Geçen aýda global azyk harytlarynyň bahalary ýene-de aşaklap, yzly-yzyna ikinji aý aşak düşdi. Şol bir wagtyň özünde, hünärmenler 2021-nji ýylyň iýulynda azyk önümleriniň bahasynyň indeksiniň 2020-nji ýylyň iýul aýy bilen deňeşdirilende, 31 göterim ýokarydygyny nygtaýarlar. Bu barada BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasy (FAO) habar berýär.

Bu görkeziji iň köp sarp edilýän azyk önümleriniň halkara bahalarynyň üýtgemegini yzarlamak üçin ulanylýar. Iýul aýynda hasaba alnan pese gaçyş galla we ösümlik ýaglarynyň, şeýle hem süýt önümleriniň köpüsiniň bahasynyň azalmagynyň netijesinde boldy. Et önümleriniň we şekeriň bahasy birneme ýokarlandy.

Argentinada hasylyň garaşylyşyndan has ýokary bolmagy sebäpli mekgejöweniň halkara bahasy öňki aýdan 6 göterim arzanlady we ABŞ-nyň hasyl baradaky çaklamalaryny gowulandyrdy.

Tüwiniň halkara bahalary soňky iki ýylda iň pes derejä ýetdi, bu walýuta hümmetiniň üýtgemegi we transport çykdajylarynyň ýokary bolmagy sebäpli satuwyň depgininiň haýallamagy bilen baglanyşykly.

Şol bir wagtyň özünde iýul aýynda bugdaýyň bahalary 1,8 göterim ýokarlanyp, Demirgazyk Amerikadaky gurak howa ýagdaýlary sebäpli 2014-nji ýylyň ortalaryndan bäri iň ýokary derejä ýetdi.

Süýt önümleriniň bahasy iýun bilen deňeşdirilende 2,8 göterim arzanlap, muňa tomus dynç alyşlarynyň dowam etmegi sebäpli Demirgazyk ýarym şarda bazar işjeňliginiň peselmegi täsir etdi. Has-da guradylan süýdüň, mesge ýagynyň we peýniriň bahasy arzanlady.

Ösümlik ýagynyň bahasy iýun bilen deňeşdirilende 1,4 göterim azaldy: palma ýagynyň bahasynyň ýokarlanmagy soýa, raps we günebakar ýaglarynyň bahasynyň arzanlamagynyň öwezini dolmady.

Argentinadaky esasy ýangyç garyndysy bolan bio-ýangyjyň paýynyň çäklendirmegi, soýa ýagynyň bahasynyň peselmegine sebäp boldy.  Raps we günebakar ýagynyň bahasynyň arzanlamagy 2021-2022-nji ýyl möwsüminde üpjünçiligiň rekord derejede ýokarlanjakdygy baradaky çaklamalaryň döremegine sebäp boldy.