Islendik döwletiň binýadynyň berkligi, ilkinji nobatda, ykdysady pudagyň ösüşi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Halkyň maddy hal-ýagdaýynyň derejesi gönüden-göni şol döwletiň ykdysady taýdan ösüşine bagly bolup durýar. Ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmek we ösüşiň belent sepgitlerine ýetmek üçin döwlete giň dünýägaraýyşly, sowatly, Watana wepaly hünärmenler gerek. Şeýle ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde hormatly Prezidentimiz bilim işgärleriniň öňünde aýratyn uly wezipeleri goýýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, daşary ýurt dillerini öwrenmäge hem aýratyn uly üns berilýär.
Dil öwrenmek adam üçin täze bir dünýäni, täze gapyny açýar. Aragatnaşygyň möhüm serişdesi bolan dil häzirki wagtda diňe aragatnaşyk hyzmatyny ýerine ýetirmän, eýsem, bütin dünýäde halklaryň arasynda parahatçylygy gorap saklamagyň açaryna öwrüldi. Türkmenistanyň daşary syýasatynyň netijesinde, dünýäniň beýleki döwletleri bilen hoşniýetli, parahatsöýüjilikli, dost-doganlyk gatnaşyklary ýola goýuldy. Halkara gatnaşyklaryň ösmegi bolsa daşary ýurt dillerini öwrenmekligiň zerurlygyny artdyrdy.
Ýer ýüzünde parahatçylygy goramakda, ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmekde dünýäde möhüm orny eýeleýän iri halkara guramalarynyň biri BMG-niň 6 sany resmi dili bolup, şol resmi dillere iňlis, ispan, fransuz, hytaý, arap we rus dilleri degişlidir. Ýurdumyzda ady agzalan dilleriň ählisi döwlet tarapyndan esaslandyrylan bilim ojaklarynda okadylýar.
Gündogaryň beýik akyldary, XI-XII asyrlarda ýaşap geçen beýik türkmen alymy Mahmyt Zamahşarynyň «Ýagşyzadalaryň bahary» atly kitaby milli mirasymyzyň ruhy gymmatlyklarynyň ajaýyp nusgalarynyň biridir. Alym asyrlaryň pähim-paýhasyny özünde saklaýan bu naýbaşy eserinde ylmyň dört sany görnüşini öwrenmegi öňe sürýar. Olaryň birinjisi dini ylymlardan, ikinjisi beden saglygy bilen bagly ylymlardan, üçünjisi dil bilen bagly ylymlardan we dördünjisi ýyldyzlary öwrenmek bilen bagly ylymlardan ybaratdyr. Görşümiz ýaly, geçmiş edebiýatymyzda-da dil öwrenmäge uly üns berlipdir. Öz döwründe Horezmde uly derejelere ýeten Zamahşary merkezi Aziýanyň, şeýle-de arap-pars edebiýatynyň taryhynda hem uly yz galdyran beýik şahsyýetdir.
Ylym almak, dil öwrenmek sabyrlylygy, ünslüligi talap edýär. Ony delillendirýän il arasynda rowaýata öwrülen şeýle bir waka bar. Geçmişde bir ýetginjek ylym öwrenmek üçin, uzak şähere gidipdir. Emma medresedäki beýleki ýoldaşlaryndan yza galypdyr. Bu ýagdaý ony gynandyrypdyr. Soňra ol: «Meniň dil öwrenmäge hiç hili ukybym, başarnygym ýok» diýip, lapykeç bolup obasyna dolanypdyr. Ýolda bir gaýanyň eteginde dynç almak üçin düşläpdir, şol ýerde-de irkilip, suw damjasynyň sesine oýanypdyr. Bir görse, suw damjasynyň daşa degip, oýandygyny görüp, çuňňur pikire batypdyr. Eger: «Damja yzygiderli damyp, daşy oýup bilýän bolsa, menem öz raýymdan gaýtman, gaýtalap okabersem, ahyry maksadyma ýeterin» diýip, yzyna medresä dolanypdyr. Netijede, şol ýigit öz tutanýerliligi we sabyrlylygy bilen beýleki ýoldaşlaryndan üstün çykyp, alymlyk derejesine ýetipdir. Görşümiz ýaly, ynsanyň sowatlylyk derejesi näçe ýokary bolsa, şonça-da paýhaslylygy artýar. Jemgyýetimizde giň dünýägaraýyşly adamlaryň köp bolmagy agzybirligiň pugtalanmagynyň, ynsanperwerligiň artmagynyň, dünýäde parahatçylygyň berkemeginiň gözbaşydyr.
Dünýäniň ösüp-özgermegi, kämilleşmegi, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da ýygjamlaşmagy daşary ýurt dillerini öwrenmegi talap edýär. Çünki, ýurdumyzda ýaşlaryň döwre mynasyp sowatly bolmaklaryna aýratyn üns berilýär, bu ugurda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.
Mähri Atdaýewa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň iňlis dili mugallymy.