Fransiýanyň ýygyndysynda 1972-1976-njy ýyllar aralygynda 22 duşuşyk geçiren Žan-Pier Adams 73 ýaşynda aradan çykdy. Merhum futbolçy dyzyndan operasiýa bolan mahaly anesteziolygynyň ýalňyşlygyndan soň 39 ýyllap komada ýatan Adams Fransiýanyň Nim uniwersitetiniň hassahanasynda ýatyrdy. 1982-nji ýylyň 17-nji martynda koma giden Adams 1948-nji ýylyň 10-njy martynda dünýä inipdi. Karýerasy boýunça goragda oýnan Nim, Nissa, PSŽ, Mýulz klublarynda çykyş edipdi. Ol Gara gwardiýa lakamy bilen tanalýardy.