“Goňşular we Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklar Eýranyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biridir”. Bu barada Eýranyň Daşary syýasat edarasynyň täze başlygy Hoseýin Amir-Abdollahiýan habar berdi. Abdollahiýan, golaýda Eýranyň Parlamentinden ynam sesini alyp, Muhammet Jawad Zarifiň ýerine Eýranyň daşary işler ministri boldy.
– Ýurduň Mejlisiniň goldawy bilen Eýranyň beýik halkyna halkara arenasynda wekilçilik etmek meniň üçin uly hormatdyr – diýip, Eýran diplomatiýasynyň täze başlygy belledi.
Täze döwürde Eýranyň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurlar barada durup geçen Abdollahiýan, täze hökümetiň akylly-başly ýörelgelere esaslanýan deňagramly, işjeň we oýlanyşykly diplomatiýa alyp barmagy maksat edinýändigini aýtdy. – Goňşular we Aziýa Eýran üçin ileri tutulýan ugurlardyr – diýip, täze daşary işler ministri belledi.
Mundan ozal, Parlamentde bäş gün dowam eden çekişmelerden soň, Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň täze hökümete teklip eden 19 dalaşgäriniň 18-si Parlamentden ynam sesini aldy.
Abdollahiýan, Eýranyň öňki Prezidenti Mahmud Ahmedinežadyň döwründe Bahreýnde ilçi bolup işledi. Soň bolsa, Ahmedinežadadyň we Hasan Ruhaniniň prezidentlik döwründe daşary işler ministriniň orunbasary bolup işledi we Arap we Afrika ýurtlary boýunça işlere gözegçilik etdi.
Amir-Abdullahian 1964-nji ýylda Damgan şäherinde dünýä indi. 1991-nji ýylda daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklar institutyndan diplomatik gatnaşyklar boýunça bakalawr derejesine şeýle-de Tähran uniwersitetinden halkara gatnaşyklary boýunça magistr we doktorlyk derejesine eýe bolýar. Arap we Iňlis dillerini erkin bilýär.