18-nji no­ýabr­da Los-An­je­les­de açy­lan hal­ka­ra aw­tou­lag ser­gi­sin­de dün­ýä­niň aw­tou­lag ön­dür­ýän öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň soň­ky mo­del­le­ri gör­ke­zil­ýär. 10 gün­läp do­wam et­jek çä­re 1907-nji ýyl­dan bä­ri gu­ral­ýar. Ser­gi­de “Al­fa Ro­meo Stelvio”, “BMW iPer­for­mance”, “Hon­da Civic Si”, “Ja­gu­ar Electric SUV”, “MI­NI Count­ry­man”, “Su­ba­ru Concept”, “Volks­wa­gen At­las” ýa­ly mo­del­ler gör­ke­zil­di. Şeý­le hem “As­ton Mar­tin DB10”, “Audi e-tron Quatt­ro”, “Scion”, “Su­ba­ru Imp­re­za Se­dan”, “Volks­wa­gen Golf GTI Clubs­port” ýa­ly nus­ga­lyk mo­del­ler köpçüligiň dykgatyna hödürlendi. “Fi­at 500 X” bol­sa öz­bo­luş­ly reň­ki bi­len ta­pa­wut­lan­dy. Hal­ka­ra göz­den ge­çi­ri­liş­de 27 ula­gyň dün­ýä bo­ýun­ça, 24 ula­gyň De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka bo­ýun­ça ta­nyş­dy­ry­ly­şy bol­dy.
“Al­fa Ro­meo”-nyň sa­byr­syz­lyk bi­len ga­ra­şyl­ýan SUV mo­de­li “Stelvio” il­kin­ji ge­zek köp­çü­li­ge gör­ke­zil­di. Bu ulag kom­pa­ni­ýa­nyň “Giu­lia” mo­de­li­niň ba­za­syn­da dö­re­di­lip­dir. Onuň çy­ra­la­ry, öň ta­ra­py­nyň şe­ki­li we ho­wa gir­mä­ge ni­ýet­le­nen gö­ze­nek­ler ony has kuw­wat­ly gör­kez­ýär. Ula­ga mü­nü­len­de özü­ňi ýa­ryş aw­to­mo­bi­li­niň için­de ýa­ly duý­ýar­syň. Onuň öňün­de 6,5 dýuým­lyk sen­sor­ly ek­ran ýer­leş­di­ri­lip­dir. Onuň beý­le­ki gör­nüş­le­rin­de bu ek­ra­nyň 8,8 dýuým­ly­gy bar. Ulag aň­ry­baş ses ul­ga­my bi­len hem üp­jün edi­lip­dir. Ula­gyň ka­po­ty­nyň aşa­gyn­da “Giu­lia” mo­de­lin­dä­ki 2,9-lyk “twin­Tur­bo V6 Quad­ri­fog­lio” mo­tor otur­dy­lyp­dyr. Kuw­wa­ty 505 at güý­jü­ne ba­ra­bar ulag sa­gat­da 100 ki­lo­metr tiz­li­ge ba­ry-ýo­gy 3,9 se­kunt­da ýet­ýär. Onuň iň ýo­ka­ry tiz­li­gi 284 km/s. Ula­gyň kuw­wa­ty 280 at güý­jü­ne ba­ra­bar he­re­ket­len­di­ri­ji­li ýe­ne bir gör­nü­şi bar. Onuň mo­to­ry­nyň göw­rü­mi 2 litr. Onuň iň ýo­ka­ry tiz­li­gi sa­gat­da 231 km.
“Al­fa Ro­meo Stelvio” in­di­ki ýy­lyň ikin­ji ýa­ry­myn­dan baş­lap, dün­ýä­niň dür­li ýer­le­rin­de sa­tu­wa çy­ka­ry­lar.
“Lam­borg­hi­ni Hu­racan Spy­der”: bu kom­pa­ni­ýa bi­ze kuw­wat­ly­lyk, ses we tiz­lik söz­le­ri­ni ýat­lad­ýar. “Lam­borg­hi­ni”-niň tä­ze ag­za­sy­nyň bi­rin­ji nus­ga­sy 2014-nji ýyl­da peý­da bo­lup­dy. Bu mo­del ozal­ky­lar­dan has agyr – 1509 kg. Ula­gyň he­re­ket­len­di­ri­ji­si yz ta­rap­da ýer­leş­di­ri­lip­dir. Onuň ho­wa çe­ki­ji gö­ze­nek­le­ri, öň ta­ra­pyn­da­ky çy­zyk­la­ry, yz­ky “ga­nat­la­ry” we gap­da­lyn­da­ky “ýüz­güç­le­ri” ula­gy has özü­ne çe­ki­ji gör­kez­ýär. Ula­gyň ti­gir­le­ri­niň ulu­ly­gy 19 dýuým. Onuň ýo­ka­r­sy­ny hem aç­mak bol­ýar. Mu­nuň üçin düw­mä ba­sanyň­dan soň, 17 se­kunt ga­raş­mak­ ýe­ter­lik. Ony he­re­ket edip bar­ýar­ka-da 50 km/s tiz­li­ge çen­li açyp ýa-da ýa­pyp bol­ýar. Aw­to­mo­bi­liň kuw­wa­ty 590 at güý­jü­ne ba­ra­bar bo­lan 5,2 litr­lik mo­to­ry bar. Ula­gyň 100 km/s tiz­li­ge ýet­me­gi üçin 3,6 se­kunt ýe­ter­lik. Iň ýo­ka­ry tiz­li­gi 320 km/s. Onuň ba­ha­sy ba­ra­da he­niz mag­lu­mat be­ril­me­di.

“Maz­da”: ýa­pon şe­re­ke­ti­niň CX-5 mo­de­li beý­le­ki ulag­la­ry­na ça­lym ed­ýär. “Maz­da” ýa­pon brend­le­ri­niň iň kuw­wat­ly ulag­la­ry­ny ön­dür­ýä­nem bol­sa, o di­ýen ta­nal­ma­ýar. Onuň tä­ze sport ula­gyn­da gy­zyl hrus­tal at­ly öz­bo­luş­ly reňk ula­ny­lyp­dyr. Ulag bren­diň “CX-9” at­ly “SUV” mo­de­li­ne meň­zeş­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Tä­ze mo­del di­ňe daş­ky gör­nü­şi bi­len däl, be­ýle­ki teh­ni­ki aý­ra­tyn­lyk­la­ry ba­bat­da hem şo­ňa meň­ze­ýär. Onuň uzyn­ly­gy 4550 mm, ini 1840 mm we be­ýik­li­gi 1690 mm. Bu bol­sa, onuň uzyn­ly­gy­nyň ozal­ky mo­del­den o di­ýen ta­pa­wut­ly däl­di­gi­ni gör­kez­ýär. Bu ula­gyň kuw­wa­ty­nyň ozal­ky mo­del­dä­ki­den 15 gö­te­rim ýo­ka­ry­dy­gy aý­dyl­ýar. Ula­gyň ben­zin­li we di­zel he­re­ket­len­di­ri­ji­li gör­nüş­le­ri dün­ýä­niň 120 ýur­dun­da sa­tu­wa çy­ka­ry­lar.

“Re­nault Me­ga­ne Sport Tou­rer”: fran­suz bren­di­niň hetç­bek ga­ba­ra­ly “Me­ga­ne” mo­de­li­niň go­laý­da se­dan şe­kil­li­si peý­da bo­lup­dy. Bu mo­del hem daş­ky gör­nü­şi ba­bat­da bren­diň beý­le­ki ag­za­la­ry­na ça­lym ed­ýär. Onuň ýo­ka­r­syn­da we­lo­si­ped we şo­ňa meň­zeş zat­la­ry ýük­le­mä­ge ni­ýet­le­nen ýeri bar. Ula­gyň ben­zin­li mo­tor­ly­sy­nyň kuw­wa­ty 115 at güý­jü­ne ba­ra­bar. Onuň he­re­ket­len­di­ri­ji­si­niň göw­rü­mi 1,6 litr­lik hem-de kuw­wa­ty 130 at güýçli, he­re­ket­len­di­ri­ji­si­niň göw­rü­mi 1,2 litr­lik gör­nüş­le­ri bar. Di­zel mo­tor­ly kuw­wa­ty 130 at güýç­li, me­ha­ni­ka tiz­lik ge­çi­ri­ji­li hem-de kuw­wa­ty 90 at güýç­li gör­nü­şi bar. Ula­gyň “4CONT­ROL” at­ly ul­ga­my ýo­ka­ry tiz­lik­de bar­ýar­ka çe­ýe­lik bi­len yg­ty­bar­ly ýag­daý­da öw­rül­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­ýär. “Me­ga­ne Sport Tou­rer” Ang­li­ýa­da 18550 funt ster­ling ba­ha­dan sa­ty­lar.
Iň ýyn­dam “Hon­da Civic”: In­di­ki ýyl­dan baş­lap sa­tu­wa çy­ka­ryl­jak “Civic Si” mo­de­li­niň he­re­ket­len­di­ri­ji­si­niň göw­rü­mi­niň 1,5 litr­di­gi mä­lim edil­di. Em­ma onuň kuw­wa­ty ba­ra­da jik­me-jik mag­lu­mat be­ril­me­di. Ula­gyň “Coupe” we se­dan ga­ba­ra­ly gör­nüş­le­ri bar. Kom­pa­ni­ýa­nyň we­kil­le­ri mo­de­liň iň ýo­ka­ry tiz­lik­li gör­nü­şi­niň “Hon­da Civic Si”-niň bol­jak­dy­gy­ny aýd­ýar­lar.
Kom­pa­ni­ýa şu ýyl “Civic Ty­pe R” at­ly nus­ga­lyk ula­gy­ny hem gör­ke­zip­di.

Iň “tä­ze” aw­tou­lag
Ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­tou­lag­la­ry ön­dür­me­gi bi­len ta­nal­ýan “Ja­gu­ar” ma­hal-ma­hal ozal­ky mo­del­le­ri­ni gaý­ta­dan çykarýar. Los-An­je­les­de ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra aw­tou­lag ser­gi­si üçin hem şeý­le ulag­la­ryň bi­ri ýö­ri­te ýa­sa­lyp­dyr. Iň­lis kom­pa­ni­ýa­sy­nyň “Ja­gu­ar XKSS” mo­de­li ge­çen asy­ryň ikin­ji ýa­ry­myn­da ön­dü­ri­lip­di. Onuň önüm­çi­li­gi­ne 1954-nji ýyl­da baş­lan­ýar. 1957-nji ýyl­da za­wod­da ýan­gy­nyň dö­rän­di­gi se­bäp­li, ony öndürmek tog­ta­dy­lyp­dy. Ba­ry-ýo­gy 16 sa­ny­sy ön­dü­ri­len “Ja­gu­ar XKSS” dün­ýä­niň iň gym­mat we seý­rek ulag­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Tä­ze ulag 18 aý­da ýa­sa­lyp­dyr. Kuw­wa­ty 262 at güý­jü­ne ba­ra­bar bo­lan ula­gyň he­re­ket­len­di­ri­ji­si­niň göw­rü­mi 3,4 lit­r.