12-nji awgusta Oba hojalyk toplumynyň binasynda «Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Hazar deňziniň gününe bagyşlanan bu maslahaty Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň DIM-niň goldaw bermeginde Hazar deňzi instituty bilelikde guradylar. Hazar deňziniň güni Hazarýaka döwletlerinde hem her ýyl bellenilýär.
Maslahata Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri, Hazar deňzi institutynyň direktory, şeýle-de ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn düzümleriniň hünärmenleri gatnaşdylar. Mundan başga-da çärä Hazarýaka ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şol sanda ýurdumyzda işleýän halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň hünärmenleri hem gatnaşdylar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň (UNEP) Ýewropa boýunça sebitleýin edarasynyň wekili, Tähran konwensiýasynyň wagtlaýyn sekretariatynyň sebitleýin utgaşdyryjysy, Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň Merkezi Aziýa sebiti boýunça sebitleýin edarasynyň utgaşdyryjysy, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň «Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegini nazara almak bilen ýer serişdelerinden integrirlenen peýdalanmak» maksatnamasynyň ýolbaşçysy hem-de Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologik meseleleri boýunça merkeziniň Ýerine ýetiriji direktory maslahata wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdylar.
Hazar sebiti uglewodorod serişdeleriniň gazylyp çykarylýan hem-de iberilýän iri dünýä merkezleriniň biri hökmünde okgunly ösüşe eýe bolýar. Şunuň ýaly şertlerde biziň ýurdumyz umumy wezipäniň — örän baý köpdürli ösümlik we haýwanat dünýäsine eýe bolan tebigatyň täsin gudraty bolup durýan bu deňziň bioköpdürliligini gorap saklamagyň zerurlygy bilen ykdysady bähbitleri utgaşdyrmak meselesiniň oňyn çözülmegini, ekologiýa deňagramlylygynyň bozulmagyna ýol bermezligi möhüm hasaplaýar.
Maslahata gatnaşyjylar Hazar deňzinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi we pugtalandyrylmagy bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şu nukdaýnazardan, gatnaşyjylar sebitiň ýurtlarynyň bäştaraplaýyn, edil şonuň ýaly-da iki we üçtaraplaýyn görnüşdäki özara hereketleriniň hem has-da işjeňleşdirilmeginiň derwaýyslygyny nygtadylar.
Altynjy Hazar sammitine taýýarlyk görmek, şeýle-de Sammitiň dowamynda gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalar bukjasynyň işlenilip düzülmegi hem-de ylalaşylmagy boýunça bilelikdäki hereketleriň işjeňleşdirilmegi ara alyp maslahatlaşyldy.