Ýewropa Bileleşiginiň ykdysady taýdan güýçli döwletleriniň biri hasaplanýan Fransiýada 2017-nji ýylyň bahar paslynda prezident saýlawy geçiriler. Häzirki wagtda ýurduň esasy syýasy wakasynyň öň ýanynda oňa dalaşgär boljak döwlet ýolbaşçylarynyň arasyndaky bäsleşik barha gyzyşýar. Respublikanlaryň dalaşgäri Fransua Fiýon partiýanyň öz içindäki saýlawlarda bäsdeşi Alen Žýuppeden öňe saýlanmagy başardy. Ol öz tarapdarlarynyň öňünde eden çykyşynda Fransiýanyň prezidenti bolmak üçin resmi taýdan dalaşgär boljakdygyny mälim etdi. Fiýony bu ynamly ýeňşi bilen ýurduň ozalky Prezidenti Nikolýa Sarkozi hem gutlady. Partiýanyň öz içinde geçirilen saýlawyň ikinji tapgyry 27-nji noýabrda geçirildi. Oňa 4 million adam gatnaşdy.
Respublikanlar partiýasynyň dalaşgäri, 62 ýaşyndaky Fransua Fiýon sesleriň 66 göterimini eýeledi. Ýurduň ozalky hökümet başlyklaryndan Fiýonyň bäsdeşi Bordo şäheriniň 71 ýaşyndaky häkimi Alen Žýuppeden öňe saýlandy.
Bilermenleriň çaklamalaryna görä, saýlawlarda Fransua Fiýonyň ýeňiş gazanjakdygyna ynanylýar. Onuň öňümizdäki saýlawda esasy bäsdeşi Milli front partiýasynyň dalaşgäri Marin Le Pen bolar. Fransua Fiýonyň dalaşgärligi mälim bolandan soňra geçirilen pikir soraşmalaryň netijesine görä, onuň saýlawyň ikinji tapgyrynda-da ýeňiş gazanjakdygy aýdylýar.
Prezident saýlawynyň birinji tapgyry 2017-nji ýylyň 23-nji aprelinde, eger şol tapgyrda ýeňiji kesgitlenmedik ýagdaýynda 7-nji maýda saýlawyň ikinji tapgyry geçiriler.