Germaniýanyň “RainRider” kompaniýasy ýagyşda syýahat edenlerinde welosiped sürýänleri goramagyň ugruna çykdy. Ýewropada awtoulaglar bilen bäsleşýän bu ulag görnüşiniň apy-tupanly, gaýly günlerde ýönekeý goragy hem ýok. Ýol aksessuary “Softtop” bu meseläni bölekleýin aradan aýyrýar.
“Softtop” welosipediň öňüne berkidilen alýuminden edilen eplenýän çarçuwadaky poliefir mata örtüginiň bir görnüşidir. Ol welosipedçininiň öň tarapyny dolulygyna hem-de gapdallaryny bölekleýin örtýär. Şeýle gorag üstüňe suw ýa-da läbik syçramazlygynyň, ýagyş damjalarynyň göni ýüzüne urmagynyň öňüni alýar.
“Softtop”-yň agramy bary-ýogy 1,5 kilogram bolup, açylanda onuň boýy 215 santimetr, ini 40 santimetre deň bolup, epilen ýagdaýynda egin torbasyna sygýar. Welosipede berkidilen örtügi bölekleýin epläp, ýa-da duralgada welosipediň üstüni örtüp goýup bolýar. Mata ultramelewşe şöhlelerinden goraýan hem-de bug tutma garşy howa çalşygy deşikleri bar. Örtginiň bahasy 153 dollar.