Germaniýanyň Kansleri Angela Merkel Hristian Demokratik Bileleşiginiň başlygy wezipesine Germaniýanyň geljekki Kansleri hökmünde Armin Laşeti öz oruntutary hasaplaýandygyny mälim etdi. Ol Berlinde geçirilen saýlawdan öňki çärede çykyş edip, Bundestaga (Parlament) boljak öňdäki saýlawlarda 1994-nji ýyldan bäri ilkinji gezek özüniň gaýtadan saýlanmak üçin bäsleşmejekdigini belledi.
– GFR-iň 72 ýyllyk taryhynda Hristian demokratik hem-de Hristian sosial bileleşikleri 50 ýyldan gowrak wagt bäri Federal Kansleri hödürledi. Biz bu ýyllarda uly işleri ýerine ýetirdik. Ýakyn geljekde biziň ýurdumyzda HDB-HSB-niň dalaşgäri hökmünde Armin Laşetiň Germaniýa Federal Respublikasynyň geljekki Kansleri boljakdygyna ynanýaryn – diýip, Merkel aýtdy.
Ol Armin Laşetiň şahsy häsiýetlerine ýokary baha berip, hususan-da, onuň ynsan mertebesine, olaryň arasynda köpri gurulmagyna üns berýändigini sözüniň üstüne goşdy.
– Hormatly Armin, hut şu häsiýetleri bilen Bundestagda, Ýewropa Parlamentinde we Demirgazyk Reýn ýaly möhüm ýerlerde Premýer-ministr hökmünde wezipesini ýerine ýetirer – diýip, Angela Merkel belledi. Merkel ýygnananlaryň el çarpyşmalarynda «Germaniýa Federal Respublikasynyň Kansleri hökmünde men oňa berk ynanýaryn» diýdi.
Germaniýada indiki Parlament saýlawlary şu ýylyň 26-njy sentýabrynda geçiriler. Bu syýasy çärede Bundestagyň (Germaniýanyň Federal Parlamenti) 20-nji çagyrylyşynyň agzalary, soňra bolsa ýurduň täze Kansleri saýlanar. Bu 2005-nji ýyldan bäri Hristian Demokratik Bileleşigine Angela Merkeliň ýolbaşçylyk etmeýän ilkinji saýlawy bolar. Şeýle-de, Germaniýanyň taryhynda kagyz görnüşinde ses berlen iň soňky Parlament saýlawy bolup, ondan soňrakylaryň hemmesiniň sanly ulgam arkaly geçiriljekdigi habar berilýär.
HDB-niň başlygy Angela Merkel dört gezek Germaniýanyň Kansleri wezipesine saýlandy. Angela Merkel Kansler wezipesine täze möhletden ýüz öwrenden soň, 2018-nji ýylyň ahyrynda HDB-niň täze başlygy Annegret Kramp-Karrenbauer boldy. Ýöne ol 2020-nji ýylyň 10-njy fewralynda özüni Kansler wezipesine hödürlemejekdigini habar berdi. Şeýlelikde, şu ýylyň 16-njy ýanwarynda Armin Laşşet HDB-niň täze lideri boldy.