“Volkswagen” kompaniýasy Mýunhende geçirilýän halkara awtoulag sergisiniň çäklerinde täze ulagyny köpçülige görkezdi. “ID.Life” atly kiçi göwrümli ulag dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ykjam krossower hasaplanýar.
Bawariýanyň iri şäherinde şu gün öz işine başlan halkara awtoulag sergisi 12-nji sentýabra çenli dowam eder. Serginiň çäklerinde tanyşdyrylan ulagyň 2025-nji ýylda satuwa çykaryljakdygy mälim edildi. Bu model tebigy çig mallaryň we ozal ulanylan materiallaryň galyndylaryndan öndüriler. Ýokary tehnologiýany özünde jemleýän ulagda yz tarapy görmek üçin aýnanyň deregine kameralar, smartfonlar bilen sazlaşykly işleýän içki multimediýa ulgamy, sensorlar bilen enjamlaşdyrylan rul, sazlap bolýan oturgyçlar, proýektor ekran bilen gysga wagtda oýun ýa-da kino salonyna öwrülip bilinýän içki dizaýn göz öňünde tutulypdyr.
Tehniki aýratynlyklary babatda aýdylanda bolsa, “ID. Life”-yň kuwwaty 234 at güýjüne barabar bolup, 100 km/s tizlige 6,9 sekuntda ýetýär. Şeýle hem ulag eýesini ýüzünden tanaýan kamera bilen üpjün edilipdir. Ulagyň daşy reňklenende, bio esasly gataldyjy material hem-de ýonuşga ulanylyşdyr. Bu tehnologiýanyň geljekde ulaglaryň gabarasynda ulanylmak arkaly reňklemegi dolulygyna aradan aýryp biler. Ulagyň petigindäki howa deşijekleri bolan mata hem-de kapot dolulygyna PET çüýşelerden öndürilipdir. Ulagyň tigirlerini öndürmek üçin bioýag, tebigy kauçuk we şalynyň gabyklary ulanylypdyr.
Ulag bir gezekki zarýady bilen 400 kilometr ýol geçer.
Nemes brendi 2030-njy ýyla çenli dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän modelleriniň umumy ulaglardaky paýyny Ýewropada 70 göterime, Demirgazyk Amerikada we Hytaýda 50 göterime ýetirmegi maksat edinýär.