Belli bolşy ýaly, ýurdumyzda telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň we ösdürmegiň hukuk esaslaryny kämilleşdirmekde giň gerimli çäreler amala aşyryldy. Türkmen telekeçileri şu ýylyň 10 aýynda durmuş maksatly binalaryň 45-siniň, 909,2 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny tamamladylar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiziň aýrylmaz bölegi hökmünde telekeçiligi ösdürmek Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Telekeçilik ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli önümçilik ulgamlarynda aýgytlaýjy orny eýeleýär we döwletimiziň durnukly ösüşine öz netijeli goşandyny goşýar.
Belli bolşy ýaly, ýurdumyzda telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň we ösdürmegiň hukuk esaslaryny kämilleşdirmekde giň gerimli çäreler amala aşyryldy. Olaryň hatarynda 2009-njy ýylyň awgust aýynda kabul edilen “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak” hakynda Türkmenistanyň Kanunyny görkezmek bolar. Bu Kanunyň kabul edilmeginiň maksady ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň üstünlikli işlemegi ykdysady ösüşe we durmuş taýdan kämilleşmäge ýardam edýän bazar ykdysadyýetiniň möhüm bölegi hökmünde ösmegi üçin amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny döretmekden ybaratdyr. Kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerini döwlet tarapyndan goldamak hem-de telekeçiligiň ösdürilmegini höweslendirmek, täze iş ýerlerini döretmek, haryt öndürijileriň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, amatly maliýe, maýa goýum, maddy-tehniki we beýleki şertleri döretmek şu Kanunyň esasy wezipeleri bolup durýar. Ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyň giňden ornaşdyrylmagy, zerur bolan kadalaşdyryjy-hukuk namalar binýadynyň döredilmegi we onuň yzygiderli kämilleşdirilmegi netijesinde, hususy telekeçiligiň ykdysadyýetimizdäki orny barha pugtalanýar.
Türkmen telekeçileri şu ýylyň 10 aýynda durmuş maksatly binalaryň 45-siniň, 909,2 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny tamamladylar. Häzirki döwürde olar suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 25-siniň, durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 65-siniň, 769,3 inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň gurluşygynda netijeli işleri alyp barýarlar. Welaýatlaryň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna laýyklykda, häzirki wagtda binalaryň we desgalaryň 208-siniň gurluşygy tamamlandy. Täze binalaryň ulanylmaga berilmegi netijesinde, 18 müň 294 täze iş orunlary döredildi. Munuň özi içerki bazarda haryt bolçulygyny üpjün etmäge uly mümkinçilik berer.
Kiçi we orta telekeçiligi goldamakda oýlanyşykly döwlet syýasatynyň amala aşyrylmagy, ýurduň jemi içerki önüminde hususy telekeçileriň pudaklar boýunça tutýan paýynyň ýokarlanmagyna, kiçi we orta kärhanalardan döwlet býujetine gelip gowuşýan salgytlaryň möçberiniň artmagyna, täze döredilýän iş orunlarynyň köpelmegine we ortaça aýlyk zähmet hakynyň möçberiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe telekeçiligiň ösüşiniň ýokarlanmagyna, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda hususy eýeçilikdäki önümçilik kuwwatlyklarynyň hem-de hususy maýa goýum işjeňliginiň artmagyna mümkinçilik döredýär. Hormatly Prezidentimiziň: “Telekeçiler – ýurdumyzyň altyn gaznasydyr” diýip, uly ynam bildirýän türkmen telekeçileri gözel paýtagtymyzda, welaýat merkezlerimizde, etraplarymyzda, obalarymyzd a täze şäherçeleri, obalary, desgalary gurmak bilen bu wezipäniň hötdesinden gelýärler.
Munuň hut şeýledigine biz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde açylan Bereketli zaman şäherçesiniň açylyşynda-da anyk göz ýetirdik. Hoştap dag howaly bu ajaýyp ýerde giň köçeleri we ýanýodalary, ýaşaýyş-durmuş we inženerçilik ulgamlary bolan 130-sy 5 otagly, ýene şonçasy 4 otagly, 140-sy 3 otagly ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi. Bu desgalarda aňrybaş amatlyklaryň we oňaýly şertleriň döredilendigi diýseň guwançlydyr. Şäherçäniň medeniýet öýünde 200 orunlyk tomaşaçylar zaly, ýerli ilatyň dürli dabaralary, baýramçylyklary, döredijilik sapaklaryny geçirmekleri, kitap okamaklary, çeperçilik ukyplaryny ösdürmekleri üçin ähli mümkinçilikler bar. Şäherçedäki hyzmatlar öýi, 640 orunlyk orta mekdebiň binasy, 500 orunlyk “Toý mekany”, bazary bolan söwda merkezi, 160 orunlyk çagalar bagynyň binasy, Ahal welaýat häkimliginiň garamagyna girýän 12 desga, ministrliklere we pudak edaralaryna degişli 12 bina täsin keşbi bilen görenleriň göwnüni göterýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramçylyk günlerinde milli Liderimiziň gatnaşmagynda Oguz han we G. Ezizow köçeleriniň aralygynda paýtagtymyzy gurmagyň 14-nji tapgyrynyň çäklerinde 12 gatly, 44 we 66 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 23-siniň açylmagy, Bereketli zaman täze ýaşaýyş toplumynda ähli amatlyklary bolan kottejleriň 443-siniň ulanylmaga berilmegi hem türkmen telekeçileriniň milli ykdysadyýetimizdäki belent ornuny häsiýetlendirýär.
Biz bagtyýar raýatlarymyza ýaşamaga, işlemäge, okamaga, döretmäge şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza köp-köp sagbolsun aýdýarys!
Arslan ŞÜkÜrow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.