Çernogoriýanyň mejlisi ýurduň täze hökümetiniň düzümini tassyklady. Ýurduň nobatdaky ýolbaşçy düzümi şu ýylyň 16-njy oktýabrynda geçirilen saýlawlardan soňra düzüldi.
Çernogoriýanyň Premýer-ministri wezipesine 58 ýaşyndaky Duşko Markowiç bellendi. Onuň agzasy bolan Sosialistleriň demokratik partiýasy saýlawlarda sesleriň köp bölegini eýeländigine garamazdan, bu görkeziji partiýanyň ýeke özüne täze hökümeti düzmäge ýeterlik bolmady. Şonuň üçin hökümetiň düzümine beýleki partiýalardan hem wekiller goşuldy.
Ýurduň hökümet baştutany Duşko Markowiç maksatnamalaýyn çykyşynda Ýewropa Bileleşigine agza bolmak meselesiniň Çernogoriýanyň täze hökümetiniň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri boljakdygyny mälim etdi. Onuň aýtmagyna görä, Çernogoriýa şol abraýly halkara guramalaryň düzümine girmegi maksat edinýär.