Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda Energetika Hartiýasy boýunça maslahatyň 27-nji mejlisi geçirildi. Onda Türkmenistan bu iri halkara guramasynyň başlygy diýlip yglan edildi. Mejlisiň işiniň barşynda Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary jenap Urban Rusnak Energetika Hartiýasy boýunça maslahata Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň özara bähbitli hyzmatdaşlyga goşmaça itergi berjegine hem-de energetika howpsuzlygy meseleleri boýunça dünýä derejesinde gepleşikleri ýola goýmaga ýardam etjegine, umuman, durnukly ösüş we energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine täzeçe çemeleşmeleri işläp düzmäge gönükdirilen tagallalary birleşdirmek arkaly öňde goýlan maksatlara ýetiljekdigine ynam bildirdi.
Biziň ýurdumyz Energetika Hartiýasynyň düýbüni tutujy taraplaryň biridir, şonuň üçin hem Türkmenistanyň başlyklyk etmegi ilkinji nobatda halkara energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we pugtalandyrmaga, dünýä energetikasynyň ösüşiniň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin hil taýdan täze, çekişmeler meýdançasyny emele getirmäge hem-de Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňe sürlen hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen, onlarça ýurduň awtordaş bolup çykyş eden degişli kararnamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen baglylykda, ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi hökmünde ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Şeýlelikde, 2017-nji ýylda Aşgabatda Energetika Hartiýasy boýunça maslahatyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Ähli gyzyklanýan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen önjeýli gatnaşyklary giňeltmek arkaly ýurdumyz bu strategik pudak boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly goşant goşýar.
Energetika ulgamynda giň we gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk XXI asyrda dünýäde bolup geçýän durnukly hem-de öňe gidijilikli ýagdaýlaryň esasy ölçegi bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, energetika giňişliginiň häzirki zaman gurluşynyň geljegi, haýsy ýörelgelerde dörediljekdigi, onuň howpsuzlygy we durnuklylygy – bularyň hemmesini köp babatda ählumumy ösüşiň umumy ugry kesgitlär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz energetika bazaryny göreşiň ýa-da bäsleşigiň meýdanyna öwürmek geçmişde galmalydyr, şeýle çemeleşmeler häzirki zaman geosyýasy, ykdysady we durmuş ýagdaýlaryna, senagat tehnologiýalarynyň ölçeglerine laýyk gelmeýär diýip belleýär.
Häzirki döwürde bütin dünýäde energetika hyzmatdaşlygyny oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň bähbitleri esasynda dünýä ösüşiniň hereket ediji güýjüne öwürmäge gönükdirilen düýpgöter täze usullary işläp düzmek, tebigy baýlyklara, ekologiýa jogapkärli hem-de aýawly çemeleşmek, energiýa çeşmeleriniň we sarp edilmeginiň hasabyna döreýän bähbitleri adalatly çözmäge gönükdirilen giň jemgyýetçilik isleglerini nazara almak gün tertibiniň meselesi bolup durýar.