Katar 2022 Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň Günorta Amerika zolagynda Braziliýa bilen Argentinanyň arasyndaky oýunda taryhy waka boldy. Braziliýanyň Sao-Paulo şäherinde oýnalan duşuşyk başlanyndan 5 minutdan soň, braziliýaly saglyk işgärleri oýna girip, 4 futbolçyny karantina almak isledi. Şondan soň meýdançadaky wakalar gyzyşyp, argentinler meýdançany terk edip, egin-eşik çalşyrylýan ýer gitdiler. Saglyk işgärleri Angliýanyň Premier Ligasynda çykyş edýän 4 futbolçynyň Emiliano Martines, Kristian Romero, Jio Lo Selso, Emiliano Buendianyň 14 günlük karantina şertlerini berjaý etmändigi sebäpli Argentina dolanmagyny isläpdi. Mälim bolşy ýaly, Braziliýa pandemiýa sebäpli soňky 14 günde Angliýadyr Günorta Afrikada, Demirgazyk Irlandiýada hem-de Hindistanda bolan ynsanlaryň ýurda gelmegini gadagan edipdi.
Şeýlelikde, CONMEBAL duşuşygyň ýatyrylandygyny, gutarnykly netijäniň FIFA tarapyndan öňümizdäki günlerde mälim ediljekdigini habar berdi.
Futbolyň taryhynda ilkinji gezek resmi duşuşyk pandemiýa sebäpli togtadyldy.