Janly zatlaryň hersi bir gurşawa uýgunlaşýar. Edil şonuň ýaly iş gurşawyna uýgunlaşan ösümlikler hem bar. Şonuň üçin diňe bir ýaşaýyş jaýlarynda däl, eýsem, iş otaglarynda hem gülleri ösdürip ýetişdirýän, olara ideg edýän adamlara duşmak mümkin. Çünki güller daşky gurşawa aýratyn bezeg we ruhy lezzet berýär. Iş otaglarynda ideg edilýän gülleriň ýene bir tapawutly tarapy olaryň Gün şöhlesiniň düşmeýän ýerlerinde hem ýaşamaga ukyply bolmagy we az suw talap etmegidir. Şeýle gülleriň daşky gurşawa edýän täsiri barada birnäçe maglumatlary size ýetirýäris:
Arassa howa bilen üpjün edýär!
Ösümlikler howanyň düzümindäki kömürturşy gazyny özüne sorup alýar we kislorod bölüp çykarýar. Olara ideg edilmeginiň ilkinji maksady hem şu aýratynlygy bilen baglydyr.
Stresi azaldýar!
Iş otaglarynda ideg edilýän güller gan basyşynyň kadalaşmagyna we stresiň peselmegine hem ýardam edýär.
Galmagaly azaldýar!
Gülleriň akustiki täsiri hem bar. Olar diňe bir kömürturşy gazyny däl, eýsem, ses tolkunlaryny hem özüne siňdirýär. Şonuň netijesinde olar birahat ediji we ünsüňi bölüji galmagalyň peselmegine ýardam edýär.
Görşümiz ýaly, gözelligi bilen ruhy lezzet berýän gülleriň saglygymyza ýetirýän oňaýly täsiri hem az däl. Aslynda edilen haýyrly iş üçin «Elleriňe güller bitsin!» diýilmegi hem ýöne ýerden däldir.