Türkiýede belli edebiýatşynaslaryň we taryhçylaryň bir toparynyň gatnaşmagynda, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny öwrenmäge bagyşlanan “Magtymgulynyň diwanyndan ýygyndylar” atly täze kitap neşir edildi.
Türk dilindäki bu ylmy-barlag işiniň göwrümi 400 sahypadan gowrak bolup, üç bölümden ybaratdyr. Birinji bölümde beýik şahyryň ömri we döredijiligi barada gürrüň berilýär. Ikinji bölümde Magtymgulynyň şygyrlaryndan paýhasly setirler, käbir eserlerine düşündirişler we teswirler berilýär. Üçünji bölümde bolsa, meşhur şahyrlaryň, ýazyjylaryň, syýasatçylaryň we alymlaryň Magtymguly Pyragy baradaky pikirleri getirilýär.
Türkmenistan we türk dilli ýurtlar 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden bellemäge taýýarlanýar. Şunuň bilen baglylylykda, ýurdumyzda ýörite guramaçylyk topary döredilip, şahyryň eserlerini dünýäde tanatmak maksady bilen çäreler meýilnamasy işlenip düzüldi. Bu çäreler Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny we onuň türkmenleriň we Orta we Kiçi Aziýanyň beýleki halklarynyň durmuşyna ýetiren täsirini öwrenmäge gönükdirilendir.