Hindistanyň günortasynda, Kontagaý obasynda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde arheologlar bu ýerde gülläp ösen şäheriň bolandygyna şaýatlyk edýän birnäçe gadymy aramgähleri we desgalary tapdylar. Aramgähleriň birinden ýüze çykarylan hanjaryň uzynlygy 40 santimetre ýetýär. Poslap giden artefakt çykarylan wagty ikä bölündi.
Alymlar bu hanjaryň miladydan öň 300-nji ýyla çenli ulanylandygyny habar berýärler. Bu söweşijä degişli bolsa gerek. Artefakt laboratoriýa derňewi üçin tabşyryldy. Gazuw-agtaryş işlerinde sygyrlaryň, öküzleriň, gäwmişleriň we geçileriň köp sanly süňküniň hem tapylandygy bellendi. Bu ýokary derejede ösen oba hojalygyny görkezýär. Mundan başga-da, arheologlar palçykdan we kerpiçden ýasalan dürli desgalaryň galyndylaryny tapdylar. Olaryň içinden çukurlar tapylyp, megerem, sütünleriň yzlarydyr.
Alymlar takmynan 2500 ýyl mundan ozal häzirki Kontagaý obasynyň Kiladi medeniýetine degişli şäherleriň biri bolandygyny çaklaýarlar. Kilady medeniýetiniň yzlary öň golaýdaky Agaram, Manulur we Kiladi obalarynda ýüze çykarylypdy. Olar hakynda heniz onçakly arheologik maglumatlar ýok. Şeýle-de bolsa, Kontagaýda tapylan zatlar bu medeniýetiň wekilleriniň palçykdan ýasalan tabliçkalara we keramikalara gadymy dilde hat ýazandygyny görkezýär.