(Hekaýa)
Ro­wa­ýat­da gar­la­wa­jyň ada­my ha­las edi­şin­den­mi, nä­me­mi, ga­raz, bu guş baş­ga guş­la­ra ga­ranyň­da, ynsana has ýa­kyn ha­sap­lan­ýar. Ol ada­myň go­la­ýyn­dan uzakla­şa­nok. Ge­çen ýyl guş­la­ryň ýy­ly ýurt­lar­da gyş­lap, yzy­na dolanýan dö­wür­le­ri­di. Gar­la­waç­la­ryň ozal hö­würt­ge­le­ýän ýe­ri­ne ýal­ňyş­man ge­lip, ýe­ne-de şol ýer­de ýu­murt­galap, bas­ýan­dy­gy­ny bil­ýär­dim. Şo­nuň üçin ola­ryň ýasan hö­würt­ge­si­ne zy­ýan ber­me­ýär­dik.
Kö­mek­çi ja­ýy­my­zyň ýo­kar­syn­da ozal edi­nen hö­würt­ge­si­ne do­la­nyp ge­len gar­la­waç­la­ra gö­zeg­çi­lik edip baş­la­dym. Bu ma­ňa bio­lo­gi­ýa mu­gal­ly­my hök­mün­de-de gy­zyk­ly­dy. Olar hö­würt­gä­ni aras­sa­lap, guzlan ýu­murt­galaryny ba­syp baş­la­dy­lar. Bir­nä­çe wagt­dan ýumurtgadan çykan jüý­je­le­riň ses­le­ri eşi­di­lip ug­ra­dy. Ene we ata guş ola­ra ge­zek­le­şip iý­mit da­şa­ýar­dy­lar, ola­ryň uçu­rym bol­ma­gy üçin yh­las ba­ry­ny ed­ýär­di­ler. Biz ja­ýa özü­mi­ze ge­rek­li zat­la­ry al­ma­ga bar­sak, olar jüýjelerini gabanyp, how­sa­la­ly ses­len­ýär­di­ler, çagajyklary bol­sa, ýa­py­ry­ly­şyp, se­si­ni çy­kar­man, bir­sa­lym dym­ýar­dy­lar.
Ine, bir gün gör­sem, hö­würt­ge ýe­rin­de ýok. Uly gar­la­waç­lar diý­seň how­sa­la­ly, iki ýa­na uçup ýör­ler. Üns­li se­ret­sem, hö­würt­ge ýer­de ýa­tyr. Ge­çen ýyl­ky bo­lan­ly­gy se­bäp­li ol jüý­je­jik­le­riň ag­ra­my­na tap ge­l­män, aşak ga­çyp­dyr. Gar­la­waç­la­ryň dört ça­ga­sy biz­den dalda is­le­ýän ýaly, na­ýyn­jar ga­rap, bo­zu­lan hö­würt­gä­niň ara­syn­da gu­ma bu­la­şyp ýa­tyr­dy. Men il­ki nä­me et­je­gi­mi bil­me­dim, se­bä­bi ga­zet­den: “Eger-de guş, hö­würt­ge­si­ne yn­san eli­niň de­ge­ni­ni aň­sa, ol öz me­ka­ny­ny terk edip gid­ýär” di­ýlen ma­ka­la­ny okap­dym. Gar­la­wa­jyň jüý­je­le­ri­ni ýer­den gal­dyr­ma­saň, pi­şik­le­re şam bol­jak­dy. Men og­lum Mak­sat bi­len el­ýe­ter­den ýo­kar­rak­da de­mir­den ýa­sa­lan se­bet­ji­gi çüý­den asyp, onuň içi­ne ýere ga­çan jüýjeleri pyt­ran ho­würt­ge­si bi­len bir­lik­de ýer­leş­dir­dim. Ola­ryň hos­sar­la­ry ça­ga­la­ry­nyň se­si­ni eşi­dip, ýan­la­ry­na gon­du­lar. Synlanymda, ola­ryň ne­silleri barada janserekdigini gö­rüp, be­gen­dim. Bir hep­de­den soň­ra seretsem, guş ça­ga­la­ry ýe­rin­de ýok­dy. Bir­ba­da pi­ki­ri­mi jem­läp bil­medim, ene-ata guş­lar öz uçu­rym eden ça­ga­la­ry­ny yzy­na tir­käp, min­net­dar­lyk bil­dir­ýän­dik­le­ri­ni duý­dur­ýan şekilli, ýokarda bir öw­rüm et­di­ler-de, uçup git­di­ler. Men şon­da guşlaryň hem edil yn­san ýa­ly öz ça­ga­la­ry üçin kö­ke­nek ger­ýän­di­gi­ne göz ýe­tir­dim, eden hyzmatlarymyza gu­wan­dym. Iki hep­de­den soň, ene-ata gar­la­waç owalky ýe­rin­den hö­würt­ge edinip, ikin­ji ge­zek ýu­murt­ga ba­syp, ola­ry-da tä­ze hö­würt­gede ýe­tiş­di­ren jüý­je­le­ri­ni uçu­rym et­di­ler.
Şu ýyl gar­la­waç­la­ryň uçup ge­lýän möwsümi kö­mek­çi ja­ýy­my­zyň olaryň gir­ýän aý­na­sy­nyň ça­la­ja açyk ýe­ri ýa­py­lyp ga­lyp­dyr. Gar­la­waç­la­ryň ge­lip, öň­ki hö­würt­ge­si­ni göz­läp, iki ýa­na çarp ur­ýan­dy­gy­ny gö­rüp, päs­gel­çi­li­gi aý­ra­nym­da, ola­ryň ýe­ne-de öz hö­würt­ge­sin­de ýu­murt­ga­lan­dy­gy­ny gö­rüp be­gen­dim.
Gül­za­da Aky­ýe­wa,
Ga­ra­be­ke­wül et­ra­byn­da­ky 10-njy or­ta mek­de­biň bio­lo­giya mu­gal­ly­my.