11 ýa­şa çen­li süňk­le­ri­mi­ziň 45 %-i, 17 ýa­şa çen­li 90 %-i ösüp ýe­tiş­ýär. Şol döwürde süňk­le­ri­mi­ze üns ber­me­sek, nä­saz­ly­ga el­tip bi­ler. Süňk­le­ri­mi­ziň ös­me­gi we güýç­len­me­gi bi­ziň öz eli­miz­de­dir. Me­se­lem, her gün bir bul­gur süýt içil­me­li, ga­tyk we peý­nir iýil­me­li. D wi­ta­mi­ni bo­lan Gü­nüň şöh­le­si hem peý­da­ly­dyr. Süňk­ler­de nä­saz­lyk bol­maz­ly­gy üçin uzak wagt­lap, te­le­wi­zo­ryň we komp­ýu­te­riň ba­şyn­da otur­mak­dan ga­ça du­rul­ma­ly­dyr. Otur­gyç­da otur­la­nyn­da ýa-­da ýö­räp ba­ryl­ýar­ka bil gö­ni sak­la­nyl­ma­ly­dyr. Şeý­le edil­me­se, küý­kü­li­ge el­tip bi­ler.
Mähriban çagalar! Eger siz bu­la­ra üns ber­se­ňiz gel­jek­de be­de­ni­ňi­ziň sag­dyn we güý­ç­li bo­lup ýe­tiş­me­gin­de tä­si­ri­ňiz has köp bo­lar.
Gatyk barada näme bilýäris?
Süýdüň ga­ty­ga öw­rül­me­gi­ne lak­tik aş­ga­ry­ny (kis­lo­ta) eme­le ge­tir­ýän bir mik­ro­or­ga­nizm bar­. Bu mik­ro­or­ga­nizm, be­den ýy­ly­ly­gyn­da has go­wy kö­pel­ýär. Ga­tyk, süý­düň şe­ke­ri­niň (lak­to­zyň), ga­tyk ma­ýa­sy­nyň tä­si­ri bi­len do­ly lak­tik aş­ga­ry­na dö­nen uýan süýt­den yba­rat­dyr.
Bu gün­ki luk­man­çy­lyk­da ga­tygyň dur­mu­şy­myz­da köp ga­bat gel­ýän al­ler­gi­ýa, aş­ga­zan ke­sel­le­rin­de, ýo­ka­ry gan ba­syş ke­sel­le­ri­ne se­bäp bol­ýan hol­­les­ti­rol­la­ra, ýü­rek-da­mar näsazlyklaryna gar­şy go­raý­jy­ly­gy­nyň güýç­lü­di­gi do­ly anyk­la­nyl­dy. Esa­san hem A, B, E ýo­ku­mlary­na (wi­ta­min­le­ri­ne) baý­dyr. Ka­lo­ri­ýa­sy bolsa pes­dir. Bu se­bäp­li hem ol sa­çak­la­ry­myz­da unu­dyl­ma­ýan nyg­mat­la­ryň bi­ri­dir. Aý­ra­tyn hem, süýt şe­ke­ri­niň eme­le ge­tir­ýän kä­bir iç­geç­me­ler ne­ti­je­sin­de, süýt içip bil­me­ýän ça­ga­la­ra onuň ýe­ri­ne ga­tyk içmeklik ber­mek mas­la­hat be­ril­ýär.

peýdaSy
Ýokumlylygy süýde görä, has ýokarydyr.
Düzümi proteine, peýdaly ýaglara, witaminlere we minerallara baý.
Süýdi, siňdirmekde kynçylyk çekýänlere gatygy arkaýyn ulanmak mümkinçiligi bar.
Siňdirilmegi aňsat bolanlygy üçin, iýmit siňdiriş ulgamyny kadalaşdyrýar.
Gatyk bakteriýalary, bedenimizi zyýanly mikroorganizmlerden goramak ukybyna eýedir.
Hollestiroly pese düşürmek güýjüne eýedir.
Gatygyň bedenimiziň goranyş ukybyny oýaryjy häsiýetlere eýedigi belli edildi. Esasy ýaşulularda goranyş ukybyny güýçlendirmek bilen, kesellere garşy durujylygy artdyrýar.

taryhy
Gaty­gyň nä­hi­li ýü­ze çy­kan­ly­gy ba­ra­da anyk mag­lu­mat­ ýok, ýöne ka­ka­dan og­la haýsydyr bir syr görnüşinde ge­çen­di­gi­ne şaýatlyk edýän ro­wa­ýat­lar saklanyp galypdyr. Kö­ne tür­­ki dil­de ýo­gurt sö­zi “ýo­gurt” kä­ha­lat­lar­da bolsa, “ýog­rut” görnüşinde di­ňe VIII asyryň ýaz­gy­la­ryn­da ga­bat ge­l­inýär. Gatyk türk­men saçagynda hem giň­den ula­nylýar.