Iň zähmetsöýer jandarlaryň biri hökmünde tanalýan arylaryň öz-özlerini bejermäge ukyplydygyny bilýärdiňizmi? Jandarlar bedeninde ýaşaýan mugthorlara garşy dürli gorag mehanizmlerini (immun garşylygy, fiziologiki jogaplar) ösdürip bilýär. Mysal üçin, mör-möjekleriň gabyklary mugthorlara garşy fiziki päsgelçilik döredýän hem bolsa, peptidler bakteriýalaryň, wiruslaryň we kömelejikleriň köp görnüşini ýok edýär. Haýwanlaryň öz-özüni dolandyrýan derman bejergisine «zoofarikognoziýa» diýilýär. «Zoo» – haýwan, «farmak» – derman we «gnosiýa» – ylym diýmekdir. Aslynda, bu ýagdaý diňe arylarda däl, eýsem, guşlar, keýikler, piller, maýmynlar we itler ýaly beýleki jandarlarda-da duş gelýär. Jandarlaryň dürli kesellere garşy göreşmek, hatda kesel döredýän mikroorganizmlerden goranmak üçin bakteriýalaryň köpelmeginiň öňüni alýan aýratyn iýmitleri has gowy görýändigi mälimdir. «PloS One» ylmy-lukmançylyk žurnalynda bellenilişine görä, balarylar hek keseline sebäp bolýan «Ascophaera apis» kömelejikleriniň ýokuşmagyna garşy ösümlik şiresi bilen özüni goraýar. Mundan başga-da, arylaryň iýmiti laboratoriýada ösümlik şiresi bilen baýlaşdyrylanda, kömelek mugthorunyň ýokançlygy peselýär. Öz-özüni bejerýän jandarlar, köplenç, mugthorlara uçranynda iýmitlenişini üýtgedýärler. Germaniýanyň Martin Lýuteriň adyny göterýän uniwersitetiniň professory Silwio Erler we kärdeşleri barlaglaryň netijesinde «Nosema ceranae» keseline uçran arylaryň nektarlaryň arasyndan iň ýokary antibakterial häsiýetlisi bilen iýmitlenmegi makul bilýändiklerini kesgitlediler. Kesellän balarylara dört dürli bal ekstrakty berildi, olaryň hersiniň dürli derejeli antibiotik täsiri bar. Bu bal ekstraktlary lin, günebakar we robiniýa ýaly ösümliklerden alyndy. Dördünjisi süýji ýaprak sapyndan alyndy. Barlaglaryň dowamynda ulanylan dört ekstraktyň arasynda günebakar baly mikroblara garşy has güýçli täsir edeni boldy. Şonuň netijesinde hem arylaryň günebakar balyny has köp iýýändikleri bellenildi. Şeýle hem günebakar balyny iýen arylaryň kesel ýokuşma derejesiniň lin ösümliginiň balyny iýýän arylar bilen deňeşdirilende 7 göterim peselendigi aýdylýar. Erler we onuň topary tarapyndan geçirilen başga bir barlagda balyň her görnüşiniň bir kesele garşy täsir edýändigi anyklandy. Arylar dürli ýokançly ýagdaýlarda haýsy iýmitiň has täsirli bolýandygyny bilýärler we şoňa görä iýmitlenýärler. Bir söz bilen aýdylanda, arylar kesellänlerinde, lukmanlaryň kesele görä dürli dermanlary berşi ýaly, iýmitini üýtgedip, keseliň öňüni almaga we özlerini bejermäge ukyplydyrlar.