HHR-iň Baş gümrük gullugy tarapyndan berlen maglumatlara görä, 2021-nji ýylyň ilkinji ýedi aýynda Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 28% ýokarlanyp, 75,489 milliard dollar boldy.
Hasabat döwründe Hytaýyň Russiýa eksporty ýylda 33,6% ýokarlanyp, 34,484 milliard dollar, Russiýadan Hytaýa iberilen önümler 23,7% ýokarlanyp, 41 milliard dollardan gowurak boldy.
Iýul aýynda Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy 12,25 milliard dollar boldy. Bu döwürde Hytaýdan Russiýa eksport 5,54 milliard dollar, Russiýadan Hytaýa import 6,71 milliard dollara deň boldy.
2020-nji ýylyň jemine görä, Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky söwda 2,9% azalyp, 107,76 milliard dollara deň boldy. Mundan öň Hytaýyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Çžan Hanhuei 2021-nji ýylyň ahyryna çenli iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň rekord derejä ýetip biljekdigini aýdypdy.
ABŞ bilen söwda
2021-nji ýylyň ilkinji ýedi aýynda ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky söwda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 40% ýokarlanyp, 404,57 milliard dollar boldy. Şu ýylyň ilkinji ýedi aýynda Hytaýdan ABŞ-a eksport 36,9% artyp, 302,446 milliard dollara ýetdi. Şol bir wagtyň özünde ABŞ-dan Hytaýa 102,125 milliard dollarlyk haryt ugradyldy, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 50,4% köpdür.
Iýul aýynda ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky söwda 63,756 milliard dollara, Hytaýdan ABŞ-a eksport 49,592 milliard dollara, Hytaýyň ABŞ-dan importy 14,164 milliard dollara ýetdi. ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy, uzaga çeken söwda çekeleşigine we pandemiýanyň täsirine garamazdan, 2020-nji ýylda 8,3% ösüp, 586 milliard dollara ýetdi. HHR-iň Baş gümrük edarasy tarapyndan ýaýradylan maglumatlara görä, 2021-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Hytaýyň eksporty we importy durnukly ykdysady dikelişiň saýasynda işjeň ösüşi görkezdi.
Eksport görkezijileri
Şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Hytaýyň eksporty geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 35,2% ösdi we 1,8 trillion dollar, import bolsa 36,% artyp, 1,494 trillion dollar boldy. Şu ýylyň ýedi aýynda Hytaýyň daşary söwdasynyň umumy mukdary 35,1% ýokarlandy we 3,3 trillion dollar boldy. Hasabat döwründe Hytaýyň daşary söwda dolanyşygynyň saldosy 306,12 milliard dollara deň boldy. 2020-nji ýylyň ahyrynda Hytaýyň daşary söwda dolanyşygy 1,5% ýokarlandy we 4,65 trillion dollar bolup, daşary söwda balansy 535 milliard dollar boldy (eksport – 2,59 trillion dollar, import – 2,05 trillion dollar).
Uglewodorod serişdeleriniň
importy
Hytaý 2021-nji ýylyň ilkinji ýedi aýynda 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nebit importyny 5,6%, kömrüňkini 15% azaltdy, tebigy gazyň importyny 24% ýokarlandyrdy. Hytaý şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda 301,83 million tonna nebit import etdi. Bahalar nukdaýnazaryndan çig nebitiň daşary ýurtdan satyn alynmagy Hytaýa 138,23 milliard dollara düşdi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 29,7 göterim köpdür. Hytaý iýul aýynda 21,72 milliard dollara 41,24 million tonna nebit import etdi.
Şu ýylyň ilkinji ýedi aýynda Hytaý 68,95 million tonna deňeçer bolan tebigy gazy import edip, onuň bahasy 24,699 milliard dollara deň boldy (baha nukdaýnazaryndan – geçen ýylyň ýanwar-iýul aýlary bilen deňeşdirilende, 22,6 göterim ýokarlandy). Iýul aýynda Hytaý 3,77 milliard dollara 9,33 million tonna deňeçer tebigy gaz import etdi. Mundan başga-da, 2021-nji ýylyň ilkinji ýedi aýynda Hytaý 14,07 milliard dollarlyk 169,73 million tonna kömür import etdi (baha nukdaýnazaryndan geçen ýylyň ýanwar-iýul aýlary bilen deňeşdirilende 0,7% peseldi).