Şu gün Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde Tokio Olimpiýa oýunlarynda kümüş medala mynasyp bolan Polina Gurýewany sylaglamak dabarasy geçirildi.

Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda ilkinji Olimpiýa kümüş medalyna Tokioda geçýän Oýunlarda aşgabatly sport ussady Polina Gurýewa mynasyp boldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby bu ýeňşi 14 ýurduň 59 kg çenli agram derejesindäki wekilleri bilen bäsleşikde gazandy.

Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedow ildeşimiz Polina Gurýewa Hormatly Prezidentimiziň adyndan sylaglaryny gowşurdy.

Türkmenistanyň Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji medaly gazandyran ildeşimiz Polina Gurýewa 50  müň Amerikan dollary möçberinde pul baýragy hem-de Aşgabat şäherinden 3 otagly ýaşaýyş jaýynyň we gymmat bahaly awtoulagyň (“Lexus LX 570 Sport Plus” ) açarlary gowşuryldy. Şeýle hem “Türkmenistanyň at gazanan sport ussady” diýen ady dakyldy.

 

A toparda iki görnüşli ýaryşda çykyş eden türkmen agyr atletikaçysy özi üçin rekord netijäni (217 kg) gazanmak bilen (silterläp – 96 kg, itekläp – 121 kg), üçünji orny eýelän Ýaponiýaly türgen Mikiko Andodan (silterläp – 94) kg, itekläp – 120 kg) 3 kg öňe geçdi. Bu agyrlyk kategoriýasynda birbada götermekde (103 kg), itekläp götermekde (133 kg) we iki görnüşli ýaryşyň jemi boýunça (236 kg) netije görkezmek bilen, üç olimpiýa rekordyny goýan dört gezek dünýä çempiony, 12 dünýä rekordynyň eýesi Kuo Sing-Çžun (Taýwan) birinjiligi eyeledi.

Türgen gyzyň geçen özboluşly sport ýoly barada gysgaça durup geçsek, Polina Gurýewa sport bilen 2011-nji ýyldan bäri yzygiderli meşgullanýar. Ol ilki gimnastika bölümine gatnaşdy, soňra agyr atletika bilen meşgullanmaga girişipdi. Zenan maşgala üçin aňsat bolmadyk bu kyn sportuň esaslaryny oňa ilkinji tälimçisi Ahmet Saryýew öwretdi, hut şonuň ýolbaşçylygynda-da Polina 2017-nji ýylda Bakuda geçirilen Yslam ýurtlarynyň IV raýdaşlyk oýunlarynda altyn medal gazandy. Häzirki wagtda P.Gurýewa Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebinde milli ýygyndy toparyň baş tälimçisi Artur Emirýandan tälim alýar.

Türk­me­nis­ta­na il­kin­ji Olim­pi­ýa me­da­ly­ny ge­ti­ren tür­gen gy­zyň üs­tün­lik­le­ri ba­ra­da ýat­la­sak, 2017-nji ýy­lyň ma­ýyn­da Azer­baý­ja­nyň paý­tag­ty Ba­ku şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Ys­lam Raý­daş­lyk oýun­la­ryn­da ga­za­ny­lan al­tyn me­dal, 2018-nji ýy­l  yň mar­tyn­da Öz­be­gis­ta­nyň Daş­kent şä­he­rin­de ýaş­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ri­len Azi­ýa çem­pio­na­tyn­da ga­za­ny­lan bü­rünç me­dal ba­ra­da aýt­mak ge­rek. P.Gur­ýe­wa ýe­ne-de iki sa­ny uly ýa­ryş­da – 2019-njy ýy­lyň ap­re­lin­de Fi­ji Res­pub­li­ka­syn­da ge­çi­ri­len ýaş­la­ryň ara­syn­da­ky dün­ýä çem­pio­na­tyn­da hem-de 2021-nji ýy­lyň ap­re­lin­de Öz­be­gis­ta­nyň Daş­kent şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Azi­ýa çem­pio­na­tyn­da dör­dün­ji or­ny eýe­le­me­gi ba­şar­dy.