Türk­me­nis­ta­nyň tä­ze ta­ry­hy eý­ýa­myn­da hä­zir­ki za­man ulag-kom­mu­ni­ka­si­on ul­ga­myň ke­ma­la gel­me­gi döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýat awia­si­ýa­sy­ny ös­dür­mekde giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. “Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry” Döw­let mil­li gul­lu­gy ho­wa gat­naw­la­ry­nyň hä­zir­ki za­man ulag ul­ga­my­nyň ke­ma­la gel­me­gin­de hal­ka­ra äh­mi­ýet­li we yk­ly­ma­ra ulag ul­ga­my­nyň mö­hüm ug­ry bo­lup, se­bit­de, şeý­le hem, Ýew­ra­zi­ýa gi­ňiş­li­gin­de iki­ta­rap­la­ýyn söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryn­da ulag köp­rü­si bo­lup hyz­mat ed­ýär.
Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry için­de Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýat awia­si­ýa­sy kuw­wat­ly ösüş ýo­lu­ny geç­di. Hä­zir­ki wagt­da “Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry” Döw­let mil­li gul­lu­gy hal­ka­ra ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän iň hä­zir­ki za­man ýe­rüs­ti inf­rast­ruk­tu­ra­sy, dür­li gör­nüş­li ho­wa gä­mi­le­ri­ni ka­bul et­mä­ge ukyp­ly uçuş-go­nuş zo­la­gy, ösen teh­no­lo­gi­ýa en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len ho­wa men­zil­le­ri top­lu­my, şeý­le hem hä­zir­ki za­man awia­si­on teh­ni­ka­lar par­ky bi­len has-da kä­mil­leş­ýär.
“Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry” Döw­let mil­li gul­lu­gy­nyň ulag dü­zü­mi dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy ön­dü­ri­ji­le­ri­niň iň hä­zir­ki za­man uçar­la­ryn­dan we di­ku­çar­la­ryn­dan yba­rat­dyr. 2013-nji ýyl­da ýur­du­my­zyň esa­sy ho­wa­ýol­la­ry kär­ha­na­sy ta­ra­pyn­dan hä­zir­ki za­man “Boeing-737-800” tä­ze uçar­la­ryň üçü­si, şeý­le hem “Agus­to West­land-101” tä­ze di­ku­çar­la­ryň iki­si sa­tyn alyn­dy hem-de ne­ti­je­li ula­nyl­ýar. 2014-nji ýyl­da bol­sa, ýur­du­my­zyň ho­wa­ýol­la­ry pu­da­gy­nyň yg­ty­ýa­ry­na ýe­ne-de “Boeing-777-200 LR” uçar­la­ryň iki­si getirildi. Şu ýy­lyň 17-nji sent­ýab­ryn­da Aş­ga­ba­dyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­niň açy­lyş da­ba­ra­sy my­na­sy­bet­li hä­zir­ki za­man “Boeing” uçar­la­ry­nyň ýe­ne-de bi­risi ge­lip go­wuş­dy.
Türk­me­nis­tan ta­ra­pyn­dan ho­wa gä­mi­le­ri­niň şu ky­sym­la­ry­nyň sa­tyn alyn­ma­gy ýur­du­myz­da ola­ry hal­ka­ra, se­bit we içer­ki ho­wa gat­naw­la­ryn­da peý­da­lan­makda top­la­nan oňyn tej­ri­be­si bi­len şert­len­di­ri­lýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň nyg­taý­şy ýa­ly, bu çöz­güt ho­wa ula­gyn­dan peý­da­lan­ýan ýo­lag­çy­la­ra ýo­ka­ry dün­ýä ülňülerine la­ýyk de­re­je­de hyz­mat et­mek we äh­li gat­naw ugur­la­ryn­da uçuş­la­ryň howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len ka­bul edil­di.
“2012-2030-njy ýyl­lar­da Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýat awia­si­ýa­sy­ny ös­dür­me­giň mil­li mak­sat­na­ma­sy­na” la­ýyk­lyk­da, paý­tag­ty­myz­da Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­di we ozal bar bo­lan­la­ry döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len 2009-njy ýyl­da Ma­ry şä­he­rin­de tä­ze ho­wa men­zi­li top­lu­my açy­lan bol­sa, 2010-njy ýyl­da Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de hä­zir­ki za­man ül­ňü­le­ri­ne do­ly la­ýyk gel­ýän döw­re­bap ho­wa men­zi­li ulan­ma­ga be­ril­di. Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­ny gur­mak mak­sat­na­ma­sy­nyň çar­çu­wa­syn­da 2010-njy ýy­lyň ap­re­lin­de açyl­dy. Dört gat­ly tä­ze ho­wa men­zi­li top­lu­my sa­gat­da 800 ýo­lag­ça çen­li hyz­mat et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Mun­dan baş­ga-da, ýük­le­ri aw­to­ma­tik usul­da iş­läp taý­ýar­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän ul­gam bi­len ab­zal­laş­dy­ry­lan tä­ze ýük ter­mi­na­ly, “Sie­mens” we “Tha­les” kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň en­jam­la­ry bi­len ab­zal­laş­dy­ry­lan dis­pet­çer di­ňi ulan­ma­ga be­ril­di. Ho­wa men­zi­li­niň uçuş-go­nuş zo­la­gy äh­li görnüş­dä­ki ho­wa gä­mi­le­rini ka­bul et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­de ga­raş­mak, çalt bel­li­ge alyn­mak we ýo­lag­çy­la­ry uça­ra mün­dür­mek üçin amat­ly şert­ler dö­re­di­lip­dir. Ol ýerde ýer­li we hal­ka­ra ho­wa gat­naw­la­ry­nyň kas­sa­la­ry, döw­re­bap mag­lu­mat tag­ta­la­ry, hal­ka­ra we şä­he­ra­ra ara­gat­na­şyk no­kat­la­ry, goş sak­lan­ýan no­kat­lar we poç­ta bar. Ýo­lag­çy­la­ryň ga­raş­ma za­lyn­da ka­fe­te­ri­ler, bu­fet­ler, du­ty-free dü­kan­la­ry, ra­hat CIP zaly bar. VIP – ýokary derejeli myhmanlary ka­bul ediş bi­na­syn­da du­şu­şyk­la­ry we mas­la­hat­la­ry ge­çir­mek üçin äh­li şert­ler dö­re­di­len­dir.
Türk­men­ba­şy­da­ky Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li ge­og­ra­fi­k we yk­dy­sa­dy ba­bat­da hem üs­ta­şyr we tä­jir­çi­lik gat­naw­la­ry üçin amat­ly ýer­le­şen­dir, şeý­le hem bu ýer­de ýan­gyç guý­mak üçin teh­ni­ki hyzmatlary ama­la aşy­ryp bol­ýar hem-de bu ho­wa men­zi­li Mer­ke­zi Azi­ýa­da iri ýük we lo­gis­ti­ka mer­ke­zidir.
Mun­dan baş­ga-da Da­şo­guz şä­he­rin­dä­ki ho­wa men­zi­lin­de goş­ma­ça bi­na­lar ulan­ma­ga be­ril­di, şeý­le hem, Türk­me­na­bat şä­he­rin­de ho­wa der­we­ze­si­niň tä­ze top­lu­my­nyň gur­lu­şy­gy do­wam ed­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýat awia­si­ýa­sy­nyň ho­wa gä­mi­le­ri­niň dü­zü­mi yzy­gi­der­li tä­ze awia­si­ýa teh­ni­ka­la­ry bi­len üp­jün edil­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da “Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry” Döw­let mil­li gul­lu­gy­nyň ho­wa gä­mi­le­ri içer­ki awiau­gur­lar­dan baş­ga, Ýew­ro­pa­nyň we Azi­ýa­nyň 17 şä­he­ri­ne we ýur­du­na yzy­gi­der­li ýo­lag­çy gat­na­wy­ny, şol san­da Al­maty, Am­rit­sar, An­ka­ra, Bang­kok, Bir­min­gem, De­li, Du­baý, Frank­furt, Lon­don, Minsk, Mosk­wa, Pe­kin, Sankt-Pe­ter­burg, Pa­riž, Stam­bul, Abu-Da­bi, Urum­çi ýa­ly şä­her­le­re ýük gat­naw­la­ry­ny ama­la aşyr­ýar.
Şeý­le hem 2016-njy ýy­lyň ahy­ry­na çen­li tä­ze hal­ka­ra ugur­la­ry — Aş­ga­bat – Ka­zan (Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy), Aş­ga­bat –Täh­ran (Eý­ran), şeý­le hem, Aş­ga­bat – Mi­lan (Ita­li­ýa) ho­wa gat­naw­la­ry­ny aç­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Şu ýy­lyň de­kab­ryn­da Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň paý­tag­ty bi­len-de yzy­gi­der­li ho­wa gat­na­wy­ny aç­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. 15-nji de­kabr­dan baş­lap, (T5-877) Aş­ga­bat – Täh­ran ug­ry bo­ýun­ça “Boing-737-800” uça­ryn­da hep­dä­niň çar­şen­be we şen­be gün­le­ri gat­naw­lar baş­la­nar. Şeý­le hem, 15-nji de­kabr­dan T5-733 ug­ry bo­ýun­ça hep­dä­niň çar­şen­be we ýek­şen­be gün­le­ri Aş­ga­bat­dan Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ka­zan şä­he­ri­ne yzy­gi­der­li gat­naw­lar açy­lar.
Awia­tor­la­ry­myz il­kin­ji ge­zek Ýew­ro­pa­nyň iň owa­dan şä­her­le­ri­niň bi­ri – Mi­la­na (Ita­li­ýa) uçuş ug­ru­ny ýo­la go­ýar­lar. 23-nji de­kabr­dan baş­lap, “Boing-737-800” T5-453 Aş­ga­bat – Mi­lan ug­ry bo­ýun­ça hep­dä­niň si­şen­be we şen­be gün­le­ri paý­tag­ty­myz­dan yzy­gi­der­li gat­naw­lar baş­la­nar. Gel­jek­de bu şä­her­ler­de “Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry­nyň” we­kil­ha­na­la­ry we pe­tek sa­tyl­ýan no­kat­lar açy­lar.
“Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry” Döw­let mil­li gul­lu­gy şu ugur­lar bo­ýun­ça yzy­gi­der­li ýer­li gat­naw­la­ry ama­la aşyr­ýar: Aş­ga­bat-Türk­men­ba­şy-Aş­ga­bat, Aş­ga­bat-Ma­ry-Aş­ga­bat, Aş­ga­bat-Türk­me­na­bat-Aş­ga­bat, Aş­ga­bat-Da­şo­guz-Aş­ga­bat, Aş­ga­bat-Bal­ka­na­bat-Aş­ga­bat, Da­şo­guz-Türk­men­ba­şy-Da­şo­guz, Da­şo­guz-Bal­ka­na­bat-Da­şo­guz, Da­şo­guz-Ma­ry-Da­şo­guz, Da­şo­guz-Türk­me­na­bat-Da­şo­guz, Ma­ry-Türk­men­ba­şy-Ma­ry, Türk­me­na­bat-Türk­men­ba­şy-Türk­me­na­bat.
Türk­me­nis­ta­nyň ho­wa men­zil­le­ri döw­let ulag üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň has ösen bö­lek­le­ri­niň bi­ri bo­lup, ýur­duň için­dä­ki şä­her­ler hem-de da­şa­ry ýurt­lar bi­len çalt ara­gat­na­şy­gy üp­jün ed­ýär. “Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry” Döw­let mil­li gul­lu­gy­nyň dü­zü­min­de 6 sa­ny ho­wa men­zi­li bar. Olar Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hal­ka­ra ae­ro­por­ty, Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň hal­ka­ra ae­ro­por­ty, Bal­ka­na­bat şä­he­ri­niň ae­ro­por­ty, Türk­me­na­bat şä­he­ri­niň ae­ro­por­ty, Da­şo­guz şä­he­ri­niň ae­ro­por­ty hem-de Ma­ry şä­he­ri­niň ae­ro­por­ty­dyr.
Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da awia­tor­la­ry­myz hal­ka­ra we ýer­li ho­wa gat­naw­la­ryn­da on­lar­ça mil­li­on ýo­lag­çy gat­nat­dy­lar, ýa­rym mil­li­on ton­na go­laý ýük we poç­ta ýük­le­ri­ni da­şa­dy­lar. Hä­zir­ki wagt­da Azi­ýa­nyň we Ýew­ro­pa­nyň iri şä­her­le­ri­niň 11-sin­de awia­kom­pa­ni­ýa­my­zyň we­kil­ha­na­la­ry bar.