Işlän ýerimiň Türkmen telewideniýesiniň edebi-drama gepleşikler bölümi bolany üçin, maňa köp teatryň artistleri bilen işleşmek miýesser etdi. Ol wagtlar mawy ekran arkaly ýaýlyma gidýän satiriki sahnalara esasan paýtagtyň artistleri çagyrylardy. Şolaryň içinde seýrek hem bolsa welaýat teatrlarynyň artistleriniň hem çagyrylan wagtlary bolýardy. Ol döwürler halypa režissýorlar Gurbannazar Atakgaýew, Juma Ýazmyradow, Orazdurdy Hojaýew, Hommat Kakajanow dagylar «Şadyýan şenbe», «Çaýhana», «Alaýaz» ýaly satiriki sahnalara režissýorlyk edip, özleri hem artist hökmünde çykyş ederdiler. Maňa-da şol sahnalarda çykyş etmek miýesser edenligi sebäpli, men artistler bilen işleşmeli bolýardym. Şonda maňa Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artisti, wäşi artist Akmyrat Hümmedow bilen çykyş etmek bagty-da miýesser edipdi. Akmyrat aga sadadan sypaýy, degişmäni-gülüşmäni oňat görýän, ýüzi nurana, zehinli adamdy. Onuň bilen derrew sözüň alşyp gidibererdi. Onuň gürrüňlerini diňläp, gülüp hezil edinerdik.
Akmyrat Hümmedow 1931-nji ýylyň 6-njy iýunynda Mary şäheriniň Mülk-Bagşy obasynda dünýä inýär. Ýaşlykdan sungata höwesek bolan Akmyrat obalaryndaky orta mekdepde okap ýörkä, okuwyndan boş wagtlary mekdeplerinde hereket edýän drama gurnagyna gatnaşar eken. Drama gurnagynda Akmyrat öz ýiti zehinini, başarnygyny, ukybyny açyp görkezmegi başarypdyr. Akmyrat orta mekdebiň gutardyş synpynda okap ýörkä, drama gurnagynda fransuz ýazyjysy Ž.B. Molýeriň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Zor aýakdan lukman bolan» atly komediýasynda baş keşp bolan Sganareliň keşbini ussatlarça janlandyrmagy başarýar. Soňra drama gurnagynyň kollektiwi bu spektakly oba medeniýet öýüniň sahnasynda halk köpçüligine ýetirýärler we oba zähmetkeşleriniň sagbolsunlaryna mynasyp bolýarlar. Oba mekdebini üstünlikli tamamlan Akmyrat Hümmedow Marynyň Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebine okuwa girýär. Bu okuw mekdebini tamamlanyndan soň, Akmyrat Hümmedow öz obalaryndaky Medeniýet öýüniň çeper höwesjeňler gurnagyna ýolbaşçy bolup, ilkinji zähmet ýoluna başlaýar. Şol bir wagtda hem Akmyrat Kemine teatrynyň sahnasynda goýulýan spektakllaryň köpçülik sahnasyna gatnaşyp, özüniň sahna sungatyna, artistçilige bolan höwesini artdyrýar.
Artist bolup sahnada keşp janlandyrmak höwesi Akmyrady halys öz erkine goýmaýar. Şol höwes hem 1952-nji ýylda ony Daşkent şäherindäki Ostrowskiýniň adyny göterýän teatral-çeperçilik institutyna alyp gelýär. Akmyrat talyplyk ýyllarynyň ilkinji günlerinden başlap okuwa yhlas bilen ýapyşýar. Köp okaýar, dünýä belli dramaturglaryň eserlerini ýadaman-ýaltanman okaýar. Edilýän etýudlary (sessiz hereket bilen düşündirip oýnamak) sahnajyklara uly höwes bilen ýapyşýar. Şeýdip ol özüniň ussat gülküli keşpleri dörediji artist bolup biljekdigini subut edýär. Mugallymlary Ý.Kožewnikow bilen I.Rahun dagy Akmyradyň başga biriniňkä meňzemeýän, özboluşly gülküli keşpleri döredip biljek artist bolup ýetişjekdigini şobada aýdýarlar. Olar Akmyradyň keşp dörediş usulyny ussat iňlis aktýory Çarlz Çaplina meňzedýärler we onuň bu ugurdan uly geljeginiň bardygyny belleýärler. Her okuw ýyly ahyr bolanda synag üçin taýýarlanylýan kiçiräk sahnalarda, onuň döredýän keşpleri ýokary baha mynasyp bolýar.
Akmyradyň azda-kände saz çalmakdan hem başy çykypdyr. Ol, esasan, gyjak çalmagy oňat görüpdir. Talyplyk ýyllary hem gyjak onuň aýrylmaz ýoldaşy bolupdyr. Ol institutda geçirilýän çärelerde saz çalyp çykyş edipdir. Akmyrat institutyň gutardyş diplom spektaklynda Ž.B.Molýeriň «Iki aganyň hyzmatçysy» atly oýnunda baş keşbi döredýär. Ol iki hojaýyna hyzmat edýän şol bir adam, ýöne biri-birine meňzemeýän dürli häsiýetli iki adam bolup oýnamagy başarýar. Onuň bu döreden keşbi ýokary baha mynasyp bolýar. Instituty tapawutlanan bahalar bilen tamamlan Akmyrady ilki Daşoguzdaky sazly drama teatryna işe ugradýarlar. Ony bu ýerde iki ýyl zähmet çekeninden soň, Marynyň Kemine adyndaky drama teatryna işe ýollaýarlar. Ol bu teatrda tä ömrüniň ahyryna çenli işlemek bilen, ýatdan çykmajak keşpleriň ençemesini sahnada janlandyrýar. Ol özbek dramaturgy Haýytmat Resulyň «Bahardaky başagaýlyk» komediýasynda Bazarbaýyň, soňra Atajan Taganyň «Gaýyn eneme är gözleýän» atly sahna oýnunda giýew oglanyň, ýazyjy Baýram Gurbanowyň «Başagaýlyk eden şatlyk» komediýasynda bolsa ýene-de bir ilhalar keşpleriň birini döredip, tomaşaçylaryň sagbolsunyna mynasyp bolýar. Ýeri gelende Akmyrat Hümmedowyň diňe bir gülküli keşpleri dörediji artist bolman, eýsem, onuň köptaraply artist bolanlygyny hem aýtmak gerek. Onuň Bekgi Pürliýewiň «Wyždan» dramasy esasynda goýlan adybir spektaklynda döreden gara äýnekli adamyň keşbi muňa aýdyň mysal bolup biler. Ol keşp otrisatel keşp bolmak bilen, öz gara nebsiniň ugrunda hallan atyp ýören, hemme zat pul bilen çözülýändir öýdýän bir näkesiň keşbi bolup, tomaşaçyny biparh goýup bilmeýär. Akmyrat Hümmedow režissýor Abdylla Ýakubowyň sahnalaşdyran spektakllarynyň köpüsine gatnaşyp, teatr muşdaklarynyň aňynda hemişelik galmak bilen keşpleriň tutuş bir toplumyny janlandyrýar. Kemine teatrynda Akmyrada üstünlik getiren keşpleriň biri hem dramaturg Bazar Amanowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Kemine» dramasyndaky türkmeniň nusgawy, satiriki şahyry Mämmetweli Keminäniň ýatdan çykmajak keşbidir. Bu keşpde Akmyrat gerek bolan ýerinde komediýa žanryny, käbir halatda bolsa tutanýerli, dogumly bolup, adatyň ýoluny yzarlaýar. Akmyrada bularyň ikisi hem başardýar. Akmyrat Hümmedowa uly şöhrat getiren keşpleriň ýene biri hem Garagalpak dramaturgy Sapar Hojanyýazowyň «Söýmedige süýkenme» atly gülküli oýnundaky Godalak baýyň keşbidir. Tomaşaçylar bu spektaklda Akmyradyň Godalak baýyny gaýta-gaýta görmäge howlugýarlar. Akmyrat bu keşbi döretmäge jany-teni bilen ýapyşýar. Bar yhlasyny, ukyp-zehinini siňdirýär. Baş keşp bolan Godalak baýyň keşbi baýlygyna buýsanyp, maşgalasyna ikilik edip, doýmaz-dolmaz häsiýetdäki adamyň keşbi bolýar. Bu spektakl Akmyrat Hümmedowa, şeýle-de oýny goýan režissýor Çary Myradowa uly meşhurlyk getirýär. Ol talapkär tomaşaçynyň iň bir söýgüli spektaklyna öwrülýär. Şol oýny ýene bir gezek görkezip gitmeklerini haýyş edip teatra ýörite gelip gidýärler, ýörite hat ýazýarlar. Elbetde, bu üstünlikde Akmyrat Hümmedowyň paýy örän uly bolýar. Garagalpak döwlet sazly drama teatryndan döredijilik hyzmatdaşlygy üçin ýörite çagyrylyp getirilen artistler, şol sanda eseriň awtory Sapar Hojanyýazow hem Akmyradyň döreden Godalak baýyna ýokary baha berýärler. Olar birnäçe gün Maryda myhmançylykda bolup «Söýmedige süýkenme» spektaklynda türkmen artistleri bilen çykyş edýärler. Sapar Hojanyýazow Akmyradyň ussatlygyna haýran galyp, onuň üçin ýörite komediýa eserini ýazmaga taýýardygyny aýtsa, Garagalpak artistleri Akmyrat ýaly ussat artist bilen sahnada çykyş etmegiň, düşünişmegiň örän ýeňildigini, lezzetlidigini belleýärler. Öz gezeginde Garagalpak döwlet sazly drama teatry Akmyrady Nukusa çagyryp, garagalpak tomaşaçylaryň öňünde çykyş edip bermegini haýyş edýärler. Akmyrat Hümmedow bolsa olaryň haýyşlaryny birkemsiz ýerine ýetiripdir.
Ýokarda ady agzalan keşplerden başga-da Akmyrat Hümmedow «Ojagyň ody» oýnunda professor Arçmanyň, «Musallatda» Ataçynyň, «Gowşut handa» Mäteriň, «Bagbanyň gyzy» spektaklynda Sary traktorçynyň, «Gijigen söýgüde» Dorimitortyň, «Jennetde» Bally furgonçynyň, «Erkin ýürekde» Gaýlynyň, «Söýgiň haky üçin» oýnunda Resul mollanyň, «Ýedigende» Myrat lakgynyň keşplerini ýerine ýetirdi. On çaganyň atasy Akmyrat Hümmedow diňe bir teatr sungatynda yz goýman, eýsem, ol kino sungatynda hem ýatdan çykmajak keşpler bilen meşhurlyga eýedir. Aktýoryň surata düşen iň belli kinosy «Kiçijek adadaky başdan geçirme» filmidir (1985). Şeýle-de, Akmyrat Hümmedow «Ýok diýmäni başar», «Lýusýa», «Grossmeýster» ýaly filmlerde kiçeňräk keşplerde surata düşýär.
2000-nji ýylyň 1-nji aprelinde aradan çykan ussat aktýor ussatlyk bilen döreden keşplerinden daşgary birnäçe şägirtleri – Türkmenistanyň at gazanan artistleri Enejan Akmyradowa, Gerek Omarowa, Muhammettirkeş Rüstemow dagylar ýaly ussat artistleri hem ýetişdirdi. Akmyrat aganyň özi hem režissýorlar Çary Myradowy, Abdylla Ýakubowy, Türkmenistanyň halk artisleri Ata Durdyýewi, Ata Döwletowy, Gylyç Berdiýewi, Atamyrat Bekmyradowy öz halypalary hasaplap, olara uly hormat goýýardy. Akmyrat Hümmedowyň çeken döredijilikli zähmeti döwlet tarapyndan ykrar edilip, oňa ilki «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at, soňra bolsa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen belent at dakylýar. Bu günki gün Akmyrat agany muşdaklary hemişe mähir bilen ýatlaýarlar.
Akmyrat Hojaberdiýew,
Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm»
birleşiginiň hünärmeni.