Soň­ky ýyl­lar­da Türk­me­nis­ta­nyň äh­li ýer­le­rin­de iň öň­de­ba­ry­jy teh­ni­ka­lar bi­len üp­jün edi­len döw­re­bap ho­wa men­zil top­lum­la­ry, de­mir ýol men­zil­le­ri­niň bi­na­la­ry gu­rul­dy, po­lat ýol­la­ryň hem-de giň aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň müň­ler­çe ki­lo­met­ri çe­kil­di, in­že­ner­çi­lik des­ga­la­ry – de­mir ýol we aw­to­mo­bil köp­rü­le­ri gu­rul­dy.
Aw­to­mo­bil ýol­la­rynyň dü­zü­mi­niň ösü­şi döw­re­bap de­re­je­de al­nyp ba­ryl­ýar. Dün­ýä öl­çeg­le­ri dür­li se­bit­le­ri bir­leş­dir­ýän aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň esa­sy hä­si­ýet­na­ma­sy­dyr. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­tou­lag ýol­la­ry­ny (aw­to­ban­la­ry) gur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Tä­ze “Aş­ga­bat-Türk­men­ba­şy” ýo­ly “Aş­ga­bat-Da­şo­guz” aw­tou­lag ýo­lu­nyň 24-nji ki­lo­met­rin­den baş­lan­ýar we Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de ta­mam­la­nar.
Aw­to­ba­nyň umu­my uzyn­ly­gy 564 ki­lo­met­re, ýo­luň giň­li­gi 34,5 met­re ba­ra­bar bo­lar. Ýol gat­naw ug­ry bo­ýun­ça her bi­ri 15 met­re ba­ra­bar bo­lan iki bö­le­ge bö­lün­di. Ýo­luň tu­tuş ug­ry bo­ýun­ça bar­lag-goý­be­riş no­kat­la­ry­nyň 9-sy­ny, teh­ni­ki hyz­mat ediş du­ral­ga­la­ry­nyň 9-sy­ny, ýan­gyç gu­ýu­jy beketleriň 7-si­ni gur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şeý­le hem ula­nyş gul­lu­gy­nyň 5 bi­na­sy­ny, 3 ke­ping, aw­tou­lag­lar üçin 20 du­ral­ga­ny, jem­gy­ýet­çi­lik iý­mi­ti no­kat­la­ry­ny gur­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Aw­to­ba­nyň ug­run­da ýol ge­çi­ri­ji­le­ri­niň 12-si, de­mir-be­ton köp­rü­le­ri­niň 217-si gur­lar. Ýo­luň umu­my be­ýik­li­gi ýa-da dy­kyz­ly­gy 1 metr 22 san­ti­met­re ba­ra­bar bo­lar.
“2012-2016-njy ýyl­lar­da Türk­me­nis­ta­nyň ulag we ara­gat­na­şyk pu­da­gy­ny ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň” çäk­le­rin­de ulag ul­ga­my­ny hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk ge­tir­mek ba­bat­da ägirt uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Tä­ze aw­to­men­zil­le­riň gur­lu­şy­gy do­wam ed­ýär. 2014-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da 2 müň ýo­lag­ça hyz­mat et­mä­ge ukyp­ly Hal­ka­ra ulag ter­mi­na­ly­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy.
Bu ul­gam­da mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­le­ri alyp bar­mak bi­len, Türk­me­nis­tan tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­ri ugur edin­ýär. Ägirt uly äh­mi­ýe­ti bo­lan iň hä­zir­ki za­man ulag ýol­la­ry ulan­ma­ga be­ril­ýär. Ola­ryň ýa­ka­syn­da paý­tag­ty­my­zyň döw­re­bap bi­na­gär­lik des­ga­la­ry gu­rul­dy we gu­rul­ýar. Paý­tag­ty­myz­da­ky ulag ýol­la­ry­nyň gur­lu­şy­gyn­da we ola­ry döw­re­bap­laş­dyr­mak­da top­la­nan tej­ri­be ýur­du­my­zyň beý­le­ki şä­her­le­rin­de şeý­le des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gyn­da iş­jeň ula­nyl­ýar.
2015-nji ýyl­da ýur­du­myz­da ýo­lag­çy gat­nat­mak­da aw­to­mo­bil ulag­la­ry­nyň udel ag­ra­my 82,6 gö­te­ri­me deň bol­dy. Umu­man, 2015-nji ýyl­da Türk­me­nis­tan­da 494,1 mil­li­on ton­na ýük da­şal­dy. Mu­nuň özi 2014-nji ýy­lyň möç­ber­le­ri­ne ga­ra­nyň­da, ösüş dep­gi­ni­niň 102,8 gö­te­ri­me deň bo­lan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar. Ýo­lag­çy gat­nat­mak 984 mil­li­on ada­ma ýe­tip, onuň ösüş dep­gi­ni 103,5 gö­te­ri­me deň bol­dy.
Türk­me­nis­tan Hal­ka­ra Aw­to­mo­bil ulag­la­ry bir­le­şi­gi­niň (IRU), Ýew­ro­pa yk­dy­sa­dy ko­mis­si­ýa­sy hem-de ES­KA­TO ýa­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len bi­le­lik­de, hal­ka­ra de­re­je­sin­de hä­zir­ki za­man ga­ra ýol­la­ryň gur­lu­şy­gy­nyň tas­la­ma­la­ry­nyň üs­tün­de iş­le­ýär. Bu ugur­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­lan­gy­jy esa­syn­da Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­ny Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­na alyp bar­ýan Mo­dal ýo­ly dö­ret­me­giň müm­kin­çi­li­gi ara alyp mas­la­hat­la­şyl­ýar. Şu tek­li­bi Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­ýän Dur­nuk­ly ulag ul­ga­my bo­ýun­ça Äh­lu­mu­my mas­la­ha­tyň ses­si­ýa­la­ryn­da-da ara alyp mas­la­hat­laş­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.
Bu ge­çel­gä­niň hem äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Hal­ka­ra Aw­to­mo­bil ulag­la­ry bir­le­şi­gi bu tek­li­be uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär. Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň gün­ba­tar bö­le­gin­den ulag ge­çel­ge­si­niň dö­re­dil­me­gi Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň tä­ze­den di­kel­dil­me­gi­ne hem-de iki uly yk­dy­sa­dy zo­la­gy – Ýew­ro­pa bi­len Azi­ýa­ny bir­leş­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer. Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy sy­ýa­sa­ty Mer­ke­zi Azi­ýa hem-de Ha­zar deň­zi­niň bas­seý­ni­ni Ýew­ra­zi­ýa yk­ly­myn­da stra­te­gik taý­dan kuw­wat­ly se­bit­le­riň bi­ri­ne öwür­mek­den yba­rat­dyr. Ol hem Ýew­ro­pa bi­len Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne öz sal­dam­ly go­şan­dy­ny go­şar.
Şeý­le hem Türk­me­nis­tan Ýew­ro­pa—Kaw­kaz—Azi­ýa (TRA­SE­KA) mak­sat­na­ma­sy­na iş­jeň gat­na­şy­jy bo­lup, oňa gat­na­şy­jy­lar bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­lyk ed­ýär. Şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len öňe sür­len “Or­ta Azi­ýa –Ýa­kyn Gün­do­gar” (Öz­be­gis­tan—Türk­me­nis­tan—Eý­ran—Oman) tä­ze ulag ge­çel­ge­si­niň tas­la­ma­sy­nyň örän äh­mi­ýet­li­di­gi­ni bel­le­me­li­di­ris, oňa gat­naş­ma­ga goň­şy ýurt­la­ryň bir­nä­çe­si uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär.
Şeý­le­lik bi­len, Türk­me­nis­tan bu me­se­le­ler ba­bat­da öz çe­me­leş­me­le­ri­ni ke­ma­la ge­ti­rip, di­ňe bir se­bi­tiň döw­let­le­ri­niň däl, eý­sem, has giň – yk­ly­ma­ra möç­ber­ler­de-de, yk­dy­sa­dy bäh­bit­ler ug­run­da-da özü­niň tiz ös­ýän ulag-üs­ta­şyr ge­çi­riş kuw­wa­ty­ny he­re­ke­te ge­tir­me­giň müm­kin­çi­lik­le­rin­den ugur al­ýar.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň alyp bar­ýan “Açyk ga­py­lar” sy­ýa­sa­ty­nyň, bu ul­gam­da öza­ra he­re­ket et­me­giň, şol san­da BMG-niň hem-de beý­le­ki ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň çäk­le­rin­de gat­na­şyk et­mek me­se­le­le­rin­de tut­ýan iş­jeň or­nu­nyň ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myz iri dü­züm­le­ýin tas­la­ma­la­ryň ba­şy­ny baş­la­ýar hem-de da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len bi­le­lik­de, ola­ry ýe­ri­ne ýe­ti­rip, bu ugur­da ne­ti­je­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň pug­ta­lan­ma­gy­na we gi­ňe­me­gi­ne uly go­şant goş­ýar.