Amatly geografik ýerleşişini, şeýle hem Türkmenistanyň aeroportlarynyň infrastrukturasynyň ösenligini göz öňünde tutup, onlarça daşary ýurt awiakompaniýalary agyr ýük laýnerlerinde söwda maksatly yzygiderli ýük gatnawlaryny amala aşyrýarlar. Yzygiderli uçuşlaryny amala aşyrýan şeýle awiaýükdaşaýjylaryň arasynda “Lufthansa”, “Cargo”, “Turkish Cargo”, “CargoLux” ýaly iri awiakompaniýalar bar.
2015-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistan bilen Lýuksemburguň arasynda howa gatnawyny ýola goýmak baradaky ylalaşyk gazanyldy. Iýun aýynda Ýewropanyň iri ýük daşaýjy “CargoLux” awiakärhanasy Lýuksemburg – Türkmenbaşy aralygy boýunça yzygiderli ýük gatnawlaryny ýerine ýetirip başlady.
Häzirki zaman howa derwezesiniň hyzmat ediş mümkinçiligi sagatda 1600 ýolagça deň. Aeroport birwagtyň özünde islendik görnüşdäki birnäçe uçary kabul edip bilýär. Taslama üç terminaly öz içine alýar – ýolagçy, VIP, ýük, uçuş-gonuş zolagy we beýlekiler. Täze aeromenzil 1200 gektar meýdany eýeläp, 40-dan gowrak binany we desgalary öz içine alýar.
Dispetçer diňi, güýçli radar, awtomatlaşdyrylan gözegçilik ulgamy aeroportuň jogapkärligindäki zolagynyň howa hereketlerine doly gözegçiligi üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Aerotoplumyň gulluklary ähli uçuşlaryň howpsuzlygynyň ýokary derejesini üpjün etmäge we ýolagçylara edilýän hyzmatyň derejesini artdyrmaga mümkinçilik berýän iň täze enjamlar, tehnikalar we mehanizmler bilen abzallaşdyrylan. Bulardan başga-da howa gämilerine tehniki hyzmat boýunça Tehniki merkez, awialaýnerler üçin iýmit taýýarlamak boýunça “Catering” binasy, ýük terminaly CARGO, awiasiýa üçin işgärleri taýýarlamak boýunça mekdep, şeýle hem trenažýor toplumy, 3800 metrlik iki uçuş-gonuş zolagy “Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugynyň düzüminde täze iş ýerlerini döretmegi şertlendirýär.
Ýük terminalynyň umumy meýdany 17 müň 174 inedördül metrden ybarat. Terminal ýylda 200 müň tonna ýüki taýýarlamaga ukyply. Şeýle hem bu ýerde Aragatnaşyk ministrliginiň “Türkmenpoçta” döwlet şereketiniň paýlaýjy merkezi ýerleşýär. Awiaýüklere hyzmaty modenizirlemek milli raýat awiasiýasyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň awiagullugynyň işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini durmuşa geçirmegiň çäklerinde Aşgabat şäheriniň Halkara aeroportunyň ýük terminaly häzirki zaman tehnologik enjamlary bilen abzallaşdyryldy. Türkmen paýtagtynyň Halkara aeroportundaky “Kargo” terminaly diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş sebitde hem iri we has ýokary tehnologik awiaýük merkezidir.
Aşgabat şäheriniň täze Halkara aeromenzil toplumynyň iň iri desgalarynyň biri hem sagatda 1600 ýolagça hyzmat etmäge ukyply bolan Ýolagçy terminalydyr. Onuň umumy meýdany 145 müň inedördül metr bolup, ol ozalky ýolagçy terminalyndan üç esse uly. Täze terminalda ýolagçylar üçin ähli şertler we amatlyklar göz öňünde tutulypdyr.
Terminalyň taslamasy ýolagçylara hyzmat etmekde Raýat awiasiýasynyň, şeýle hem, Halkara Awiaulgam Assosiasiýasynyň ülňülerine we talaplaryna laýyklykda işlenip düzüldi. Ýolagçy terminaly ýylda 14 million ýolagça hyzmat etmek mümkinçiligine eýedir. Köp ýolagçy akymyna hyzmat etmek zerurlygy ýüze çykanda, hyzmat ediş terminalynyň mümkinçiligi sagatda 4800 ýolagça ýetip biler. Ýolagçy terminalynda jemi 30 trap bolup, olaryň 8-si içerki awiagatnawlar üçin niýetlenendir. Bulardan başga-da, terminaldan uzakda 22 awialaýner bar. Ýolagçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, terminal dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli enjamlar we innowasion tehnologiýalar bilen abzallaşdyrylan.
Ýolagçy terminalynyň düzümine 2 VIP – zolak girip, ol ýerde ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek üçin ähli şertler, iýmit üçin 32 sany aýratyn ýer, şol sanda 5 restoran, jemi 19 söwda nokady, “duty free”-niň 7 dükany, şeýle hem ýolagçylara hyzmat etmek üçin beýleki gulluklar göz öňünde tutulan. Aşgabat şäheriniň täze aeromenzil toplumy 2016-njy ýylyň sentýabrynda açylyp ulanmaga berildi.