleleri maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.
2016-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahata bagyşlanan media-forum geçirildi. Forumyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň (ESKATO), Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE), Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU), Halkara deňiz guramasynyň (MMO) we Demir ýol hyzmatdaşlyk guramasynyň (OSJD) wekilleri çykyş edip, Aşgabatda geçiriljek maslahatyň ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek babatda uly ähmiýete eýe boljakdygyny mälim etdiler.
Aziýa bilen Ýewropanyň aralygynda ýerleşýän Türkmenistan ilkinji nobatda häzirki zaman ulag ulgamynyň, şol sanda logistiki merkezleriniň döredilmegine uly üns berýär hem-de Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlarda sebitleýin ulag geçelgelerini ösdürmek ugrunda goňşy döwletler bilen oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barýar. Halkara ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça ählumumy derejede giňişleýin hyzmatdaşlygyň başyny başlan Türkmenistan 2014-nji we 2015-nji ýyllarda köp sanly ýurtlar tarapyndan kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň iki sany Kararnamasynyň başlaýjysy boldy.
Hormatly Prezidentimiz ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmäge we ony döwrebap, halkara derejelere ýetirmäge aýratyn uly üns berýär. Sebäbi ulag we aragatnaşyk ykdysadyýetiň esasyny düzýän ulgamlaryň biridir. Birinjiden, ulag-aragatnaşyk ulgamy ýurduň içerki önümçilik gatnaşyklaryny üpjün etmekde aýgytly ähmiýete eýe bolýan bolsa, beýleki bir tarapdan, milli ykdysadyýetiň dünýäniň ykdysady ulgamyna bähbitli ugurlar bilen aralaşmagynyň maddy binýadyny düzýär.Ykdysadyýetiň globallaşýan, halkara hyzmatdaşlygyň giň gerimler bilen ösýän şertlerinde döwrebap ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürülýän juda ähmiýetli wezipeleriň hataryna girýär.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmek babatda iri möçberli taslamalar yzygiderli amala aşyrylýar. Milli Liderimiz Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demir ýoluny gurmaklygy esasy wezipeleriň hatarynda goýdy. 2014-nji ýylda “Asyryň gurluşygy” tamamlandy we üç döwletiň – Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Üç döwletiň Prezidentleriniň bu çärä gatnaşmaklary bu demir ýoluň Merkezi Aziýa sebiti üçin örän ähmiýetlidigine şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzda ýol-ulag düzüminiň kämil derejede döwrebaplaşdyrylýandygyny hem-de bu ugurda sebit üçin, tutuş dünýä üçin ähmiýetli bolan iri göwrümli taslamalaryň ençemesiniň durmuşa geçirilýändigini we geçirilendigini bellemek gerek. Atamyrat-Kerkiçi demir ýol we awtomobil köprüleriniň gurulmagy, häzirki wagtda Türkmenabat-Farap köprüleriniň gurluşyklarynyň güýçli depginde alnyp barylmagy, Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygynyň batly depginlerde dowam etdirilmegi, ýurdumyzyň gündogaryny günbatary, günortasyny demirgazygy bilen baglanyşdyrýan awtomobil ýollarynyň durkunyň täzelenmegi, halkara ülňülerine laýyk gelýän täze awtomobil ýollarynyň, estakadalaryň, köprüleriň gurulmagy, Aşgabat we Türkmenbaşy şäherinde täze howa menzilleriniň toplumynyň ulanmaga berilmegi, “Merkezi Aziýanyň deňiz derwezesi” adyny alan Türkmenbaşy deňiz portuny düýpli döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmekde, türkmen harytlarynyň dünýäniň ähli künjeklerine ykdysady taýdan bähbitli ugurlar bilen barmagynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan orny” atly Rezolýusiýanyň ähmiýeti örän uludyr. Şunuň bilen baglylykda, 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ähmiýetine bagyşlanan halkara maslahaty geçirildi we şonuň netijesinde kabul edilen Aşgabat Jarnamasynda ulag we üstaşyr geçelgelerini toplumlaýyn ösdürmegiň esasy ugurlary öz beýanyny tapdy.
Halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde Günorta-Kawkaz ugry bilen Azerbaýjan we Gruziýa döwletleriniň üstünden geçjek Ýewropa ýurtlaryna üstaşyr geçýän geçelgäni döretmegiň hem ähmiýeti uludyr. Mundan başga-da Türkmenistanyň başlangyjy bilen Merkezi Aziýada nusgalyk awtomobil ýoluny gurmak babatdaky teklip hem degişli halkara guramalary tarapyndan gyzgyn goldawa eýe boldy.
Şeýle hem, Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman ulag geçelgesi ýokary derejede ara alnyp maslahatlaşylýan we amala aşyrylmagyna günsaýyn ýakynlaşylýan uly taslamalaryň biridir.
Milli Liderimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Ýolbaşçylarynyň Geňeşlerinde, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitlerinde, şeýle hem ýokary derejede geçirilýän duşuşyklarda eden çykyşlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň, şol sanda ulag-üstaşyr geçelgelerini gurmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşýar we bu babatda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlaryny yzygiderli beýan edip gelýär.
Bu gün Türkmenistan özüniň ulag-logistika hyzmatyny teklip edip, dünýä bazaryna çykýar. Bu teklip möhüm ähmiýete eýe bolup, uly islegden peýdalanýar. Muňa 2016-njy ýylyň başynda herekete girizilen täze halkara gatnawy – Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran boýunça gatnaýan otly hem aýdyň güwä geçýär. Şundan görnüşi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda ulag ulgamynyň işini kämilleşdirmekde we halkara ulag halkalaryna birikdirmekde yzygiderli işler alnyp barylýar. Olara halkara guramalary tarapyndan mynasyp baha berilýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyz üçin hem-de tutuş Ýer şarynyň ähli halklary üçin örän uly we taryhy ähmiýetli başlangyçlarynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilmegi ýurdumyzda alnyp barylýan ynsanperwer daşary we içeri syýasatlara, amala aşyrylýan özgertmelere goýulýan belent sarpadan nyşandyr.
Goý, milli Liderimiziň ýurdumyzyň halkara abraý – mertebesini belentden-belende göterýän başlangyçlary elmydama uly rowaçlyklara beslensin!