Tomus paslynyň ahyrky aýy täze okuw ýylynyň ýetip gelýändigini aňlatmak bilen, ýurdumyzyň şäherlerinde köp sanly mekdep bazarlary iň köp adamly ýerlere öwrülýär. Ene-atalar çagalaryna okuw esbaplaryny alyp bermek bilen, täze okuw ýylyna taýýarlaýarlar. Çagalar üçin mekdep bazarlarynyň guralmagy ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi.
Awgust aýynyň başyna paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda mekdep bazarlary işläp başlady. Ýurdumyz boýunça jemi söwda nokatlarynyň 410-sy, şol sanda Aşgabat şäherinde 55-si, Ahal welaýatynda 48-si, Balkan welaýatynda 41-si, Lebap welaýatynda 79-sy, Mary welaýatynda 134-si we ýurdumyzyň demirgazyk sebiti Daşoguz welaýatynda 53-si açyldy.
Alyjylara amatly bolar ýaly mekdep bazarlary merkezi bazarlarda we döwlet dükanlarynyň ýanynda, ýaşaýyş jaýlarynyň golaýynda ýerleşdirildi. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň kär-hanalary tarapyndan guralan söwda nokatlary milli ölçeglere laýyk önümler – okuwçylara zerur esbaplaryň ählisi bilen üpjün edilipdir.
Alyjylaryň isleg bildirýän harytlarynyň arasynda ýurdumyzda öndürilen önümleriň agdyklyk etmegi has-da guwandyryjydyr. Şeýle harytlaryň hatarynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary, şeýle-de hususy telekeçiler tarapyndan öndürilen okuw egin-eşiklerini, aýakgaplary, dürli görnüşli köýneklik matalary, tahýa, çabyt, begres ýaly milli lybaslary hem-de şaý-sepleri görkezmek bolar. Türkmen döwlet neşirýat gullugy ta-rapyndan öndürilen dürli görnüşli okuw depderleri, hususy telekeçilerimiziň satuwa çykarýan beýleki okuw esbaplary hem bazarlaryň iň geçginli harytlarydyr.
Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde mekdep bazarlarynyň işläp başlamagy ene-atalara we çagalara, talyp ýaşlara täze okuw ýylyna gerek bolan harytlary bir ýerden satyn almaga ýardam edýär. Bu bazarlarda ähli zerur zatlar bolluk bilen üpjün edilendir. Munuň özi milli Liderimiziň ýurdumyzyň geljegi bolan çagalar baradaky edýän ýadawsyz aladalarynyň subutnamasydyr.
Ýaşlarymyzyň döwrebap bilimdir terbiýe almagy, olaryň berk bedenli we sagdyn ruhly, kämil düşünjeli ynsanlar bolup ýetişmegi ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bu günki ýaşlar asuda Watanymyza, hormatly Prezidentimize, mähriban halkymyza wepaly bolup ýetişmegi öz öňlerinde baş maksat edip goýýarlar.
Şeýle bolansoň ýurdumyzda ýaşlaryň diňe bir orta we ýokary okuw mekdeplerinde alýan bilimlerini ösdürmäge däl, eýsem, olaryň zerur bolan okuw esbaplary bilen doly üpjün bolmagy hem gazanylýar. Munuň şeýledigine häzirki wagtda işleýän mekdep bazarlarynyň okuwçy ýaşlar üçin niýetlenen dürli görnüşli okuw esbaplaryndan doly bolmagy hem şaýatlyk edýär.