Hytaý bir gündäki nebit importuny 8 million barrele çenli artdyrdy. Ol bu görkeziji bilen ABŞ-nyň öňüne geçdi. Bu barada “Standard Chartered” banky habar berýär. Bankyň maglumatyna görä, Hytaý munuň bilen çäklenmän, ýylyň ahyryna çenli daşary ýurtlardan satyn alýan nebitiniň mukdaryny 8,6 million barrele ýetirmegi göz öňünde tutýar. 2019-njy ýylda bu görkezijiniň 10 million barrele golaýlajakdygy çaklanylýar.
Hytaý daşary ýurtdan satyn alýan nebitiniň möçberini artdyryp, onuň belli bir bölegini ätiýaçlyk goruna iberip, galanyny bolsa nebit-himiýa we nebiti gaýtadan işleýän senagatda ulanmagy meýilleşdirýär. Geçen ýyl importuň möçberi 8,8 göterim artdy. Nebitiň bahasynyň arzan bolmagyndan ýerlikli peýdalanyp, onuň möçberini artdyrdy. Muňa garamazdan, Hytaý entegem daşary ýurtdan benzin, kerosin we suwuklandyrylan gaz importuna garaşly bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, Hytaý dünýäniň iň iri awtoulag bazaryna eýedir. Bu babatda birnäçe ýyl mundan ozal, ABŞ-dan öňe saýlandy. Şeýle hem bu ýurtda awia ulgamy barha ösýär. Awiakompaniýalaryň sany artýar. 2015-nji ýylyň noýabrynda ýurduň ilkinji “С919” kysymly awialaýneri öndürildi. Ol dünýä belli “Airbus 320” hem-de “Boing-737” kysymly uçarlara bäsdeş bolup bilýär. Bu pudakda gazanylýan ägirt uly ösüşler awiakerosine bolan islegi artdyrýar. Nebit önümleri barada aýdylanda, geçen ýyl tutuş ýurt boýunça bu önümlere bolan bir gündäki isleg 9,4 million barrele deň boldy.
Hytaý nebit importy boýunça birinji orunda, ýöne sarp etmek babatda ikinji orunda barýar. Bilermenleriň çaklamalaryna görä, 2040-njy ýyla çenli Hytaý bilen Hindistan nebiti sarp etmegi 2 esse artdyryp, dünýä boýunça nebit önümçiliginiň 30 göterimini eýelärler.