Häzirki wagtda ýurdumyz dünýäniň öňdebaryjy energetika döwletleriniň biri hökmünde öz tebigy baýlyklaryny, energetika serişdelerini, şeýle hem ykdysady kuwwatyny milli, sebit we dünýä ösüşini üpjün etmäge, tutuş Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy goldamaga hem-de pugtalandyrmaga gönükdirýär. Hususan-da, biziň ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşi nebitgaz, himiýa, energetika, senagat we beýleki pudaklarda energiýa we serişde tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa hem-de howpsuz innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen baglydyr.

«Ýa­şyl», aras­sa ener­gi­ýa ha­kyn­da dün­ýä­niň köp ýe­rin­de eşit­mek bol­ýar. Bu pu­dak­da tä­ze sy­nag­lar we bar­lag­lar yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär. Ýö­ne bu nä­hi­li ener­gi­ýa we nä­me üçin beý­le ener­gi­ýa kö­mür­den we ne­bit­den alyn­ýan ener­gi­ýa­dan has amat­ly bol­ýar? «Ýa­şyl» ener­gi­ýa te­bi­gy çeş­me­ler­den, ýag­ny Gü­nüň şöh­le­le­rin­den, ýel­den, ýa­gyş­dan, der­ýa­lar­dan, ösüm­lik­ler­den, de­ňiz ösüm­lik­le­rin­den we geo­ter­mi­ki ýy­ly­lyk­dan alyn­ýar. Bu ener­gi­ýa çeş­me­le­ri gaý­ta­dan di­kel­dil­ýär, ýag­ny te­bi­gy taý­dan tä­ze­len­ýär we te­bi­ga­ta hiç hi­li zy­ýan ýe­tir­me­ýär. Te­bi­gy ener­gi­ýa­nyň tü­ke­nik­siz üp­jün­çi­li­gi, al­ter­na­tiw ener­gi­ýa­ny gaý­ta­dan iş­le­mek esa­syn­da önüm­çi­li­giň daş­ky gur­şaw aras­sa­ly­gy­ny üp­jün et­mek­li­gi, yk­dy­sa­dy ne­ti­je­li­li­gi ýa­ly fak­tor­lar bu ener­gi­ýa se­bi­ti­ne tä­ze ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­ýän­di­gi­ni kes­git­le­di. Bu bol­sa «Ýa­şyl ener­gi­ýa» diý­lip at­lan­dy­ry­lan ösü­şiň tä­ze ug­ru­ny kes­git­le­di.
Ga­zy­lyp alyn­ýan ýan­gy­jyň, my­sal üçin, ug­le­wo­do­ro­dyň muk­da­ry ada­myň iş­jeň­li­gi ze­rar­ly her ýyl azal­ýar. Onuň gaý­ta­dan di­kel­dil­me­gi üçin ýe­ne mil­li­on­lar­ça ýyl­lar ge­rek bo­lar. Ýer ýü­zü­niň ilat sa­ny­nyň her ýyl art­ma­gy se­bäp­li dün­ýä ýurt­la­rynyň yk­dy­sa­dy­ýet­le­ri has köp muk­dar­da ener­gi­ýa­ny ta­lap ed­ýär. Em­ma ada­ty ener­gi­ýa­nyň esa­sy­ny düz­ýän ga­zy­lyp alyn­ýan ýan­gy­jyň äti­ýa­jy çäk­siz däl­dir. Dün­ýä­de ga­zy­lyp alyn­ýan ýan­gy­jyň ba­ha­sy ýo­kar­lan­ýar. Üs­te­si­ne-de, Ýer ýü­zün­de ug­le­wo­do­rod­la­ryň ägirt uly de­re­je­de ula­nyl­ma­gy­nyň daş­ky gur­şa­wa ýe­tir­ýän zy­ýa­ny adam­la­ryň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­niň pe­sel­me­gi­ne ge­tir­ýär. Diý­mek, ýa­kyn gel­jek­de dün­ýä­de ener­gi­ýa we ony al­ma­gyň tä­ze ýol­la­ry­na bo­lan ze­rur­lyk has-da güýç­le­ner. Ug­le­wo­do­rod­la­ry (gaz, ne­bit) ulan­mak döw­rü­ne de­rek aras­sa we te­bi­gy ener­gi­ýa­ny ulan­mak döw­ri ge­ler.
Ga­dy­my hem-de be­re­ket­li türk­men top­ra­gy ne­bi­te we ga­za baý­dyr, em­ma şu gün­ki gün­de ýur­du­my­zyň alym­la­ry bu baý­ly­gyň çäk­siz däl­di­gi hak­da pi­kir ed­ýär­ler. Gün, ýer, suw, bio­gaz ýa­ly ener­gi­ýa­nyň di­kel­dil­ýän çeş­me­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­ga gö­nük­di­ri­len yl­my-teh­ni­ki we in­no­wa­si­on mak­sat­na­ma­la­ry­nyň iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ma­gy hem-de dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ma­gy döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir.
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň esa­syn­da Ener­gi­ýa­nyň di­kel­dil­ýän çeş­me­le­ri bo­ýun­ça Yl­my-önüm­çi­lik mer­ke­zin­de uly göw­rüm­li yl­my-bar­lag iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Mer­ke­ziň gur­lu­şy al­ty bö­lüm­den yba­rat, ýag­ny fo­toe­lekt­rik öwür­me teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, Gün ener­gi­ýa­sy­nyň top­lan­ma­sy we ge­lio­teh­ni­ka, bioe­ner­ge­ti­ka we bio­mas­sa­ny tä­ze­den iş­le­mek, ýel elekt­rik stan­si­ýa­la­ry, elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ýyg­na­ma­gyň teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we tas­la­ma­lar bö­lü­mi. Hä­zir­ki dö­wür­de bu mer­kez­dä­ki iş­ler ýur­du­myz­da tej­ri­be fo­toe­lekt­rik stan­si­ýa­la­ry ulan­ma­gyň yl­my esas­la­ry, ho­wa we suw ge­lio­gyz­dy­ry­jy­la­ry, elekt­rik stan­si­ýa­la­ryň bug tur­bi­na­la­ryn­da eme­le gel­ýän bio­ga­zy ulan­mak üçin ga­lyn­dy­la­ry gaý­ta­dan iş­le­me­giň teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, top­la­nan ýy­ly­lyk ener­gi­ýa­syn­dan elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny al­mak, gyz­gyn suw üp­jün­çi­lik we ýy­ly­lyk ul­gam­la­ryn­da gün kol­lek­tor­la­ry­ny ulan­ma­gyň usul­la­ry ýa­ly bir­nä­çe ugur­lar bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýar.
Döw­le­ti­mi­ziň ho­wa we ge­og­ra­fik şert­le­ri bu ýer­de ener­gi­ýa­nyň gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän çeş­me­le­ri­ni döw­re­bap peý­da­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bu, ylaý­ta-da, oba ila­ty­ny we me­de­ni zo­lak­dan uzak­da­ky ýer­le­riň ener­go­üp­jün­çi­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Ener­gi­ýa­nyň gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän çeş­me­le­ri­niň bir gör­nü­şi hem Gün ener­gi­ýa­sy ha­sap­lan­ýar. Ýur­du­my­zyň ho­wa we ge­og­ra­fik şert­le­ri Gün ener­gi­ýa­sy­ny al­ma­ga, ony elekt­rik we ýy­ly­lyk ener­gi­ýa­sy üçin se­na­gat çäk­le­rin­de iş­jeň peý­da­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Gün şöh­lesin­den aras­sa ener­gi­ýa­ny ön­dür­mek­ gel­jegi uly pu­dak­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Alym­la­ryň çak­la­ma­la­ry­na gö­rä, 2040-njy ýy­la çen­li di­ňe bir Gün ener­gi­ýa­sy­nyň umu­my dün­ýä önüm­çi­li­gin­dä­ki pa­ýy 26 göterime ba­ra­bar bo­lar. Ge­çen asy­ryň or­ta­la­ryn­dan baş­lap dün­ýä­niň köp ýurt­la­ry­nyň alym­la­ry­nyň öz esa­sy ün­sü­ni Gü­ne, onuň bö­lüp çy­kar­ýan ener­gi­ýa­sy­na gö­nük­dir­me­gi tö­tän­den däl­dir. Ýe­ne mil­li­on­lar­ça ýyl Gü­nüň şöh­le saç­ma­gy­na hiç kim şüb­he­len­me­ýär. Bu bol­sa adam­la­ryň çäk­siz elekt­roe­ner­gi­ýa am­mar­la­ry­nyň eýe­le­ri bol­ma­gy üçin Gün ener­gi­ýa­sy­ny elekt­rik ener­gi­ýa­sy­na öwür­me­gi öw­ren­mä­ge borç­ly ed­ýär. Bu ugur­da yl­my-bar­lag iş­le­ri­ni ge­çir­mek üçin iň go­wy sy­nag meý­dan­ça­sy bo­lup dur­ýan ýur­du­my­zy­ň çä­ginde ýy­lyň is­len­dik möw­sü­min­de Gü­n şöh­le saç­ýar. Ýur­du­my­zyň ho­wa we ge­og­ra­fik şert­le­ri Gün ener­gi­ýa­sy­ny al­ma­ga, ony elekt­rik we ýy­ly­lyk ener­gi­ýa­sy üçin se­na­gat çäk­le­rin­de iş­jeň peý­da­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bu ugur­da­ky yl­my göz­leg­ler­de we teh­ni­ki ösüş­ler­de türk­men alym­la­ry­nyň go­şan­dy hem ulu­dyr.
Mun­dan baş­ga-da, ýur­du­myz­da ýe­liň, geo­ter­mal su­wuň ener­gi­ýa­la­ry­ny, bio­ýan­gyç ener­gi­ýa­sy­ny peý­da­lan­mak hem göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu bol­sa se­na­ga­tyň daş­ky gur­şa­wa we adam sag­ly­gy­na zy­ýan­ly tä­si­ri­ni, daş­ky gur­şa­wa zy­ňyn­dy­la­ryň möç­be­ri­ni pe­selt­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. XXI asyr­da yl­my-teh­no­lo­gi­ki ösüş ägirt uly ädim­ler bi­len öňe bar­ýar. Alym­la­ryň bellemegine görä, tak­my­nan, ýe­ne 100-150 ýyl­dan ne­bi­tiň, ga­zyň, köm­rüň, ýag­ny ada­ty ener­gi­ýa çeş­me­le­riniň döw­ri ta­mam­la­nar. Şo­nuň üçin adam­za­dyň gel­je­gi ada­ty däl gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri bi­len bag­la­nyş­dy­ryl­ýar. Dün­ýä alym­la­ry­nyň ta­gal­la­la­ry bi­len şeý­le ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­niň bir­nä­çe­si ýü­ze çy­ka­ryl­dy we bu­la­ryň kö­pü­si se­na­gat­da or­naş­dy­ryl­dy.
Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň 70-e go­laý döw­let­le­ri, şol san­da bi­ziň ýur­du­myz hem ener­giýa we se­riş­de tyg­şyt­laý­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ös­dür­mä­ge ep-es­li ma­ýa go­ýum­la­ry­ny gö­nük­dir­ýär. Ola­ryň için­de «Aras­sa ho­wa me­ha­niz­mi» tas­la­ma­sy eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa we anyk dur­muş we yk­dy­sa­dy peý­da­ny üp­jün edip, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň tä­ze pu­dak­la­ry­nyň ös­me­gi­ne, tä­ze kär­ha­na­la­ryň we tä­ze iş ýer­le­ri­niň eme­le gel­me­gi­ne ge­ti­rer. Ýur­du­my­zyň gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa­nyň esa­syn­da ada­ty däl ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ne geç­me­gi dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy ösü­şe uly go­şant bo­lar, gel­jek­de daş­ky gur­şa­wa we adam­la­ryň sag­ly­gy­na ýe­ti­ril­ýän ýa­ra­maz tä­si­ri azalt­ma­ga kö­mek eder, Ýer ýü­zün­de ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi, äh­lu­mu­my eko­lo­gi­ýa we ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek bi­len bag­ly we­zi­pe­le­ri çöz­mä­ge ýar­dam be­rer.

Ars­lan Gurt­dur­dy­ýew,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka
ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.