Ýurdumyzda tanalýan belli žurnalist Baýrammämmet Täçmämmedow 4-nji sentýabrda 84 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Ol 1937-nji ýylyň 6-njy fewralynda Gazanjykda (häzirki Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda) dünýä inýär. Ýokary adamkärçilikli Baýrammämmet aga hakyky döredijilik zehininiň eýesidir. Ol dürli ýyllarda döreden kitaplary, oçerkleri, makalalary, edebi eserlere ýazan synlary bilen giňden tanalýar. Žurnalist 60 ýyldan gowrak ýurdumyzda çykýan dürli neşirlerde – “Sowet Türkmenistanynyň aýallary” (“Zenan kalby”), “Sowet edebiýaty” (“Garagum”) žurnallarynda, “Ýaş kommunist” (“Watan”) gazetinde zähmet çekip, “Saglyk” žurnalyna 17 ýyldan gowrak wagt ýolbaşçylyk etdi. Ol ömrüniň soňky ýyllarynda “Zaman Türkmenistan” gazetinde işläp, döredijiligini dowam etdirdi.

Suratda: Baýrammämmet Täçmämmedow ýazyjy Şamämmet Atamämmedow bilen.
Suratda: Baýrammämmet Täçmämmedow ýazyjy Şamämmet Atamämmedow bilen.