11-nji awgustda Bereket etrabynda täze suw howdany ulanmaga berildi.
Bu howdan ýurdumyzyň günbatar sebitiniň ekerançylyk meýdanlaryny Garagum derýasynyň suwy bilen üpjün etmäge niýetlenendir.

Da­ba­ra­ly çä­rä Hö­kü­met ag­za­la­ry, Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­niň, Suw ho­ja­ly­gy ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň hä­kim­li­gi­niň ýol­baş­çy­la­ry we hü­när­men­le­ri, şeý­le hem oba zäh­met­keş­le­ri, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň hem-de köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar we ýaş­lar gat­naş­dy­lar.
Da­ba­ra baý­ram­çy­lyk ly­ba­sy­na bes­le­nen meý­dan­ça­da geç­di. Est­ra­da aý­dym­çy­la­ry­nyň, bag­şy-sa­zan­da­la­ryň, folk­lor tans to­par­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry da­ba­ra­nyň joş­gu­ny­ny has hem art­dyr­dy. Bu ýe­re ýyg­na­nan­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýur­du­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da ula­n­ma­ga be­ril­ýän suw ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň tä­ze des­ga­sy­nyň işe gi­ri­zil­me­gi my­na­sy­bet­li Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň mer­da­na suw ho­ja­lyk iş­gär­le­ri­ne we äh­li oba zäh­met­keş­le­ri­ne ibe­ren Gut­la­gy­ny uly üns we ru­hu­be­lent­lik bi­len diň­le­di­ler.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň Gut­la­gyn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýa­şaý­şyň we bol­çu­ly­gyň göz­ba­şy bo­lan mu­kad­des suw te­bi­ga­ty jan­lan­dyr­ýar, giň säh­ra­la­ry­my­zy gül­zar­ly­ga hem-de be­re­ket me­ka­ny­na öwür­ýär. Şo­nuň üçin hem su­wuň ga­dyr-gym­ma­ty­ny, sar­pa­sy­ny be­lent tu­tan hal­ky­myz asyr­lar­bo­ýy onuň her dam­ja­sy­ny al­tyn dä­ne­si­ne de­ňäp­dir.
Da­ba­ra­da tä­ze suw ho­ja­lyk top­lu­my­nyň gur­lu­şy­gyn­da ta­pa­wut­la­nan hü­när­men­le­re hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň adyn­dan gym­mat ba­ha­ly sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy.
Tol­gun­dy­ry­jy pur­sat ge­lip ýet­ýär: il sy­lag­ly ýa­şu­lu­lar bö­we­di açyp, Ga­ra­gum der­ýa­sy­nyň su­wu­ny suw how­da­ny­na goý­ber­ýär­ler. Soň­ra da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar how­da­nyň suw goý­be­ri­ji des­ga­sy­nyň hem-de suw öl­çeý­ji en­jam­la­ry­nyň iş­leý­şi bi­len ta­nyş­ýar­lar, bu top­lu­my do­lan­dyr­mak üçin ýö­ri­te en­jam­lar otur­dy­lan do­lan­dy­ryş bi­na­sy­na ba­ryp gör­ýär­ler.
Ga­ra­gum der­ýa­sy­nyň 1096-njy ki­lo­met­rin­de gur­lan suw how­da­ny­nyň göw­rü­mi 18 mil­li­on kub metr bo­lup, ol ýer­de se­kunt­da 30 kub metr suw ge­çir­mä­ge ukyp­ly suw ýyg­naý­jy des­ga ýer­leş­ýär. Bu des­ga güýz-gyş aý­la­ryn­da der­ýa­nyň aşa­ky aky­myn­da su­wy ýyg­na­mak, eke­ran­çy­lyk ýer­le­ri­niň su­wa­ryl­ýan wag­tyn­da su­wuň paý­la­ny­şy­ny saz­la­mak üçin ni­ýet­le­nen­dir.
Bu gid­ro­teh­ni­ki top­lu­myň tas­la­ma­sy «Türk­men­su­wy­lym­tas­la­ma» ins­ti­tu­tyn­da taý­ýar­la­nyl­dy, gur­lu­şyk iş­le­ri­ni bol­sa Türk­me­nis­ta­nyň Suw ho­ja­ly­gy ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň «Ga­ra­gum­der­ýa­gur­lu­şyk» önüm­çi­lik bir­le­şi­gi­niň hü­när­men­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler.
Des­ga­nyň gur­lu­şy­gyn­da dün­ýä­niň iri kom­pa­ni­ýa­la­ryn­dan yzy­gi­der­li sa­tyn al­nan kuw­wat­ly eks­ka­wa­tor­la­ryň, bul­do­zer­le­riň we beý­le­ki ýö­ri­te­leş­di­ri­len döw­re­bap teh­ni­ka­la­ryň 180-den gow­ra­gy gi­je-gün­diz iş­le­dil­di.
How­da­nyň we ben­diň gur­lu­şy­gyn­da ýer­li kän­ler­den al­nan gur­lu­şyk ma­te­ri­al­la­ry ula­nyl­dy, hu­su­san-da, ola­ryň ber­ki­dil­me­gi üçin 167,5 müň kub metr ça­gyl ge­rek bol­dy. Ben­diň umu­my uzyn­ly­gy 7,8 ki­lo­metr­den gow­rak­dyr. Esa­sy önüm­çi­lik des­ga­la­ryn­dan baş­ga-da, ýol we ener­ge­ti­ka dü­züm­le­ri­niň des­ga­la­ry gu­rul­dy.
Suw ge­çi­ri­ji­lik uky­by se­kunt­da 10 kub met­re ba­ra­bar bo­lan tä­ze suw ho­ja­lyk top­lu­my­nyň işe gi­ri­zil­me­gi Be­re­ket et­ra­by­nyň eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ry­ny suw bi­len üp­jün et­me­giň yg­ty­bar­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dy­rar.
Bu tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň suw se­riş­de­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­mak, oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň dep­gin­li ösü­şi­niň mö­hüm esa­sy bo­lan su­wa­rym­ly ýer­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dyr­mak, bug­da­ýyň, go­wa­ça­nyň we beý­le­ki oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň dur­nuk­ly, ýo­ka­ry ha­sy­ly­ny al­mak, ýur­du­my­zyň oba ho­ja­lyk top­lu­my­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni do­ly dur­mu­şa ge­çir­mek ba­ba­tyn­da öň­de go­ýan we­zi­pe­le­ri­ni üs­tün­lik­li çöz­mek ug­run­da­ky ýe­ne bir mö­hüm ädim bol­dy.
Da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar hormatly Prezidentimize Ýüz­len­me ka­bul et­di­ler we pu­da­gyň iş­gär­le­ri­ne dö­re­dil­ýän şert­ler üçin çäk­siz ho­şal­lyk­la­ry­ny be­ýan edip, Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­niň bäh­bi­di­ne mun­dan beý­läk-de ýa­daw­syz zäh­met çek­jek­dik­le­ri­ne döw­let Baştutanymyzy ynan­dyr­dy­lar.