Me­gan Mark­lyň ki­ta­by. Iň­lis şa­za­da­sy Gar­ri­niň aýa­ly, ame­ri­kan akt­ri­sa­sy Me­gan Mark­l ýa­zy­jy bol­mak ka­ra­ry­na gel­di. Muş­dak­la­ry üçin ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da Me­gan Markl 3-7 ýaş­ly ça­ga­lar üçin ni­ýet­le­nen il­kin­ji ese­rini – «The Bench» («Otur­gyç») at­ly ki­ta­by­ny ýaz­dy. Ony bu ki­ta­by ýaz­ma­ga öz adam­sy we og­ly ruh­lan­dyr­dy. Eser­de ata­ly-og­luň ara­syn­da­ky aý­ra­tyn bag­la­ny­şyk enä­niň gö­zi bi­len gür­rüň be­ril­ýär. Şeý­le hem aw­tor ki­ta­by­nyň özü­niň ses ber­jek au­dio gör­nü­şi­ni çy­kar­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýän­di­gi­ni aýt­dy.

Aga­ta Kris­ti­niň öýi. Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da ýa­zy­jy ze­nan Aga­ta Kris­ti­niň öýi 2,75 mil­li­on funt ster­lin­ge (4 mil­li­on dol­lar) sa­tyl­ýar. Aga­ta Kris­ti adam­sy bi­len 1934-nji ýyl­da Wal­ling­ford (Oks­ford­şir) şä­he­rin­dä­ki bu öýi sa­tyn al­ýar. Ýa­zy­jy ara­dan çyk­ýan­ça – 1976-njy ýy­la çen­li bu ýer­de ýa­şa­ýar. Hut şu ýer­de onuň dün­ýä bel­li Miss Marpl we Erk­ýu­le Pua­ro ba­ra­da­ky soň­ky eser­le­ri ýa­zyl­dy. XVII asy­ra de­giş­li bo­lan bu jaý 581 ine­dör­dül metr­den yba­rat bo­lup, Tem­za der­ýa­sy­na go­laý 2 gek­tar bag­lyk meý­da­ny bar. Üç gat­ly jaý­da bäş ýa­tyl­ýan otag we dört myh­man ota­gy bar.

Baý­ro­nyň çe­gi ta­pyl­dy. Gre­si­ýa­nyň döw­let ar­hi­win­den iň­lis ro­man­tik şa­hy­ry Jorj Baý­ro­nyň 1823-nji ýy­lyň 12-nji no­ýab­ryn­da Gre­si­ýa­nyň hö­kü­me­ti­niň we­ki­li Jo­wan­ni Or­lan­do­ga ibe­ren 4 müň fun­tu­nyň çe­gi ta­pyl­dy. Hü­när­men­le­riň pi­ki­ri­çe, bu se­riş­de­ler gys­sag­ly ze­rur­lyk­lar, esa­san hem, Me­so­lon­gi­on şä­he­ri­ni go­ra­mak üçin ni­ýet­le­nip­dir. Çek Mal­ta­da nagt pu­la ge­çi­ri­lip­dir. Ka­gyz pul­lar çe­me­dan­la­ra ýer­leş­di­ri­lip, Me­so­lon­gio­na (Gün­ba­tar Gre­si­ýa) äki­dil­ýär. Ola­ry da­şa­ma­ga Baý­ro­nyň özi hem gat­naş­ýar. Bu pul gä­mi­le­riň üp­jün­çi­li­gi­ne sarp edi­lip­dir.

«Ast­rid Lindg­ren» baý­ra­gy­nyň eýe­le­ri. Stok­golm­da 2020-nji we 2021-nji ýyl­lar üçin «Ast­rid Lindg­ren» hal­ka­ra baý­ra­gy­na fran­suz ýa­zy­jy­sy Žan-Klod Mur­le­wa we ko­re­ýa­ly ýa­zy­jy, su­rat­keş Bek Hi­na eýe bol­dy. Bek Hi­na 2020-nji ýy­lyň baý­ra­gy­ny, Žan-Klod Mur­le­wa 2021-nji ýy­lyň baý­ra­gy­ny al­dy. Emin ag­za­la­ry Bek Hi­na­nyň eser­le­ri­niň in­çe duý­gy­la­ra baý­dy­gy­ny öňe sü­ren bol­sa­lar, Žan Klod Mur­le­wa­nyň eser­le­ri­niň ça­ga­lar ede­bi­ýa­ty­na aja­ýyp tä­ze­lik ge­ti­rendi­gi­ni bel­le­di­ler. Ge­çen ýy­lyň baý­ra­gy dün­ýä­de eme­le ge­len ýag­daý­lar se­bäp­li yza süý­şü­ri­lip­di.