(Türkmen halk ertekisi)
Bir bar eken, bir ýok eken, gadym zamanda örän sahy we halalhon bir baý söwdagär bolupdyr. Söwda etmek üçin her bir ýurda onuň özi gider ekeni. Söwda gidende hiç wagt ýolda oba sowlup, myhman bolmaz eken.
Günlerde bir gün ol hyzmatkärleriniň birini ýanyna alyp, birnäçe düýäni her dürli gymmatbaha zatlardan ýükläp, başga bir ýurda söwda gidýär. Barýarkalar ýolda dem-dynç almak üçin bir obanyň golaýynda düşleýärler. Düýelerini duşaşdyryp, örä goýberýärler. Soňra söwdagär hyzmatkärini iki adama nahar bolar ýaly ýumurtga alyp gelmek üçin golaýdaky oba iberýär. Hyzmatkäri oba baryp bir garry aýaldan on sany ýumurtga satyn alýar. Ol ýumurtgalary bişirip berýär. Hyzmatkär ol ýumurtganyň bahasyny bermegi ýadyndan çykarýar. Garry hem onuň bahasyny soraşmagy unudýar.
Hyzmatkär gaýdyp gelýär we hojaýyny bilen nahar edinip, soň düýelerini ýükläp, ýola düşýärler. Aradan bir gün geçenden soň, söwdagär ýadyna düşüp hyzmatkärden soraýar:
– Düýnki alan ýumurtgalaryň bahasyny beripmidiň? Hyzmatkäriň edil şu pursat olaryň bahasyny bermändigi ýadyna düşýär-de, ony boýun alýar.
Onda söwdagär:
– Şu ýerde düşläli, men gelýänçäm, sen şu taýda bol, ýumurtganyň bahasyny üzüp geleýin – diýýär.
Onda hyzmatkär:
– Yzymyza gaýtmaly. Onuň on ýumurtgasynyň bahasy ýarym manat. Söwda edeniňizde şol puly hem beýleki maýamyz bilen goşup ýöredeli we hemme eden peýdamyzy hasaplap, ýarym manada düşýänini ýumurtganyň eýesine eltip bereli. Muňa garry hem razy bolar – diýýär.
Söwdagär hyzmatkäriň aýdanyny makul bilýär we ugraýarlar. Barjak ýurtlaryna aşýarlar. Alyp giden mallaryny satyşdyrýarlar, aljak zatlaryny alýarlar. Şonluk bilen, eden söwdalaryny we gören peýdalaryny hasaplaýarlar. Şol sanda on ýumurtganyň bahasyna düşýän girdejini-de takyklaýarlar. Ahyrda işlerini gutaryp, öz ýurtlaryna gaýdýarlar. Az ýöräp, köp ýöräp aradan birnäçe gün geçenden soň, hälki ýumurtga satan garry aýalyň obasynyň golaýynda düşleýärler.
Düýelerini duşaşdyryp, örä goýberip, hyzmatkär hälki on ýumurtganyň bahasyny we ondan giren peýdany alyp, garrynyň öýüne barýar. Amanlyk-saglyk soraşyp, alan ýumurtgasynyň bahasyny ýatlaryndan çykaryp, bermän gidendiklerine gynanandyklaryny aýdýar we olaryň bahasyna düşen peýdasy bilen kempire uzadýar.
Onda garry:
– Heý-de, beýle kän peýda bolarmy? Bu diýýän zadyň heňe gelenok. Muň ýaly köp zady ýarym manadyň peýdasy diýip, alyp bilmen. Bu bolup biljek zat däl – diýip, ýumurtganyň bahasyndan artyk zady almajak bolýar.
Ahyrda hyzmatkär janygyp ynandyrandan soň, kabul edýär, ýene on ýumurtgany bişirip satýar-da, bahasyny nagt alýar.
Ýarym manat puly şeýle kän peýda getiren kempir begenjine bu ýagdaýy goňşularyna derrew buşlap çykýar. Muny eşidenden päliýaman bozgagyň biri onuň ýanyna gelip:
– Seniň on ýumurtgaň bahasy elli tümenden hem kän boljak. Eger sen on sany ýumurtgany basyran bolsaň, olardan on jüýje çykardy. Ulalanlaryndan soň, olaryň hemmesi hem ýumurtgalap başlardy. On towugy basyran bolsaň, her biri azyndan 10–12 jüýje bererdi. Şonluk bilen, ýumurtgalap we jüýjeläp ýören towugyň sany bu wagta çenli örän köp bolardy. Bu elli tümen örän az bolýar. Sen bu elli tümeni yzyna gaýdyp ber-de, patyşa arz et we doly haklaşdyrylmagyňy talap et – diýýär. Garyp aýal hem bozgagyň gepine gidip, elli tümeni köp görenini ýadyndan çykaryp, nebsine buýrup bilmän, ol elli tümeni äkidip söwdagäre berýär-de:
– On ýumurtganyň şunça wagtyň içinde maňa berip biljek haýry elli tümeniň çeninde, durmaýar. Şony üzlüşmeseň, patyşamyza arz etjek, goý ol bizi haklaşdyrsyn – diýýär-de, şobada patyşa baryp arz edýär. Patyşa hem uzak oýlanyp durman, hasapçylaryna hasapladyp, garrynyň sözüni makullaýar. Hälki söwdagäriň ulaglaryny we harytlaryny alyp, garra berdirýär.
Şonluk bilen, söwdagär hyzmatkäri bilen hiç zatsyz galýar. Patyşanyň eden işi hernäçe telek bolsa hem kime näme diýjeklerini bilmän, nalaç galýarlar. Söwdagär bu işiň beýle bolşuna utanyp, goňşularyna hem, aýalyna hem näme diýjegini bilmän, birnäçe gün çölde galýar.
Aradan birnäçe gün geçenden soň, söwdagäre Bählil dana gabat gelýär-de:
– Bu it gyranyň çölünde näme işläp ýörsüň? Näme bir zat boldumy? – diýýär.
Söwdagär garry aýal bilen bagly işleriň hemmesini Bählil dana gürrüň berýär we:
– Şeýle masgara ýagdaýa düşenligim üçin obama, öýüme barmaga hem utanýaryn – diýýär.
Bählil dana bu sözleri eşidýär-de, söwdagäre:
– Sen obaňa bar-da, işiň bilen boluber. Az wagtdan zatlaryň hemmesini özleri saňa getirip bererler – diýip, söwdagäri pugta ynandyrýar-da, özi patyşanyň ýanyna gidýär. Patyşa Bählil dananyň inisi ekeni.
Ol, patyşanyň ýanyna barýar-da:
– Maňa tohum, işlär ýaly adam we 15 jübüt öküz ber, men daýhançylyk etjek – diýýär.
Patyşa doganynyň daýhançylyk etjegine begenip, oňa diýen zatlarynyň hemmesini berýär. Gapdalyna adamlaram goşýar. Bählil dana hem bu zatlaryň hemmesini ekin meýdanyna çykaryp, daýhanlardan tohumlyk bugdaýy öňürti gowrup, ondan soň, ekmegi talap edýär. Adamlar Bählil dananyň bu talabyna haýran galşyp, onuň ýüzüne seredýärler. Ol bolsa:
– Siz diýleni ediň, men başga zady bilemok – diýýär. Şundan soň, daýhanlar seslerini çykarman bugdaýlyk tohumy gowrup, ekip başlaýarlar.
Aradan birnäçe gün geçenden soň, patyşa Bählil dananyň ekin ekişini görmek üçin wezirleri bilen onuň ekiş ýerine barýar. Görse, daýhanlaryň birnäçesi tohumlyk bugdaýy gowrup otyr, galany-da ekin ekip ýör diýýär. Muny görýär-de, patyşa:
– Bugdaýy näme üçin gowurýarsyňyz – diýip soraýar.
Onda daýhanlar:
– Bählil dananyň buýrugy şeýle. Tohumy öňürti gowurýarys, soňra ýere sepýäris – diýip jogap berýärler.
Patyşa Bählil danany bir ýerden tapyp:
– Seniň ekin ekişiň nätüýsli? Heý, tohumlyk bugdaýy hem gowrup ekerlermi? Gögerjekmişmi ol? Bu hili ekişi nirde gördüň we kimden öwrendiň – diýýär.
Bählil dana, patyşanyň sözüne çigit ýalyjak hem ikirjiňlenmän:
– Patyşamyz, senden görelde alyp, tohumy hem bişirip ekjek. Bişirilip satylan ýumurtganyň jüýjeleýşi ýaly, oňat peýda getirermikä diýip, umyt edýän. Tohumlyk bugdaýymyzy hem şonuň üçin öňürti gowrup, soňra ekýäris – diýip, jogap berýär.
Patyşa Bählil danadan bu hili jogap eşidýär-de, özüniň ol söwdagäriň zady garry aýala alyp berşini ýatlap, oýlanyp durýar we ýalňyşanyna düşünýär. Soň söwdagärden alnan ähli zatlary yzyna berdirip, garry aýala ters akyl beren arabozary jezalandyrýar.
Şonluk bilen hem söwdagäriň zatlarynyň hemmesi özüne gowuşýar. Söwdagär Bählil dana örän kän zat bermekçi bolýar. Dana: “Maňa zat gerek däl, men zada mätäç hem däl” diýip, ondan zat almaýar.