Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy üp­jün et­mek, dur­nuk­ly ösü­ş dep­gi­ni­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak ba­bat­da öňe sür­ýän pa­ra­sat­ly baş­lan­gyç­la­ry dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň yk­rar­na­ma­sy­na eýe bol­dy. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne Aş­ga­bat­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň (BMG) ho­wan­dar­ly­gyn­da hem-de onuň ýol­baş­çy­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len Dur­nuk­ly ulag ul­ga­my bo­ýun­ça Äh­lu­mu­my mas­la­hat hem-de onuň yzy­sü­re Azi­ýa hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­si­ni dö­ret­mek ba­ra­da­ky ägirt uly tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de gur­lan tä­ze de­mir ýo­luň açyl­ma­gy do­ly gü­wä geç­ýär.

ULAG-ÜS­TA­ŞYR GE­ÇEL­GE­LE­RI BO­ÝUN­ÇA ÄH­LU­MU­MY MAS­LA­HAT
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň dur­nuk­ly ösü­şiň esa­sy bö­le­gi bo­lup dur­ýan ulag-üs­ta­şyr ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy has-da iş­jeň­leş­dir­mek ba­bat­da öňe sü­ren baş­lan­gy­jy esa­syn­da paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da BMG-niň ho­wan­dar­ly­gyn­da Dur­nuk­ly ulag ul­ga­my bo­ýun­ça Äh­lu­mu­my mas­la­hat ge­çi­ril­di. Oňa dün­ýä­niň sy­ýa­sy we yk­dy­sa­dy jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň we­kil­le­ri ýyg­na­ndy. Ola­ryň ara­syn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry Pan Gi Mun, Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti, Gru­zi­ýa­nyň Pre­zi­den­ti, Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri, Awst­ri­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Ikin­ji Pre­zi­den­ti, Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Mil­li ýyg­na­gy­nyň Res­pub­li­ka Ge­ňe­şi­niň Baş­ly­gy bar. Mun­dan baş­ga-da köp ýurt­la­ryň hö­kü­met ag­za­la­ry, ugur­daş mi­nistr­lik­le­riň ýol­baş­çy­la­ry, iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň we dü­züm­le­ri­niň, BMG-niň, onuň ko­mis­si­ýa­la­ry­nyň hem-de ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry­nyň, şeý­le hem ÝHHG-niň, YHG-niň, ŞHG-niň, GDA-nyň, Ýew­ro­pa ko­mis­si­ýa­sy­nyň we beý­le­ki­le­riň ýol­baş­çy­la­ry we we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.
BMG-niň Baş sek­re­ta­ry we bu ab­raý­ly gu­ra­ma­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li we­kil­le­ri mas­la­ha­tyň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk­ly ýag­daý­da ge­çi­ri­len­di­gi­ni bel­läp, onuň işi­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­di­ler. Türk­me­nis­tan­da şeý­le uly äh­mi­ýet­li fo­ru­myň ge­çi­ril­me­gi ýur­du­my­zyň be­lent hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň hem-de türk­men Li­de­ri­niň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň mün­be­rin­den öňe sü­ren hem-de ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len oňyn baş­lan­gyç­la­ry­nyň Yk­rar­na­ma­sy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr.
Mas­la­ha­tyň çäk­le­rin­de köp san­ly du­şu­şyk­lar ge­çi­ri­lip, oňa gatnaşyjylar 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin Dur­nuk­ly ösüş ba­bat­da ulag ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy has-da ös­dür­mä­ge yg­rar­ly­dyk­la­ry­ny tas­syk­la­dy­lar. Hal­ka­ra fo­ru­myň çäk­le­rin­de köp san­ly yla­la­şyk­la­ra gol çe­kil­di we Aş­ga­bat be­ýan­na­ma­sy ka­bul edil­di.

AZI­ÝA HAL­KA­RA DE­MIR ÝOL GE­ÇEL­GE­SI DUR­MU­ŞA GEÇ­IRILÝÄR
Dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň hem-de köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň üns mer­ke­zin­de bo­lan, Türk­me­nis­tan­da hal­ka­ra fo­ru­myň yzy­sü­re Azi­ýa hal­ka­ra de­mir ýol ulag ge­çel­ge­si­niň bi­rin­ji tap­gy­ry­ny ulan­ma­ga ber­mek da­ba­ra­sy bol­dy. Se­bit ul­ga­my­nyň “al­tyn hal­ka­sy­na” öw­rül­jek Ata­my­rat-Ymam­na­zar-Aki­na tä­ze ýo­luň işe gi­ri­zil­me­gi­ne ba­gyş­la­nan da­ba­ra­la­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow we Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Mo­ham­mad Aş­raf Ga­ni gat­naş­dy­lar.
2013-nji ýy­lyň 5-nji iýu­nyn­da goň­şy do­gan­lyk Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň we Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­dent­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da ba­dal­ga ber­len tä­ze po­lat ýo­lu­nyň uzyn­ly­gy 88 ki­lo­met­re ba­ra­bar­dyr. Ýo­luň ug­run­da 256 we 363 met­re ba­ra­bar iki sa­ny uly köp­ri gu­rul­dy. Gü­lüs­tan we Ymam­na­zar men­zil­le­ri, tä­ze be­ket­ler hem-de ze­rur bo­lan teh­ni­ki we dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň bir­nä­çe­si işe gi­ri­zil­di.
Se­bi­tiň, ga­ly­ber­se-de Azi­ýa yk­ly­my­nyň ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da­ky söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry has-da iş­jeň­leş­dir­mä­ge oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­jek bu po­lat ýo­ly gel­jek­de Aki­na­dan Hin­dis­ta­na çen­li, soň­ra Gü­nor­ta Azi­ýa çen­li ba­ryp ýe­ter. Şeý­le­lik­de, Türk­me­nis­tan Ýew­ra­zi­ýa se­bi­tin­de “po­lat ýol­la­ryň” uly çat­ry­gy­na, iri ulag-üs­ta­şyr mer­ke­zi­ne öw­rü­ler.

MIL­LI LI­DE­RI­MI­ZE BE­LENT SAR­PA
Ata­my­rat-Ymam­na­zar-Aki­na de­mir ýo­lu­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy her iki ýurt­da-da ge­çi­ril­di. Ow­ga­nys­ta­nyň Aki­na men­zi­lin­dä­ki da­ba­ra­nyň çäk­le­rin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze be­lent hor­mat-sar­pa go­ýul­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­ni “Ga­zy Mo­ham­mad Ak­bar Han” at­ly Döw­let me­da­ly bi­len sy­lag­la­mak ha­kyn­da­ky Per­man okal­dy we Ow­ga­nys­ta­nyň Pre­zi­den­ti Aş­raf Ga­ni­niň hut özi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze iki goň­şy hal­kyň ara­syn­da­ky dost­luk gat­na­şyk­la­ry­ny we hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge go­şan uly şah­sy go­şan­dy üçin Ow­ga­nys­ta­nyň iň ýo­ka­ry sy­lag­la­ry­nyň bi­ri bo­lan bu me­da­ly gow­şur­dy.
Ow­ga­nys­ta­nyň Baş­tu­ta­ny da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ra hem-de türk­men kär­de­şi­ne ýüz­le­nip, Ow­ga­nys­tan­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­ni aja­ýyp sy­ýa­sat­çy, re­for­ma­tor hem-de tu­tuş se­bit üçin uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lan oňyn tas­la­ma­la­ryň ba­şy­ny baş­laý­jy hök­mün­de ta­na­ýan­dyk­la­ry­ny we uly sar­pa goý­ýan­dyk­la­ry­ny nyg­ta­dy. Türk­men Li­de­ri­niň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, Türk­me­nis­tan ýol­la­ry çek­ýän hem-de dost­luk köp­rü­le­ri­ni gur­ýan iri mer­ke­ze öw­rül­di.
Mil­li Li­de­ri­miz şol ýer­de eden çy­ky­şyn­da in­di 20 ýyl bä­ri Ow­ga­nys­ta­nyň do­gan­lyk hal­ky­na elekt­rik to­gu­ny el­ýe­ter­li ba­ha­dan be­rip gel­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Yla­la­şy­gyň esa­syn­da hä­zir­ki wagt­da 100 me­ga­wat bol­sa, in­di­ki ýyl bu gör­ke­zi­ji 150-ä, 2018-nji ýyl­da bol­sa, ol yla­la­şyk esa­syn­da 300 me­ga­wa­ta ýe­ti­ri­ler. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ow­gan kär­de­şi­niň bu sa­ny 500-e ýe­tir­me­gi ha­ýyş eden­di­gi­ni nygtap, “Eger-de, do­gan­la­ry­my­za ge­rek bol­sa 500-e hem ýe­ti­re­ris” di­ýip, bel­le­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň çy­ky­şy uly şow­hun bi­len gar­şy­lan­dy.

TÄ­ZE ÝOL BI­LEN DOST­LUK KÖ­ME­GI UG­RA­DYL­DY
Türk­me­nis­ta­nyň hem-de Ow­ga­nys­ta­nyň Pre­zi­dent­le­ri­niň tä­ze po­lat ýo­lu­nyň “al­tyn bi­rik­me­si­ni” ber­kit­me­gin­den soň­ra il­kin­ji ýük ot­lu­sy ow­gan ta­ra­py­na geç­di. Mil­li Li­de­ri­miz ow­gan top­ra­gy­na yn­san­per­wer kö­me­gi hem-de ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak sow­gat bi­len bar­dy. Tä­ze ýol bo­ýun­ça Ow­ga­nys­ta­na ug­ra­dy­lan ot­ly­nyň il­kin­ji dü­zü­mi türk­men önüm­le­ri ýük­le­nen wa­gon­la­ryň 46-syn­dan yba­rat bol­dy: ola­ryň onu­sy­na un, dä­ne, se­ment ýük­le­nil­di. Beý­le­ki ýük­le­riň ha­ta­ryn­da kü­kürt, kar­ba­mid bar.
Şeý­le hem ow­gan do­gan­la­ry­my­za süý­ji-kö­ke önüm­le­ri hem el­til­di. Ow­gan sarp edi­ji­le­ri Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ril­ýän süý­ji-köke önüm­le­ri­niň ta­ga­my­na hem-de hi­li­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär­ler.

ÝÜK GAT­NA­WY­NYŇ MÖÇ­BE­RI HAS-DA AR­TAR
Umu­man, şu ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri Türk­me­nis­tan­dan Ow­ga­nys­ta­na ibe­ri­len ýük­le­riň umu­my möç­be­ri 1,4 mil­li­on ton­na­dan gow­rak bol­dy, ola­ryň 865,4 müň ton­na­sy ne­bit önüm­le­ri, 310,7 müň ton­na­sy su­wuk­lan­dy­ry­lan gaz, 121,7 müň ton­na­sy bug­daý we bug­daý uny, 18,2 müň ton­na­sy beý­le­ki ha­ryt­lar­dyr.
Ata­my­rat-Ymam­na­zar-Aki­na de­mir ýo­lu­nyň açy­ly­şy­na çen­li Türk­me­nis­ta­nyň we Ow­ga­nys­ta­nyň ara­syn­da da­şal­ýan ýük­le­riň äh­li­si Ser­he­ta­bat-Tur­gun­dy hem-de Ke­lif-Ter­mez-Ma­za­ri-Şa­rif de­mir ýol ge­çel­ge­le­ri bo­ýun­ça ug­ra­dyl­ýar­dy. Özi-de şol ýük­le­riň 75 gö­te­ri­mi (559,8 müň ton­na) türk­men ha­ryt­la­ry we 25 gö­te­ri­mi (182,7 müň ton­na) beý­le­ki ýurt­la­ryň ha­ryt­la­ry­dyr. Şeý­le­lik­de, tä­ze de­mir ýo­luň örän ze­rur­dy­gy äş­gär­dir, ýö­ne onuň äh­mi­ýe­ti in­di açy­lyp baş­lan­dy. Ol bu ýo­la tä­ze çäk­le­riň, tas­la­ma­la­ryň, lo­gis­ti­ki ugur­la­ryň go­şul­ma­gy bi­len öz çäk­le­ri­ni has-da gi­ňel­der. Bu­lar­dan baş­ga-da, türk­men de­mir ýol­la­ry ar­ka­ly şu ýyl eks­port – im­port ýük­le­ri­niň 3 mil­li­on ton­na­dan gow­ra­gy da­şal­dy. Şun­da Eý­ran, Ow­ga­nys­tan, Rus­si­ýa, döw­le­ti­mi­ziň esa­sy söw­da hyz­mat­daş­la­ry bo­lup dur­ýar.
Şeý­le hem Azi­ýa hal­ka­ra de­mir ýol ulag ge­çel­ge­si­niň bi­rin­ji no­bat­da­ky­sy­nyň ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi bi­len bir gün­de “Ymam­na­zar” güm­rük no­ka­dyn­da ne­bit önüm­le­ri­ni ka­bul ed­ýän, sak­la­ýan we ug­rad­ýan tä­ze ter­mi­nal ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Döw­re­bap en­jam­lar bi­len üp­jün edil­me­gi ter­mi­na­la birwag­tyň özün­de ne­bit önüm­le­ri­niň 540 müň ton­na­sy­ny ýa-da bir gi­je-gün­diz­de ýan­gyç se­riş­de­le­ri­niň 2 müň ton­na­sy­ny ka­bul et­mä­ge, sak­la­ma­ga we ug­rat­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Te­le­köp­ri ar­ka­ly da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar ne­bit önüm­le­ri­niň de­mir ýol­lar bi­len ýö­ri­te gap­lar­da ter­mi­na­la ge­ti­ri­li­şi­ni, ka­bul edi­li­şi­ni, ýö­ri­te tur­ba­la­ryň kö­me­gi bi­len Ow­ga­nys­ta­nyň ser­he­di­ne ibe­ri­li­şi­ni, ol ýer­de bol­sa on­dan aň­ryk ug­rat­mak üçin ýö­ri­te aw­tou­lag­la­ra ýük­le­ni­li­şi­ni syn­la­dy­lar.