Mun­dan 15 ýyl ozal Gün ul­ga­myn­da­ky pla­ne­ta­la­ryň bi­ri azal­dyl­dy. On­dan öň pla­ne­ta ha­sap edil­ýän as­man ji­si­mi­niň bu de­re­je­si «elin­den alyn­dy». Nä­me üçin?
Hä­zir­ki wagt­da Gün ul­ga­myn­da je­mi se­kiz pla­ne­ta bar. Hal­ka­ra Ast­ro­no­mi­ýa bi­le­le­şi­gi bir as­man ji­si­mi­niň pla­ne­ta ha­sap­lan­ma­gy üçin üç sa­ny öl­çe­giň bar­dy­gy­ny bel­le­ýär:
1. Ýyl­dy­zyň da­şyn­dan aý­lan­ýan bol­ma­ly. Plu­ton Gü­nüň, ýag­ny ýyl­dy­zyň da­şyn­dan aý­lan­ýar. Şol se­bäp­li bu öl­çe­ge ga­bat gel­ýär. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, bu pla­ne­ta üs­ti açy­la­ny bä­ri, Gü­nüň da­şyn­da­ky aý­la­wy­ny ta­mam­la­ma­dy. Se­bä­bi ol Gün­den örän uzak­da ýer­le­şip, bir aý­la­wy­ny 250 ýy­la go­laý wagt­da ta­mam­la­ýar. Bu as­man ji­si­mi 1930-njy ýyl­da ta­pyl­dy.
2. To­ga­lak şe­kil­li bol­ma­gy üçin ýe­ter­lik de­re­je­de mas­sa­sy­nyň bol­ma­gy. Beý­le­ki pla­ne­ta­lar ýa­ly uly bol­ma­sa-da, Plu­to­nyň mas­sa­sy bu öl­çe­ge hem ga­bat gel­ýär.
3. Öz or­bi­ta­sy­ny beý­le­ki as­man ji­sim­le­rin­den aras­sa­lap bil­me­li. Plu­ton ast­ro­nom­la­ryň bu öl­çe­gi­ne ga­bat gel­me­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, pla­ne­ta­la­ryň bel­li bir dar­tyş güý­ji bo­lup, go­la­ýy­na ge­len zat­la­ry özü­ne çe­kip al­ýar. Em­ma Plu­to­nyň dar­tyş güý­ji örän pes bo­lup, beý­le­ki as­man ji­sim­le­ri­ni özü­ne çe­kip bil­me­ýär. Dar­tyş güý­ji pes hem bol­sa, bu pla­ne­ta­nyň 5 sa­ny hem­ra­sy bar. Ag­za­lan üçün­ji öl­çe­ge la­ýyk gel­me­ýän­di­gi gö­z ö­ňün­de tu­tu­lyp, Plu­ton 2006-njy ýy­lyň 24-nji aw­gus­tyn­da pla­ne­ta­la­ryň sa­na­wyn­dan aý­ryl­dy. Şol gün Hal­ka­ra Ast­ro­no­mi­ýa bi­le­le­şi­gi­niň 26-njy As­samb­le­ýa­syn­da Plu­to­nyň pla­ne­ta sta­tu­sy aý­ry­lyp, onuň ýe­ri­ne «gir­de­nek pla­ne­ta» ýa-da «Gün ul­ga­my­nyň ki­çi ji­si­mi» di­ýil­me­gi ma­kul bi­lin­di. Ne­ti­je­de, Gün ul­ga­myn­da 9 däl-de, 8 pla­ne­ta bar.