Ýa­po­ni­ýa se­na­gat, yk­dy­sa­dy­ýet we teh­no­lo­gi­ýa taý­dan ösen ýurt­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Bu ýurt­da dür­li ugur­la­ra ýö­ri­te­leş­di­ri­len ro­bot­la­ryň en­çe­me­si­ne duş gel­mek müm­kin. Şeý­le ro­bot­la­ryň bir­nä­çe gör­nü­şi ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry si­ze ýe­tir­ýä­ris:
Hos­pi. Bu ro­bot «Pa­na­so­nic» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 2004-nji ýyl­da ön­dü­ril­di. Ol öň ta­ra­pyn­da ýer­leş­di­ri­len kar­ta­laş­dy­ryş mag­lu­mat­la­ry ar­ka­ly öz­baş­dak he­re­ket et­mä­ge ukyp­ly­dyr. Has­sa­ha­na­lar­da be­jer­gi al­ýan has­sa­la­ra ýar­dam ber­ýän, ola­ry bar­ma­ly ýe­ri­ne äkid­ýän, baş­ga-da bir­nä­çe hyz­mat­la­ry ama­la aşyr­ýan bu ro­bo­tyň tä­ze nus­ga­sy 2013-nji ýyl­da köp­çü­li­ge ýe­ti­ril­di we uly meş­hur­lyk ga­zan­dy.
Mo­no­no­fu. Ýa­po­ni­ýa­nyň «Sa­ka­ki­ba­ra Ki­kai Co., Ltd.» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan tas­la­ny­lan bu ägirt uly ro­bo­tyň bo­ýy 8,46 met­re, ini 4 met­re ba­ra­bar­dyr. «Mo­no­no­fu» ýa­pon di­lin­de «sa­mu­raý ur­şu­jy­sy» diý­me­gi aň­lad­ýar. Aýa­gy ti­gir­çek­li bu adam­sy­pat ro­bot Gin­ne­siň Bü­tin­dün­ýä re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. Ol adam ta­ra­pyn­dan içer­den do­lan­dy­ryl­ýar. Ro­bo­tyň için­de do­lan­dy­ryş mer­ke­zi­ne äkid­ýän ýö­ri­te lift bar.
Asi­mo. 2000-nji ýyl­da «Hon­da» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len il­kin­ji adam­sy­pat ro­bot­dyr. Hä­zir­ki wagt­da Ýa­po­ni­ýa­nyň Mi­rai­kan Ylym we Teh­no­lo­gi­ýa mu­ze­ýin­de sak­lan­ýan «Asi­mo»-nyň bo­ýy 130 san­ti­met­re, ag­ra­my 54 ki­log­ra­ma deň­dir. Bu ro­bot he­re­ket ed­ýän zat­la­ry, yşa­rat­la­ry saý­gar­mak, ses we ýüz ta­na­mak uky­by­na eýe­dir. Bu bol­sa ro­bo­tyň adam­lar bi­len ara­gat­na­şyk sak­la­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ol kel­le­si­niň öň ta­ra­pyn­da­ky iki ka­me­ra – «gö­zi» ar­ka­ly dü­şü­ri­len wi­zu­al mag­lu­mat­la­ry ula­nyp, bir­nä­çe ob­ýek­tiň he­re­ke­ti­ni, şeý­le hem ara­ly­gy we ug­ry kes­git­läp bil­ýär.
Oto­na­ro­id. Ýa­po­ni­ýa­ly in­že­ner Hi­ro­si Isi­gu­ro ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len bu ro­bot diý­seň tä­sin. Ge­çip bar­ýan­la­ra ýyl­gyr­ýan, eli­ni gal­gad­ýan, ada­ty, sa­da­ja geý­nen ze­nan keşp­li ro­bot hem Mi­rai­kan Ylym we Teh­no­lo­gi­ýa mu­ze­ýin­de «iş­le­ýär». Ol myh­man­la­ryň ýö­ne­keý so­rag­la­ry­na jo­gap ber­ýär we umu­my mow­zuk­lar­da söh­bet­deş­lik ed­ýär. Oto­na­ro­id ça­ga­la­ry diý­seň go­wy gör­ýär. Olar bi­len söh­bet­deş bol­ýar, dost­laş­ýar, hat­da bi­le­lik­de top hem oý­na­ýar.
Aibo. Bu ro­bot itiň il­kin­ji nus­ga­sy bo­lup, 1998-nji ýyl­da «So­ny» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan dö­re­dil­di. 2006-njy ýy­la çen­li beý­le­ki «jan­dar­la­ryň» dür­li gör­nüş­le­ri hem sa­tu­wa çy­ka­ryl­dy. Ola­ryň ag­la­ba­sy it, ga­la­ny hem gap­laň, ýol­bars ýa­ly ýa­ba­ny to­kaý jan­dar­la­ry gör­nüş­le­rin­de dö­re­dil­di.
Ki­ro­bo. To­kio uni­wer­si­te­ti­niň ro­bo­to­teh­ni­gi To­mo­ta­ka Ta­ka­ha­si ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len bu ast­ro­nawt ro­bot Hal­ka­ra kos­mos stan­si­ýa­sy­nyň il­kin­ji ýa­pon ser­ker­de­si Koi­çi Wa­ka­ta uçuş­da ýol­daş­lyk ed­ýär. «Ki­ro­bo» ýa­pon di­lin­de «umyt» diý­me­gi aň­lad­ýar. Ki­ro­bo­nyň bo­ýy 34, ini 18 san­ti­met­re, ag­ra­my 1 ki­log­ra­ma ba­ra­bar­dyr. Ro­bot ýa­pon­ça gep­le­ýär. Onuň ses we ýüz ta­na­mak, ara­gat­na­şy­gy sak­la­mak, şeý­le hem wi­deo ýaz­gy­la­ry­ny al­mak ýa­ly ukyp­la­ry bar.