Elon Muskuň ýolbaşçylyk edýän “SpaceX” şereketi has ýokary tizlikli we köp giňişligi öz içine alýan interneti üpjün etmek maksady bilen köp mukdarda emeli hemrany uçurmagy maksat edinýär. Kompaniýa jemi 4 müň 425 hemrany uçurmak üçin ABŞ-nyň hökümetine ýüz tutdy. Dünýäniň kosmos pudagynda iş alyp barýan ilkinji hususy kompaniýanyň Marsda stansiýa gurmak we şoňa meňzeş uly taslamalary hem bar. Eger internet taslamasy amala aşyrylan ýagdaýynda, has ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatyny hödürlemäge mümkinçilik dörediler.