Hytaýly kosmonawtlar 33 günden soňra älem giňişliginden gaýdyp geldiler. “Xinhua” agentliginiň habaryna görä, geçen aý uçurylan “Zhenzhou-11” kosmos gämisiniň bellenen ýere sag-aman gonandygy aýan edildi. Kosmonawtlar bir aýdan gowrak wagtlap Hytaýyň “Tiengong-2” (Asman köşki-2) kosmos stansiýasynda dürli tejribeleri geçirdiler. Beket Ýerden 393 kilometr beýiklikde öz orbitasynda uçuşyny dowam etdirýär. “Zhenzhou-11” 17-nji oktýabrda ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky “Jiuquan” kosmodromyndan “Long March-2F” atly göteriji raketa bilen uçurylypdy. Hytaý dürli ýurtlaryň bilelikde guran we ýöredýän Halkara kosmos stansiýasyna goşulmady. Olar özbaşdak kosmos bekedini gurdular. Bu kosmos bekedi şu ýylyň 15-nji sentýabrynda orbita ýerleşipdi.
Hytaýly kosmonawtlar Jing Haýpengiň we Çen Donguň ilkinji uçuşlary we bekede baryşlary göni ýaýlym arkaly ýaýradylypdy. Hytaýly kosmonawtlaryň ýumşy hytaýly kosmonawtlaryň älem giňişligindäki iň köp möhletli işi boldy. Şeýlelikde, Hytaý Halk Respublikasy kosmosa özbaşdak kosmonawt goýberen ýurtlaryň hataryna goşuldy.
Soňky ýyllarda kosmos barlaglaryny has köp geçirýän HHR-iň Aý we Mars bilen bagly taslamalary hem bar.
Şeýle hem Hytaý 2013-nji ýylda “Yutu” atly enjamyny Aýa gondurmagy başarypdy.