Ça­ga­lar ba­ra­da­ky hem­me­ta­rap­la­ýyn ala­da, ola­ryň be­den hem-de ru­hy taý­dan sag­dyn ösüp ýe­tiş­mek­le­ri üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek, ýaş türk­me­nis­tan­ly­la­ryň bi­li­me, sag­ly­gy go­raý­şa bo­lan hu­kuk­la­ry­ny üp­jün et­mek we beý­le­ki köp san­ly ala­da­lar hormatly Prezidentimiziň ama­la aşyr­ýan dur­muş mak­sat­ly sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýar.
Hal­ky­my­zyň hä­si­ýe­ti­niň, dün­ýä­ga­raý­şy­nyň sü­tün­le­ri­niň bi­ri ila­tyň gol­da­wa has mä­täç­le­ri­ne dur­muş taý­dan gol­daw ber­mek bo­lup­dy we ol şeý­le­ bolmagynda hem gal­ýar. Hä­zir­ki wagt­da bu yn­san­per­wer däp ça­ga­nyň ka­nu­ny bäh­bit­le­ri­ni üp­jün et­me­giň we go­ra­ma­gyň hu­kuk ke­pil­li­gi­niň top­lum­la­ry­ny, şo­nuň ýa­ly-da, ýe­tim ça­ga­la­ryň jem­gy­ýet­de öz or­nu­ny tap­ma­ga, ola­ry öz­baş­dak dur­mu­şa taý­ýar­la­ma­ga gö­nük­di­ri­len yk­dy­sa­dy we anyk ugur­ly çä­re­le­ri öz içi­ne al­ýar.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, Ber­ka­rar döw­le­tiň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­le­ri dur­muş taý­dan gol­da­mak, ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ryň sag­ly­gy­nyň di­kel­dil­me­gi­ne ýar­dam ber­mek, ola­ryň bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy hem-de olar­da be­lent yn­san­per­wer­lik hä­si­ýet­le­ri­niň ke­ma­la gel­me­gi üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len, şu ýy­lyň mart aýyn­da ýö­ri­te Ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy dö­re­dil­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Mej­li­si­niň ka­ra­ry bi­len, Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady da­ky­lan Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça Ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň dö­re­di­len gü­nün­den bä­ri köp wagt geç­me­dik hem bol­sa, eý­ýäm giň möç­ber­li, ne­ti­je­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Go­laý­da Bal­kan, Da­şo­guz we Le­bap we­la­ýat­la­ry­nyň et­rap hem-de şä­her has­sa­ha­na­la­ry­nyň ça­ga­lar bö­lüm­le­ri üçin tä­ze, döw­re­bap en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len «Tiz kö­mek» aw­tou­lag­la­ry­nyň be­ril­me­gi mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­dyr. Ýö­ri­te ulag­la­ryň açar­la­ry­ny bu se­bit­le­re iş sa­pa­ry wag­tyn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň hut özi gow­şur­dy.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da ça­ga­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­ýyş ul­ga­my­ny ýo­ka­ry hü­när­li hü­när­men­ler, hal­ka­ra ta­lap­la­ra la­ýyk gel­ýän luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry bi­len üp­jün et­mek, ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny üz­nük­siz pug­ta­lan­dyr­mak hem-de ila­ta edil­ýän luk­man­çy­lyk hyz­ma­ty­nyň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça yzy­gi­der­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­tag­ty­myz­da­ky we we­la­ýat­lar­da­ky de­giş­li luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ryn­da ho­wan­dar­ly­ga mä­täç nä­sag ça­ga­la­ra dür­li ope­ra­si­ýa be­jer­gi­le­ri­ni ge­çir­mek üçin Ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­syn­dan se­riş­de bö­lüp ber­mek ha­kyn­da Çöz­güt ka­bul et­di.
Be­jer­gi al­ýan ýaş ça­ga­la­ryň hem-de sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­niň adyn­dan mil­li Li­de­ri­mi­ze döw­le­ti­mi­ziň baş baý­ly­gy we gu­wan­jy bo­lan ýaş ra­ýat­la­ryň sag­ly­gy hem-de aba­dan­çy­ly­gy ba­ra­da­ky ýa­daw­syz ala­da­sy üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk be­ýan edil­di.