19-20-nji no­ýabr ara­ly­gyn­da Pe­ru­da ge­çi­ri­len Azi­ýa – Ýu­waş um­ma­ny yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk sam­mi­tin­de oňa gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň ara­syn­da tä­ze yla­la­şyk­la­ra gol çe­kil­di. Sam­mit Ýu­waş um­ma­ny­nyň ke­nar­ýa­ka ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da ge­çi­ril­ýär. Ýo­ka­ry de­re­je­li ýyg­nak­da bu ýurt­la­ryň ara­syn­da er­kin söw­da do­la­ny­şy­gy­nyň ýo­la go­ýul­ma­gy ba­ra­da yla­laş­dy­lar.
Sam­mi­tiň açy­ly­şyn­da çy­kyş eden Pe­ru­wyň Pre­zi­den­ti Ped­ro Pab­lo Ku­çins­ki glo­bal söw­da­nyň öňün­dä­ki päs­gel­çi­lik­ler ara­dan aý­ry­lan­da, iş­çi güý­jü­niň hem go­ral­ma­ly­dy­gy­na aý­ra­tyn ün­si çek­di. Ol bu ba­bat­da di­ňe söw­da­nyň däl, eý­sem, ma­ýa go­ýum­la­ryň we iş­çi güý­jü­niň hem äh­mi­ýe­ti­niň ulu­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
Sam­mi­te ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Ba­rak Oba­ma, Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin, Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­ly­gy Si Szin­pin we beý­le­ki ýurt­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry gat­naş­dy­lar.
Sam­mi­te gat­na­şan HHR-iň Baş­ly­gy Si Szin­pin glo­bal söw­da­ny art­dyr­mak üçin has iş­jeň hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge taý­ýar­dyk­la­ry­ny aýt­dy. Hy­taý bi­len Rus­si­ýa Azi­ýa – Ýu­waş um­ma­ny se­bi­tin­de tä­ze er­kin söw­da zo­la­gy­ny dö­ret­mek ba­bat­da bi­le­lik­de has-da ýyg­jam hyz­mat­daş­lyk eder­ler. Si Szin­pin öz ýur­du­nyň da­şa­ry ýurt­ly ma­ýa­dar­lar üçin he­mi­şe açyk­dy­gy­ny bel­le­di. 21 ag­za­sy bo­lan gu­ra­ma­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li ýyg­na­gyn­da Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň ýol­baş­çy­sy mun­dan beý­läk-de ma­ýa go­ýu­muň has er­kin bol­ma­gy­na go­şant goş­jak­dyk­la­ry­ny, şeý­le hem, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň glo­bal­laş­ma­gy­na has köp gol­daw ber­jek­dik­le­ri­ni aýt­dy.
Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy Azi­ýa – Ýu­waş um­ma­nyn­da se­bit­le­ýin gi­ňel­di­len yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk (ACEP) yla­la­şy­gy­ny ýo­la goý­mak is­le­ýär. Pe­ru ýo­ka­ry dep­gin­de ös­ýän Azi­ýa ýurt­la­ry bi­len has ýa­kyn­dan gat­na­şyk sak­la­mak üçin bu yla­la­şy­ga go­şul­mak is­le­ýär. Si Szin­pin La­tyn Ame­ri­ka ýurt­la­ry­ny hem bu yla­la­şy­ga go­şul­ma­ga ça­gyr­dy.
Sam­mit­de oňa gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry çy­kyş edip, hal­ka­ra söw­da ul­ga­my­ny ös­dür­mek­dä­ki tek­lip­le­ri­ni be­ýan et­di­ler. Sam­mi­tiň çäk­le­rin­de oňa gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­nyň ara­syn­da iki­çäk du­şu­şyk­lar ge­çi­ril­di.
Bir­le­şik 1989-njy ýyl­da Kan­ber­ra­da Awst­ra­li­ýa­nyň we Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň hö­kü­met baş­lyk­la­ry­nyň ta­gal­la­sy bi­len dö­re­dil­di. Sek­re­ta­ri­ýa­ty Sin­ga­pur­da ýer­leş­ýän bir­le­şi­ge 21 ýurt we se­bit ag­za bo­lup dur­ýar. Olar öz ara­la­ryn­da söw­da­ny we ma­ýa go­ýum­la­ry art­dyr­ma­gy mak­sat edin­ýär­ler.