Dünýäde eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar iş­le­riň uly bö­le­gi­niň komp­ýu­ter­ler ýa-da smart­fon­lar ar­ka­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­di. Teh­no­lo­gi­ýa­nyň dö­re­den bu müm­kin­çi­li­gin­den ta­la­ba­la­ýyk peý­da­la­nyl­ma­dyk ýag­da­ýyn­da sag­ly­gy­my­za ze­per ýe­tir­me­gi müm­kin. Şöh­le saç­ýan en­jam­laryň öňün­de köp wagt ge­çi­ri­len­de, di­ňe da­ýanç-he­re­ket ediş ul­ga­my­na däl, eý­sem, gö­ze hem ze­per ýe­ti­rip bil­ýär. Kä­bir adam plan­şet­de bir­nä­çe sa­gat­lap ki­tap oka­ýan bol­sa, kä­bir­le­ri fil­me to­ma­şa ed­ýär. Kä­bir adam­lar gü­nüň do­wa­myn­da wag­tyn­dan az uk­la­ýar. Şeý­le­lik bi­len te­le­fo­nyň, plan­şe­tiň we komp­ýu­te­riň öňün­de ge­çi­ril­ýän wagt hem uza­ýar. Şo­nuň üçin san­ly ek­ran­la­ryň gö­zü­mi­ze ýe­tir­ýän zy­ýan­ly tä­si­ri has hem art­ýar. Eý­sem, teh­no­lo­gi­ýa­dan peý­da­la­ny­lan­da sag­ly­gy­my­zy nä­hi­li go­ra­ma­ly?!
Ek­ra­nyň öňün­de köp wagt­lap ara­kes­me­siz otu­ry­lan­da gö­züň bu­laş­ma­gy, ýa­daw­lyk, göz agy­ry, göz gu­ra­ma­gy, gy­zar­ma­gy, ün­si jem­le­mek­de kyn­çy­lyk çek­mek, go­şa gör­mek we ýag­ty­ly­ga duý­gur­lyk ýa­ly bir­nä­çe nä­hoş­luk­lar ýü­ze çyk­ýar.
Şeý­le ýag­daý­la­ryň ýü­ze çyk­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak üçin nä­me­ler et­me­li?
llki bi­len ek­ra­nyň öňün­de ge­çi­ril­ýän wag­ty gys­galt­ma­ga ça­lyş­ma­ly. Ge­çi­ri­len göz­leg­le­riň ne­ti­je­sin­de ek­ra­nyň öňün­de 4-6 sa­gat­dan köp wagt sarp ed­ýän adam­la­ryň sag­ly­gy bi­len bag­ly ýüz tut­ma­la­ry­nyň art­ýan­dy­gy­ny ýü­ze çy­ka­ry­lyp­dyr. Şeý­le adam­la­ra ýö­ri­te süz­güç­li we şöh­lä gar­şy ör­tük­li äý­nek ulan­mak mas­la­hat be­ril­ýär. Nä­hi­li äý­nek ulan­ma­ly­dy­gy­ny luk­man bi­len mas­la­hat­laş­ma­ly.
Adat­ça, mi­nut­da 12-17 ge­zek göz gyr­pyl­ýan bol­sa, ma­wy ek­ra­na se­re­di­len­de iň köp 6-8 ge­zek göz gyr­pyl­ýar. Bu bol­sa gö­züň gu­ra­ma­gy­na ge­tir­ýär. Ýag­ty çy­ra­lar we ek­ra­nyň ýi­ti şöh­le­si göz­de oňaý­syz­lyk dö­red­ýär. Ek­ra­nyň ýag­ty­ly­gy daş­ky gur­şa­wyň ýag­ty­ly­gy­na ýa­kyn bol­ma­ly. Ek­ran göz­den, tak­my­nan, 30-40 sm uzak­da, gö­züň ga­ba­dyn­da ýer­le­şen bol­ma­ly. Plan­şe­ti, el te­le­fo­ny­ny gö­ze ýa­kyn sak­la­mak gör­şi pe­seld­ýär we göz ýa­daw­ly­gy, kel­le agy­ry ýa­ly ýag­daý­la­ry dö­red­ýär. Ulan­ýan her bir en­ja­my­my­zy, äý­ne­gi aras­sa sak­la­ma­ly. Şeý­le-de, gü­nüň do­wa­myn­da ýe­ter­lik de­re­je­de suw iç­mek, ka­da­ly iý­mit­len­mek, wagt­ly-wag­tyn­da uky­ňy al­mak, ota­gyň tem­pe­ra­tu­ra­sy­ny ka­da­ly sak­la­mak we gö­züň gu­ra­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak üçin nem­len­di­ri­ji­le­ri ulan­mak mas­la­hat be­ril­ýär. Ek­ran­la­ryň öňün­de uzak wagt­lap iş­le­ni­len­de her 45-50 mi­nut­dan ara­kes­me et­me­li. Komp­ýu­ter­de iş­le­ýän wag­ty­ňyz suw iç­mek, te­le­fon­da gep­leş­mek ýa-da haý­sy­dyr bir baş­ga se­bäp bi­len işi­ňi­zi tog­ta­dan wag­ty­ňyz ýe­ri­ňiz­den tu­rup, eý­läk-beý­läk ge­zim et­mek peý­da­ly­dyr.
Is­len­dik işi ede­ni­ňiz­de il­ki bi­len sag­ly­gy­ňyz ba­ra­da pi­kir et­me­gi unut­maň!